Agyryly diş
Näçe gündir dişim agyryp, ters aýlandym. "Beýdip uwlap oturanyňdan bar-da, diş doktoryna ýüz tut" diýip, aýalym maslahat berdi.
Bardym. Kabinetiň agzy uly nobat. On-onbäş adam bardy. Birdenem diş doktory daş çykdy-da:
- Hany, hemmäňiz agzyňyzy açyň, "a" diýiň - diýdi. Biz çaga ýaly agzymyzy açdyk.
- Sen ýör kabinete - diýdi-de, wraç meni alyp gidiberdi.
Diş doktory dişimi barlap gördi.
- Sogurmalymy. Hany, ol oturgyja geç.
Geçdim. Ol sanjylýan temenini dermandan dolduryp ujuny ýokaryk uzatdy-da, bir-iki gezek çüwdürtdi. Soňra ýanyma gelip:
- Agzyňy aç - diýdi.
Açdym. Öz aýagym bilen baryp, bela galan bolsam nätjek? Dişiň düýbündäki etiň agyryşy aýdar-diýer ýaly däl eken. Arkan gaýşarsaň oturgyç goýberenok. öňe gitseňem temen. Munuň üstesine depämden bir eli bilen basansoň... diňe gygyraýmak galdy. Meniň sesime bir topar medbratlardyr medsestra ylgaşyp geldi. Olar gapyny açyp bir seretdiler-de:
- Hä, dişini sogurýan ekenler - diýip, çykyp gitdiler. Doktor temenini sogrup aldy-da:
- Dogry düşen bolsa-ha sançdyk - diýdi.
Birsalymdan dilim doňan ýaly boldy. Gymyldadyp görsem edil başga biriniň dili ýaly. Içimden "Be-e, dilimi sograýjakmyka?" diýdim. Doktoryň atagyzydyr, beýleki zatlary şakyrdadyp ýanyma üýşürmegi güýlüngli ýatan janlynyň gapdalynda pyçak igeleýäne meňzedi. Ol eline bir ujy egri demri alyp, ýene-de agyryly dişimiň daşyna geçdi.
Bujagazlar hiç ekeni. Dişimi sogruşyny-ha aýtmaýyn, aýtsam senem aglarsyň. Daşaryk çyksam, nobatda duranlaryň hemmesi gaçyp gidipdir. Öýe geldim. Ýatdym, turdum, emma dişimiň agyrysy aýrylanokdy. "Ýeri agyrýarmyka ýa gapdalyndaky diş agyrýarmyka?" diýip aýna seredip, agzymy açsam, şol öňki agyryly dişim öňküsi ýalyjak bolup joňkaryp otyr. Diş doktor daşyna gyzyl gaplanan ekeje dişimi gyzyly-beýlekisi bilen şatladyp, sogrup alaýan bolsa nätjek?

7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.