Ýagyşly günüñ oýlary.

Herimize aýry ahmyr kän ýaly,
Ikimizem şol bir söýgiñ gurbany.
Umyt edýän ýüreklermiz başarsyn
Mundan soñra özi üçin urmany.

Bir-biregi ýazgarmaklyk ne derkar,
Ýatlamalañ azary-da ýetikdir.
"Hiç zada ýetenok"diýme göwnüme
Ilki senden, soñ bar zatdan geçipdir.

Damjalar zemini basanda bagra
Göwnüme bolmasa, adyñy tutýar.
Seret, bu gün gara geýinen asman
Soñlanan söýgüniñ ýasyny tutýar.

Mahym Nurgeldiýewa.

06.06.2021 ý.

Ýazylan senesiniñ tomusdygyna garamazdan şu gün şu goşguny paýlaşasym geldi.Çünki,ýaz ýagyşy ýaly jana ýakymly ýagyş ýagýar daşarda.Men muny ýazyñ buşlukçysy hasap etdim.Irden turanymdan bäri daşaryñ howasy özüne çekdi durdy.
Adatça işe gitjek bolup saçymy daranymda telefonymda aýdym diñlemek gylygym bar.Bu gün günüñ ähmiýetine laýyklykda ilki "Aglaýar asman"aýdymynda daradym saçymy:

Aglaýar asman
Dertlerimi bilýän dek
Aglaýar asman
Sen hem meni
Ýatlaýansyñ ahmal
Geçen sûýji günlerimi ýatlap
Aglaýansyñ
Ýatlaýansyñ.

Soñ söýgüli şahyrymyñ sözlerine döredilen "Ýagýar ýagyşy" "ýaýlyma goýberdim" :

Ýagyşly gün gaýdyp gelýän okuwdan
Garşy aldy ýene tanyş duralga...

Şu aýdymyñ mende oýarýan duýgularyny halaýan.Duralgada ýaş gyza gabat gelip,aşyk bolan talyp ýigit göz öñüñde janlanýar...Söýgüli şahyrym bilen tanyşanymda ilkinji aýdan sözlerimden biri "Ýagýar ýagyşy her gün diñleýän" diýmek bolupdy...
Soñ ejemiñ maña täze dakan adyny eşitdim:Mikki mouse :) Oñuşmazça däl.Öñki dakan atlaryna garanyñda (maşa,makga,ditdyk,nargül,nawwa,gowja zadym,bäbek,mekan...) ýene ýüze sylarlyk bar eken.
Onsoñ şu gün-ä arzuw edip,duýguçyllygyñ keýpini görüp bolan bolsañ işe gidiberseñem bolýar diýdim özüme.Ýolda ýagyş ýaganda toprakda döreýän yzgaryñ ysy burnuma urýar.Şeýle howada işe ýöräp gitmek neneñsi ajaýyp.Gyş günlerinde gar ýagan wagty özümiñ ýyljajyk otagda işleýändigime şükür ederdim.Emma şunuñ ýaly ajaýyp howada iş otagy kapasa bolýar ynsana.Onsoñ meniñ keýpim ýerine gelenligine görä çagalaram şatlandyraýyn diýdim:Çagalara-da erkinlik bermeli.Häzir barsam olara gowy görýän toý fleşkalaryny goýup berjek.Üýşüp tans ederler.Hemişeki bolşy ýaly olara goşulyp menem tans ederin.
Işe baryp ähli etsem-petsemlerimiñ puja çykandygyny gördüm.
Barlagçy gelen eken :) ...

@Belki.
3 лайков 129 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Mechta
21 фев 2022, 19:10
Ehh yagysh
Garabufer
22 фев 2022, 02:02
Nämūcin señ acyan temalarñy ,men halap okayan , özem şu aydyan sözleñ icinde yaşap okayan , (okap durkam yagyşyñ ysynam alyan , )

Yene bir zat, siz yagyşly gūnler kapasada däl , umuman kapasada .
Garabufer
22 фев 2022, 02:05
Diyjek bolyanym , gūnde şo bir marşrut, şo bir adamlar , ūssesine barlagcam bar bolsa, siz şu ramkadan cykyp garaşsyz yaşasañyzam hor bolmarsyñyz ,öydyän
Garabufer
22 фев 2022, 02:05
Tema ūcinem Minnetdar, bagtyñ bolsun ,
Belki
Автор 22 фев 2022, 06:29
Garaşsyz ýaşamak...
Bu meñ üçin mümkin däl.
Käte hemme zady taşlap ýüz ugruña tutduryp gidesiñ gelýär.Ýöne işiñ,jogapkärçiligiñ,alýan aýlygyñ hojalyk üçin ähmiýeti seni saklaýar...
Garabufer
22 фев 2022, 17:08
Dogry ,işiñ,jogapkärçiligiñ,alýan aýlygyñ hojalyk üçin ähmiýetiñ seni saklar.
Yöne wagt geler (meselem ,garrarsyñ, yada dodagyñ gögerer welin) , olar sizi saklasada, siz olary saklap bilmersiñiz .

Gysgaca aytsam, isleyşiñ yaly yaşamak ûcin , başga bir ömür berlenok şoñ ücin tabyn , yada kapasada , ramkada yaşaman erkana ucup yaşañ
Garabufer
22 фев 2022, 17:14
Egerde dūnyä inmedigem bolsañyz , kär,jogapkärcilik, ähmiyet yaşardy ,
Ýaşapdyram,ýaşaram ,
Gury şu iki arada , siz öziñizi şolara örkleýärsiñiz . (Arrygñy gynayañ)

Men bolmasamam dūnye durmazla ,diyen pikiri edip görūñ