Setirler....

Nan aglarmyş işlemedik iýende,
Don aglarmyş gazanmadyk geýende
Töhmet belasyndan Allam gorasyn,
O't aglarmyş günäsizler köýende.
.....
Doly anyklaman bärden gaýtmagyn,
Göz görmese gulak sözün aýtmagyn
Diýselerde pylan pylan edipdir,
Hemme diýilýänler çyndyr öýtmegin.

Hiç haçan umytdan düşme! Alla hem synag eder, hem synagda kömek eder!
7 лайков 164 просмотров
12комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Bentner
13 фев 2022, 19:52
Like awtory ozunmi?
Maksat
Автор 13 фев 2022, 19:55
Bendtner,
Ýok awtory özüm däl. Kim ýazanyny bilemok.
Suleyman
13 фев 2022, 20:01
Şeýle goşgulary köpetlmeli, ýazmaly, paýlaşmaly.. Ahlak ejiz bizde
Ejegyz.
13 фев 2022, 20:04
Dark_Wolf,
Hökman
Ejegyz.
13 фев 2022, 20:07
Añsatdyr dünýäbelli alym bolmak ,
Adam bolmak hemmelere ýetmeýär .
Nesip edýär erkek bolup dogulmak ,
Ýöne ölmek hemmä nesip etmeýär .

__________*___________

Adam ynamyn haklamasañ bolmaz,
Ikinjide gaýdyp saña ynanmaz .
Muny aýdyñ edýän bir hakykat bar ,
Bir ýanan otluçöp , gaýtadan ýanmaz

Şular nähili ?!
- Dani
13 фев 2022, 20:16
Цитата: Ejegyz
Añsatdyr dünýäbelli alym bolmak ,
Adam bolmak hemmelere ýetmeýär .
Nesip edýär erkek bolup dogulmak ,
Ýöne ölmek hemmä nesip etmeýär .

__________*___________

Adam ynamyn haklamasañ bolmaz,
Ikinjide gaýdyp saña ynanmaz .
Muny aýdyñ edýän bir hakykat bar ,
Bir ýanan otluçöp , gaýtadan ýanmaz

Şular nähili ?!

Бир янан отлы чоп, гайтадан янмаз?????????????
- Dani
13 фев 2022, 20:17
Bayker,
Хэмме дийилянлер чындыр ойтмегин????????
Telwas
13 фев 2022, 20:17
Ine, terbiýeleýji goşgy. Berekella, Maksat aga. Ýene gabat gelseňiz paýlaşyň.
Suleyman
13 фев 2022, 20:21
Цитата: Ejegyz
Añsatdyr dünýäbelli alym bolmak ,
Adam bolmak hemmelere ýetmeýär .
Nesip edýär erkek bolup dogulmak ,
Ýöne ölmek hemmä nesip etmeýär .

__________*___________

Adam ynamyn haklamasañ bolmaz,
Ikinjide gaýdyp saña ynanmaz .
Muny aýdyñ edýän bir hakykat bar ,
Bir ýanan otluçöp , gaýtadan ýanmaz

Şular nähili ?!


Aý, göwnüňe alma welin, bular-a entäk gowşak. Özüňkimi?
Ejegyz.
13 фев 2022, 20:23
Dark_Wolf,
Bolýa işlejek üstünde, men häli ýaş. Hawa.
Maksat
Автор 13 фев 2022, 20:23
Sagboluň agzalar, hormatyňyza.
doctor
13 фев 2022, 21:36
like oran gowy