ÝYLLAR GEÇSE, AGRASLANSAM..."

"
Ýyllar geçse, agraslansam,
Bolsa meňem özbaşyna hütdügim.
Gitsem-gelsem,
Gelsem-gitsem,
Bolmaz-a atamyň öýüne ikilik etdigim.

Pikirim özümiňki bolsun, şükürim,
Hiç kimiňkä meňzemeýän gözýaşym.
Gülküm (ýedi ädimden geçmezem ol).
Güne solan ak ýaglygym
Daňyp goýaryn depede.

Çaý gaýnatsam,
Nahar atarsam,
Durmuşda bolmaýan adamlar hakda,
Erteki otarsam.
Hemem ertekileň baryn unutsam.
Gaplary ýuwsam,
Sübse çalsam daş işige,
Soňam ugrasam işime.

Gydyrdansam, hysyrdylaň,
Içinde galmasam ýitip.
Durmuşyň gamyn iýmesem,
Indi ýaşam barýar gidip.

Aglamasam,
Aglaýsamam, duýmasa hiç kim,
Assa basyp gelsem hütdüjegime.
Göze ilmeýän çatmajygym
Gyşda aýazdan gorasa,
Az üşänmiň aýyby ýok.
Tomus jöwzadan gorasa,
Sähel derlänmiň aýyby ýok.

Ýöne welin arzuwlarmy,
Her tupana urdurmasam,
Güli gül etmegim üçin
Ýer dyrmasam, ýer dyrmasam...

Ýyllar geçse,
Paýhaslansam,
Bolar meňem özbaşyna hütdügim.
Atamyň duzuna hyýanat etmen,
Sadagasy gitdigim.
Düşegim çäge bolsa-da,
Bolsun meňem özbaşyna hütdügim,
Gitsem-gelsem,
Gelsem-gitsem...
Suray Babanyýzowa
3 лайков 151 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Atsyzatly
22 фев 2022, 10:22
"Ýyllar geçse, agraslansam,
Bolsa meňem özbaşyna hütdügim."

Suraýyň köp ýalňyşýan ýeri arzuwlaryny şu gün edip, amala aşmasy üçinem ýyllaryň geçerine garaşmasy, arzuwlar öz-özünden asyr geçsede hasyl bolmaýar.
#динара.
Автор 22 фев 2022, 10:48
Atsyzatly,
Догры
ýüreksözi
22 фев 2022, 11:13
Şu şahyryň fanady men sps paýlaşanyňa