Bir gyzyň anketasyna ýazanlary

ㅡ Men erkekleri sylaýan. Olar biziñ durmuşymyzy gyzyklandyrýarlar, olar bize ellerini uzadýarlar, gapylary açýarlar, bize köýnek we süýji alyp berýärler. Olar bizi aeroportda garşy alýarlar. Olar uruş tursa, bizi goramak üçin urşa hem gidýärler. Olar güýçli, men erkekleri sylaýan.
Olar gürrüñi ýok diýýärler we biziñ kynçylyklarymyzy çözýärler. Olar biziñ yzymyzdan uniwersiteta gelýärler, bizi öýe äkidýärler. Olar bize makiýajsyz seretmegi halaýarlar. Olar bizi ellerinde göterýärler. Köçe hapa bolsa, suwly bolsa olar bizi ellerinde göterip geçirýärler. Olar bize kiçijek peridir öýdýärler we hemişe gujaklap durmalydyr öýdýärler. Biziñ çagalarymyza familiýa berýärler. Olar bizi goraýarlar.
Olardan käwagt gymmat odekolonyñ ysy gelýär. Olaryñ sözleri köplenç hereketleri bilen deñ gelýär, olar bizden köp bilýär. Olary hemişe biziñ nirededigimiz gyzyklandyrýar. Olar hemişe biziñ içen kofemyzyñ puluny töleýärler. Olar biziñ näzimizi çekýärler we dostlaryna ''Onuñ harakteri erbet, ýöne ol gaty owadan'' diýýärler. Olar bizi hemişe bagyşlaýarlar, biz bolsa olary köplenç bagyşlap bilemizok.


(ertir.com arhiwinden)
2 лайков 292 просмотров
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
XYIVENIA
31 май 2021, 07:54
Bahh mena hic kim hapa suwly yerden goterip gecirenok :)
Clever boy.
31 май 2021, 08:05
Oglanlaryn anketasy nahili bolardyka?
Şamuhammet
Автор 31 май 2021, 08:12
@Xyiwenia, arada bir oglan eline alyp geçirjek bolanda ýüzüne urupdyňa! ?
XYIVENIA
31 май 2021, 08:22
Kimka ol yadyma dusenok. Aydyp bilmersinizmi? Goterjegini bilen bolsam urmazdym :D
yyldyz
31 май 2021, 09:28
Toba..))
Şamuhammet
Автор 31 май 2021, 10:09
??????
Şamuhammet
Автор 31 май 2021, 10:13
@yyldyz, öňünden uzyn çeşme çyksa, gapdalyňda-da bir ýigit peýda bolsa göterdip geçirderdiňmi özüňi! ?
XYIVENIA
31 май 2021, 10:25
"Olar bizden kop bilyar" hakyky
Gudrat
31 май 2021, 10:29
Olar bizi hemişe bagyşlaýarlar, biz bolsa olary köplenç bagyşlap bilemizok.
?