“Goý, olaň özleri hozanak bolsun...”
(Sylapberdi Muhamow bilen Has Türkmeniň söhbetdeşligi)
Has TÜRKMEN: Sylapberdi, şü edebiýatçylar, şahyrlar, ýazyjylar, umuman, döredijilik intelligensiýasy diýen zat birtöwra adamlaryň topbagy ýaly. Daşyndan seredäýmäge olaryň hemmesi-de ylymly-bilimli, medeniýetli adamlar. Ýöne bu topbagyň içine gireniňde welin, hiç ýerde duş gelinmejek artykmaçlyklar we kemçilikler şularda gabat gelýär.
Sylapberdi MUHAMOW: Meselem?
H. Tm: Meselemi artykmaçlykdan başlalymy ýa kemçilikden?
S.M: Kemçilikden başlaýaly-la, soňra onuň üstüni artykmaçlyk bilen doldurmaga gowy bolar.
H. Tm: Makul. Ynha, seret, durmuşda adamlaryň özara gatnaşyklarynda gabat gelýän kişi hakyny iýmek meselesi. Gynansak-da, bu ýaramazlykdan döredijilik dünýäsi-de çetde däl. Ýöne bu bizde başgaçarak atlandyrylýar, ýagny plagiat ýagdaýy.
S.M: Bu janagyryly meselede meniň öz durmuş tejribämdenem mysal kän...
H.Tm: Seniň özüň-ä “Al, şuny öz adyňdan çykar!” diýip, öňüňe oklananda-da, özgäniň ýazan zadyna eýe çykmaýaň...
S.M: Ýo-ýoo... toba diý, eýe çykma nirede?! Kanagadam etmeýän oňa...
H.Tm: Şeýle-de bolmaly. Aslynda döredijilik adamsynyň zehin siňdirip ýazýan zady — onuň bagryndan, on iki süňňünden syzylyp çykýan zat, has dogrusy, perzendi. Öz jigerbendiňi, alaga-da, birine ogullyk berseň nähili bolar-aý?..
S.M: Şü, ogullyk diýeňde bir zat ýadyma düşdi, sen aýdyber entäk aýtjagyňy...
H.Tm: Sosial setleriň jemgyýetçilik durmuşymyza ymykly aralaşmagy, munuň netijesinde maglumat alyş-berişiň görlüp-eşidilmedik derejede aňsatlaşmagy, döredijilik dünýäsine öz oňyn täsirlerini-de, ýaramaz täsirlerini-de ýetirdi. Mysaly menem hut seniň özüňden alaýyn. Ynha, seniň sensassiýa döreden “Siriýaly oglanjygyň soňky sözleri” atly goşgyň bardy...
S.M: Hawa, bilýän. Käbir saýtlarda ol başga biriniñ ady bilen gitdi. Kerim Hallymydy şol?
H.Tm: Gep onuň kimliginde däl. Meň aýtjak bolýan zadym, şol goşgynyň sähel salymda internet saýtlary arkaly başga biriniň ady bilen ýaýranlygy (özi ýa-da başga birileri tarapyndan ýaýradylandygy). Özem internet saýtlaryna aktiw girýän we ýazgylaryny paýlaşýan bir awtoryň bu zatlardan habarsyz bolan bolmagy, megerem, ýeri gelende, käbir galamdaş hasaplaýan egindeşlerimiziň şular ýaly göz-görtele plagiatlyk etmekden çetde durmajaklygyny görkezýär. Iň bolmanda, “muşdaklaryň” boş öwgülerine bukulman, orta çykagetdin: “Aý, halaýyk, şu goşgy meňki däl, ýalňyşlyk bilen meniň adymdan ýaýradylypdyr” diýip öz okyjylaryndan we goşgynyň asyl awtoryndan ötünç soran bolsa, has abraýly bolardy... Şuňa meňzeş ýagdaý meniň öz döredijilik durmuşymda-da gaýtalandy. 2007-nji ýylda “Nesil” gazetinde çap edilen ýaş şahyrlaryň goşgularyny “Garagum” žurnaly ““Nesil” gazeti bizde myhmançylykda” ady bilen gaýtadan çap etdi. Şonda meniň “Gürsüldi” atly goşgym meniň goşgularym ýerleşdirilen sahypanyň öňýanyndaky sahypada Batyr Çaryýewiň adyndan berilipdir. Bilemok, bu redaksiýanyň harsallygy bilen bolan zatmy ýa maňa näbelli başga sebäpler barmy... Gepiň keltesi, (özümi hasaba alamok), ne redaksiýadan bu gödek ýalňyşlyk üçin indiki sanynda okyjylaryndan ötünç soraldy, ne-de Batyr Çaryýew ýaly hormatlanylyp ýörlen medeniýet işgärinden ötünç geldi...
S.M: Gel, onda ha-ass türkmençeläli, Has Türkmen dost, meselä gereginden artyk üns berýärsiň. Men öz goşgularymy aşa gowy görýärin. Galyberse-de, goşgynyň asyl nusgasyna şu gürrüňe sebäp bolan fakt ýüze çykmanka birnäçe ýyl mundan öň özüň tanyş ahyryn. Ikinji nusgada ýaýradylan ýazgyny men-ä goşgy hasaplap biljek däl, oňa bir söz bilen “boşgy” diýseň bolar. Soňky “boşgy” meň goşgymdan ep-esli dereje ýoýulan we ýöntemleşdirilen.
H.Tm: Umuman, okaýan zatlarymyza käbir tankydy belliklerimizi bildirsegem, edebi tankyt meselesinde agramly makalalary ýazyp ýörmämizsoň, bu babatda anyk bir zat diýip biljek däl. Onsoňam känbir halabam baranoklar, tankydy bellikleriňi ediberseň. Edil sen tankyda dözümsiz däldigiňi bilýänem welin, onda-da, haýsyňyzky goşgy, haýsyňyzyňky “boşgy” — ony wagt çözer.
Döredijilik dünýäsinde (men bu dünýäniň niresinde, ony bilemok) ýene bir zat bar, tankyda dogry düşünmeýändiklerinden we dogry düşünmän tankydy belligi edeniň özünden (esasanam şahsy durmuşyndan) kemçilik gözleýändiklerinden ötri ýene bir zat bar: käbir gowy-gowy ýazyjy-şahyrlarymyzyň köplenç diýen ýaly bir-birlerini gaýybanasynda püçege çykarjak bolma häsiýetleri bar.
S.M: Gatnaşýan ýaşuly ýazyjymyň biri şunuň bilen baglanyşykly gürrüňi aýdypdy. Şol wagt döredijilige ýaňy gadam basan ýaşlar Beki aganyň (Beki Seýtäkow) ýanyna baranda “Ýaňy Han dädäniň öýüne degip geçdik. Birtüýsli adam eken-aý ol. Ýene sizden gowsy ýok” diýýäs welin, monça bolup “Aý, adam däldir ol...” diýýär-de, redaksiýalyk islendik işiňi bitirip goýberýär diýýär. Soň ýene bir gün Han dädelik (Hangeldi Garabaýew) işleri çykanda onuň ýanynda “Beki agadan bir zat haýyş etdik welin, bitirmed-äý. Ýene senden erkegi ýok...” diýen badyňa Ýazyjylar birleşiginiň Daşoguz welaýaty boýunça jogapkär sekretary wezipesinde oturan adamyň ýanynda bitmejek iş ýokmuşyn...
H.Tm: Ynha, hut şolam biziň käbir çemeçil ýazyjy-şahyrlarymyzyň derdiniň il-gün däl-de, öz şahsy hysyrdylarydygyny görkezýär.
S.M: Umuman, şular ýaly gürrüňler bilen baglanyşykly ýatlamalar mende-de bar.
H.Tm: Sen maňa görä alanda ýaşyň uly, köpi gören, şeýle-de halypalarymyzyň köpüsi bilen duz-emek bolan, gatnaşan adam. Okyjylary çeper eserden zyýada ýazyjylaryň özara gatnaşyklary has gyzyklandyrýandygyna görä, olary makalalaşdyrmak niýetiň ýokmy?
S.M: Bar, elbetde. Mysal üçin Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kakabaý Ylýasow bilen baglanyşykly ýatlama makala ýazmak iş meýilnamamda bar. Reýimbaý aga (Reýimbaý Sabyrow) hakyndaky makalamy özüňem bilýärsiň.
H.Tm: Soňky döwür prozada haýalladyň öýdýäň. Täze ýazan ýa-da ýazjak bolýan zatlaň ýokmy?
S.M: Dogrudanam, döredijilikden birhili el sowap barýar. Iş-alada, eklenç biraz basmarlaýamy ýa-da öňki döwür bilen deňeşdirende häzirki wagtda çeper edebiýatyň muşdaklarynyň azalyp, şo netijede-de ýazasymyz gelmeýärmi, bilmedim näme bahana. Öňki ýazanja hekaýalarymyň boýuna guwanyp oturaýmaly bolduk öz-ä.
H.Tm: Hekaýalaryňda batyrgaýlyk bardygyny boýun almaly. Stilistikaň güýçli, halypa eli görendigiň bildirýär. Beýlekilerem erbet däl welin, “Aýagy düşen gelin” hekaýaň maňa juda üýtgeşik täsir etdi. Okyjynyň aňynda hekaýanyň ahyryna çenli täze gelen gelniň uýatsyz keşbi dikelýär. Baý aganyň jynazasyna ýetýäň welin, ýagdaý düýbünden üýtgeýär. Paradoksy ussatlyk bilen işläpsiň. Sylapberdi, iş-alada, eklenç diýdiň welin, seň bilen baglanyşykly bir zat ýadyma düşdi. Bi, ýaşlaryň arasynda çagyrylsa-çagyrylmasa, jemende üýşse boldy, şowhun-şagalaň bardygyny bilse, sokjarylyp ýören bir şahyrsumak bar (kimdigini eýýäm bildiň). Şoň ýalan patarrakysyna görä, ol Hytaýda žurnalistika fakultetinde okanmyşyn we kurs işimi ýa diplom işimi, belli däl, seniň Ýylanlydan Daşoguza gatnap işleýändigiňi, häzire çenli iş ýeriňe golaý ýerde jaýyň ýoklugyny, aýlygyň ýarsynyň ýol puluna gidýändigini, döredijilik adamsynyň sosial üpjünçiliginiň pesligini görkezip statistiki makala taýýarladym diýipdi. Elbetde, oňa ynanýanam ýok, häsini berýänem. Hamana, ol bu makalasy sebäpli, elinden diplomy alynanmyş we döredijiligine çäk goýlanmyş..))
S.M: Behh, özüm barada özümden habarsyz olar ýaly zatlaram bolup ýörmi?
H.Tm: Atlandyraýynmy şonuň kimligini?
S.M: Bildim. Atlandyrma, gerek däl! Beýle ýalan-ýaşryklary ýaýradýanlaryň ady bilen negözel gürrüňimizem porsatma we şu gürrüňdeşligimizi okajak mähribanlaryňam ýüregini bulama. Ol äteňenälediň köneürgençli şahyrymyz Merdan Baýat bilen şahyr zenan Aýgül Garaýewanyň durmuş toýuna gelende (çagyrylmasa-da!) gördük näderejede meýlisdagadar ýigrenji mahlukdygyny.
H.Tm: Habarym bar. Ýaş şahyrymyz Rahat Şyhyýew hem zeýrenip ýördi şondan, nirden bile barypdyryn toýa diýip. “Ýigidi dostundan tana” diýleni-dä. Adam pahyr ýolda-yzda säwlik bilen birki gezek ýoldaş bolan adamsynyň hakyky keşbini tanansoň, soňra şoň bilen “bile tirkeşýärdi” diýip ýatlanmagynam islänok...
S.M: Özüň bu günler hiç zat ýazaňokmy?
H.Tm: Ýok. Dogrusy, seň iş-alada diýýän bahanalaryndan menem basylýan. Ýazmak üçin eliboşluk gerek, arkaýynlyk gerek, sosial aladalardan mahrumlyk gerek. A biz bolsa hemme zada ýetişjek bolýarys, hiç zada ýetişip bilmänem, garabaşymyza gaý bolup ýörüs.
S.M: Kakamyrat Ataýewe şu babatda gaty gözüm gidýär.
H.Tm: Nähili?
S.M: Kakamyrat aga gündelik režimini doly bölüpdir, tertibe salypdyr. Günüň belli bir sagadyny hökman ýazyp geçirýär.
H.Tm: Oňa “içeri işler ministrimiz” bolan keýwanylarymyzyňam oňşugy gerek. Gelnejemiz gowudyr.
S.M: Hawa, Kakamyrat aganyň maşgalasam şoňa görä sazlanan.
H.Tm: Adama görmän-bilmän baha bermek kyn. Ýalňyşsaň, ahyrynda öz diliň gysga bolýan ýeri az däl. Edebiýatam şolar ýaly. Ýazyjyny okaman ol barada netije çykarmaly däl. Ýaňky atlandyrmakdan gaça duranymyz ýaly edebiýata täze we birden gelen parazitleriň biri Kakamyrat aganyň döredijiligi barada meniň ýanymda diýseň nälaýyk gürrüňleri edýärdi. Menem ýaşlygymy edip, ol albassynyň käbir sözüne ynanmanam durmadym. Ýöne hernäme-de paýhasy elden bermän, ilki bilen Kakamyrat aganyň öz eserleri bilen tanyş bolaýyn, eser derejesindemi ýa däl, soň karara geleýin diýip, romanlaryny bermegi haýyş edip, özüne habar ýolladym. Görüp otursam, Kakamyrat aganyň ýazygyna galyp oturan bolsam nätjek ýa-da onuň eserlerine beren käbir nälaýyk baham üçin ol menden ýokuş görüpdir, garaz, “Okasyň gelýänligi çyn bolsa, internet saýtlarynyň birinde ähli romanlarymyň we hekaýalarymyň elektron görnüşi goýuldy, al-da, okaber” diýip jogap berdi. Tüňňerlen bolup, şol wagt-a okamadym. Soň Kakamyrat aganyň özi bilen ýüzbe-ýüz gürrüňdeş bolanymdan soň onuň eserlerini okap başladym. Ynanmarsyň, onuň “Ölüp-direlen” romanyny işden gelenimde agşamara okap başlaýşyma, ýaňy “ölüp-direlen” ýaly, şo gije okap soňuna çykdym. Romanyň beren täsiri tas bir hepdä ýetdi. “Owadan gyzyň maňlaýy” hekaýasyny okamda hekaýanyň gahrymanlaryna dagy on bäş günläp nebsim agyryp goýmady. Muny onuň özüne-de aýdypdym. Hakykatdanam ussat ýazyjy. Haçanam bolsa bir wagt edil şu ýaşap ýören döwrümiziň prozasy diýlende ilki göze iljek Kakamyrat aganyň eserleri bolar. Ikimiz ýaly ýaltadan olar ýaly ýazyjy çykýança, halk entek kän garaşmaly bolar. Sähneler ýaly yzyny-öňüni tapman ýörenler, Agageldi Allanazarow aýtmyşlaýyn, “edebiýata bir degip gaçsa, edebiýatam olara bir depip gaçýar”. Kakamyrat Ataýew şoňa aňryýany bilen düşünýän ýazyjy.
S.M: Döwürdeşlere nähili baha berýäň?
H.Tm: Meselem, kimlere? Döwürdeşler diýende hemmesini okab-a ýöremok. Oňa wagtymam ýok. Saýlap-seçip az sanly okaýan awtorlarym bar.
S.M: Seýitmyrat Geldiýewi neneň görýäň?
H.Tm: Seýitmyrat aýylganç ýazýar. Başardygymyzdan özümizem her goşguda, iň bolmanda, bir könelişen sözi ýa-da täze sözi girizmäge, täze metaforalary ýasamaga üns bersegem, käte Seýitmyradyň ýalaw ýaly duýguly metaforalarynyň öňünde asgyn gelýändigimi guwanç bilen boýun alyp biljek. Öz duýgular dünýämden, serimden geçýän şeýle tanyş pikirleriň meniň beýan edişimden has kämil görnüşde ýaňlanyşyny görenimde goşgyny özüm ýazan ýaly, goşgyň gahrymanyna özüm ýüzlenip duran ýaly duýýaryn, duýgulanýaryn. Elbetde, “Palmoliwler güllände gel” diýen ýaly geografik mentalitetimize mahsus däl we ýerliksiz metaforalary-da mahal-mahal ulanýar.
Kakamyrat Rejepowy hasaba almasak, okyjysyny şolar ýaly özüne badaşdyryp bilýän başga ussat liriki şahyr bardyram öýdemok. Ýöne bu iki döwürdeşimiz barada meniň ýene-de bir şahsy pikirim bar: Kakamyradam, Seýitmyradam ýetjek kämillik derejesine ýetip dyndylar öýdýän. Kämilligiň bolsa çägi ýok. Tüweleme, olaryň ikisem wezipeli orunda (ylaýym bolsun). Megerem, kürsi bilen çyn şahyrlygyň ýoly hiç haçanam bir bolan däl bolsa gerek. Üns berseňiz, ikisiniňem döredijiliginde öňküler ýaly täsin wulkanik partlamalar ýokdur. Aknur Rozyýewa diýip bir gowy şahyr bardy. Okuwy gutaransoň serhet uprawleniýesine işe geçdi, onuňam bady gaýtdy. Laçyn Pürjäýewa diýseň şol pürjeligini edip ýör. Alymlyk kursuny okap, indi çeper döredijilige göwnem ýetenok. Gaýtam, “Indi meniň gözüme şygryýet oýun ýaly bolup görünýär” diýip, bar ünsüni ylmy-populýar makalalara berdi. Seýran Otuzowyň goşgulary gowy, hekaýalaram özboluşlyja. Agageldi Allanazarow bilen söhbet edenimizde Bäşimow diýen ýaş ýazyja göwni ýetýändigini, şoň bir zatlar etjek bolýandygyny aýtdy. Maksat Bäşimowmy diýsem, adyny anyk serine aýlap bilmedi. Gynansak-da, prozada çykyş edýänleriň hatary seýrekläp barýar, täze nesildenem olaryň postuny dolduryp bilýänler az, drama eserlerini ýazýan-a asla ýok diýen ýaly.
S.M: Soňky ýaşlardan Mukam Muhamow erbet däl-ä?..
H.Tm: Mukam gowy şahyr. Ýöne gapdalynda, ýeri bolsa-bolmasa, ony el çarpyp götergileýänler bar (ýa, bilemok, gözümiz çöňňelişip, biziň gözümize şeýle görünýär). Özi nähili garşylaýar, ony bilemok, ýöne hernäçe sowukganlylygy elden bermeseňem, ýerliksiz öwgi adamyň kalbyna wirus kimin aralaşyp, ýaramaz täsirini ýetirip bilýändir.
Ýene-de tekrarlaýaryn: Mukam gowy şahyr, ýöne Seýitmyrat bilen Kakamyradyň derejesinde däl! Onuň öňünde entek külterlenmeli uzyn-uzyn ýollar bar.
Mukamdan başga-da, Aşyr Aşyrow, Sapa Hommadow, Muhammet Bekgiýew ýaly ýaş gowy şahyrlar bar. Sapa zaňňaryň-a bileni-biteni söýgi temasy. Pesden uçmajak bolmaly. Ýykylsagam, belentden ýykylmaly.
Edebiýatda kimiň kimligini seljerip bolmaýanlygy ibaly edebi tankydyň ýoklugyndan gelip çykýar. Dura-bara ol ýetmezimizem düzeler-dä...
S.M: Täze sözleri, meňzetmeleri tapjak bolýan diýdiň welin, tapjak bolaňok sen, tapýaň. Öňem bir ýerde ýazypdym, ýazyjy Osman Ödeden soň edebiýatymyza arhaizm sözlerimizden we täze sözlerden iň köp getirýän senden başga ýogam. Muny är kimin boýun almak gerek.
H.Tm: Munyň-a eýýäm öwgi bolýar.
S.M: Ahmet Mele, Umyt Küle, Wepa Pirnepes?
H.Tm: Gynansak-da, seniň bu agzan kärdeşleriň eserleri bilen henize çenli tanyşmak mümkinçiligi bolmady.
S.M: Birini gowy bilip, birini bilmezlik ýa-da körekörlükden ýaňa bilmezlige salmaklyk bilen şu günki edebiýatymyza baha berip bolarmy?
H.Tm: Ýok, baha berip bolmaz, elbetde. Şu günki türkmen edebiýaty beýle-de dursun, töweregimizi gurşap alýan doganlyk döwletleriň şu günki edebiýatyny, türki halklaryň we dünýä edebiýatynyň şu günki ýagdaýyny bilmän edebiýatymyza dogry kesgitleme bermek, o eýle, bu beýle netijä gelmek mümkin däl. Şolarsyz gelinen netije-de dogry däl! Şonuň üçin ýokarky aýdanlarymy gutarnykly seljermedir öýtme.
Hany sen, ýaňy plagiatlyk bilen baglanyşykly bir zatlary ýazjak diýen ýaly etdiň...
S.M: Mämmetnazary-ha bilýäň?..
H.Tm: Hawa, ýeri bakaly? Mämmetnazar Babanazarow dälmi? Onuň “Mert kişiniň öwüdi” goşgusynyň owazy ruhy gimnim ýaly sähel ynjan ýerimde gulakda ýaňlanyp dur. Ýöne Mämmetnazar aganyň aşa içegenligi zerarly oňa içjek çakyryny äkidip berip goşgy ýazdyryp, metbugat sahypalarynda biraz salym “parlanlaryň” bolandygynam daş gulagrakdan eşidipdim.
S.M: Ynha, meniňem aýdýanym şol-da! Olaryň biri Hudaýberdi Mätjumaýew, beýlekisi Täçmyrat Artykgulyýew. Täçmyrat aga-ha birwagt pahyr bolup gitdi, häzir men şonuň gazetlerde çykan goşgularyny toplap ýörün, hemmesini jemläp, Mämmetnazar Babanazarowyň goşgulary diýip okyjylar köpçüligine hödürläsim we bu barada giňişleýin tankydy makala ýazasym gelip dur.
H.Tm: Hökman ýazmaly. Goý, birwagt Mämmetnazar aganyň kyn gününde, öz islegi bilenem bolsa, onuň hut öz eli bilen kesekä berlen “ogullary” öz hak hossaryna gowuşsyn. Goý, döredijilige gelýän ýaşlarymyz hem irde-giçde beýle gözboýagçylygyň (bu gözboýagçylyga ilki bilen döredijiligini satmaga mejbur bolanlar däl-de, özgäň eserini satyn alyp köpe çykýanlar utanmaly) ýüze çykýandygyny görsünler. Bu gelejekde şeýle plagiatlygyň döremegine garşy hem gowy profilaktiki täsiri bolar. Dagy-duwara suw meýilli gurbagalaryň şeýtmäge bogunlary ysmaz.
S.M: Internediň jemgyýetçilik durmuşymyza aktiw ornaşmagy bilen internet şahyrlary-da köpeldi. Haý-haýly internet şahyrlary barada aýtjak zadyň barmy? Meselem, Hanzalym, Ylh..
H.Tm: Boldy, boldy, bes edäý, Sylap dost. Tankyt tankyda mynasyplar üçin edilýär, edebiýata azda-kände nepi degjek adama edilýär. Edebiýatdan ýedi müň çakrym daşdakylara öz töweregi baha bersin. Galyberse-de, her kim öz derejesinde ýazar geçer gider. Ýazylanlary bolsa wagt öz süzgüjinden geçirip, löderesini eýesiniň maňlaýyna ýelmäp dur. Öwezdurdy Nepesow bir gezek: “Bir ýazyja iň adyl bahany onuň özüniň we dost-ýarlarydyr duşmanlarynyň ölüp giden wagtyndan soň 100 ýyl çemesi wagt geçensoň berip bolar” diýipdi. Bu belli bir derejede dogry. Häzir Berdi Kerbabaýewiň, Hydyr Derýaýewiň, Ata Gowşudowyň, Nurmyrat Saryhanowyň, Agahan Durdyýewiň döwürdeşlerinden kim bar? Hemmesi geçip gitdi. Indi şol läheňleriň edebiýatda bitiren hyzmaty açyk-aýdyň görnüp dur gerek? Häzir biziň islendigimizem şolara iň dogry ýa-da dogrusyna ýakyn pikiri aýdyp bilýäris. Wagtynda şolaryňam birdir ýarymy biri-birine basdaşlyk edip, maksatlaýyn we birtaraplaýyn tankydy gurnanlary bolupdyr.
Tankyt etmelidir diýilse-de, hemme ýerde hemme zada öz pikirimizi aýtmaga tankytdyr öýtmäliň. Bu beýle däl. Mirasgär ýazyjy Aşyr Salyh aýtmyşlaýyn, “goý, olaň özleri hozanak bolsun, şu näme üçin meniň ýazanlaryma öz pikirini aýtmaýarka diýip...” Biziň pikirlerimiz saňa adyny agzatmadyklarymyzyň goşgypisint samramalary ýaly arzanmy näme?
Biziň bu söhbetdeşligimiz halypa ýazyjy Osman Öde bilen türkmen şygryýetiniň gaýtalanmajak läheňi Nobatguly Rejepowyň “Adamlar — daşy jiltlenmedik kitap” atly söhbetdeşlik kitabyna meňzedi. Şonuň üçin söhbetdeşligimizi orta bilinden kesip, dowamyny soňky gezeklere goýaýaly. Gulagyňam garny ýok. Edil Nobatguly aga bilen Osman agaňky ýaly çuňňur we manyly bolmasa-da, şu we indiki dowam etjek söhbetdeşliklerimiziň okyjylarymyzda gowy täsir galdyrjakdygyna ynanýaryn. Belkäm, motiwasiýany galdyrmak üçin söhbetdeşlige başga-başga galamdaşlary-da dahylly edip, has täsirli ýagdaýda dowam etdireris.
S.M: Oňlaýan, ýöne soň bu gürrüňdeşlikleriň awtory kim bolýar?
H.Tm: Gürrüňdeşlige gatnaşanlaryň hemmesiniňki!
Çeşme: www.site

10комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.