Dişiňiz agyrmasyn!...
Öňdenem dümewden açylyp bilmän kösenip ýörşüme, iki dişim birden agyryp, şeýlebir azar berdi welin, her hili zatlary göwnüme getirip, oýa batyp başladym. Öňler dişim agyrsa, diş lukmanyň ýanyna baryp, daşynda nobat belledigim bes, diş agyrym zym-zyýat bolaýýardy. Bu gezek tas janymy alypdylar. "Ikiňiziňem ýoguňyza ýanaýyn-la" diýip, bardym lukmanyň işiginden. Nobata durdum. Şol wagtam lukmanyň otagyndan iňňildi ses eşidildi. Soňabaka, ol iňňildiniň yzy gaplaň arlaýan sese öwrülen ýaly boldy... Birsalymdan, bir pyýada dişini tutup, otagyň daşyna çykdy. Meniň dişlerimiň Ilki bada ikisiniňem agyrsy birden aýryldy duruberdi. Men "gaýdaýsammyka ind-ä dişlerim agyryp duraslary ýok-la" diýip, yzyma gaýtdym. Geldim öýe. Agşamlyk edinmek üçin saçak başyna baranymam şoldy welin, dişlerim biri-birinden beter sanjyp janymy alyp barýalar. Bolmady. "Indem bir sizi edişime serediň" diýip, Diş bejeriş merkezine jigim bilen bile bardyk. (Özümem ölen ýaly gorkýan) Nobata durdum, dişlerim ýene köşeşdiler. Men içimden: "Ýook, indi men sizden aldanmaryn, şu günüň özünde siz bilen hökman bellisini ederin..." diýdim-de, çynym bilen yzyma gaýtman saklandym. Nobatym ýetip geldi welin, yzymdaky durana, "Baryň ilki siz giräýiň, men yzyňyzdan girerin" diýe, diýe, nobatlary tamamladym. Ahyry, iň soňuna men galdym. Jigimem her gezek nobatymy geçirip durşuma hezil edip gülýär. Dogrusy, öz gülkümem gelmän durmady, ýöne gorkyma özümem näme işleýänimi bilýän däldirin-dä. Jigim: "Mert bol, Alla şypa bersin!" diýdi-de, meni sag aman lukmanyň ýanyna saldy. Lukman: -Geliň, geçiň!- diýýen bolup, hamala myhmançylyga çagyran ýaly, güler ýüz bilen garşy aldy. Men yzyma, açyk duran gapa tarap seretdim-de, oglan jigimi ýanyma çagyrdym. Lukmana-da: "Jigim ýanymda duraýsyn, birden bir zat bolaýsam..." diýdim. Lukman ýylgyrdy-da: -Girsin, girsin-diýdi. Men öň diş sogurdyp görmänimden soň, näme etjegimi bilmän, aljyrap, ellerimi owkalaşdyryp durdum. Göwnüme bolmasa, üşeýänem ýaly, gagşap başladym. - Şu ýere geçäýiň- diýip, lukman uzyn goňurja kreslony görkezdi. Kreslo geçýänçäm, aýaklarym diýenimi etmän, bir-birlerine çolaşyp, zordan geçip oturdym. Oturan ýerimem oturylýan ýerem däl, ýatylýan kreslomy nämemi, dikelip oturyp bolman, aşak typyp durun. Lukman aljyraýanymy duýdy öýdýän: -Arkaýyn arkaňy ýapla-da agzyňy aç, göreýin-diýdi. Men azar beren närseleriň ikisinem görkezdim. -Hmm, dogry... Häzir gül ederis bulary-diýdi-de, sanjym taýýalrap durşuna dişlerimiň haçandan bäri agyrýanyny soraşdyran boldy. Soňam ýanyma geldi. -Hany, agzyňy aç! -Wi, näme üçin? -Sanjym edeýin-dä. -Agzyň içinden sanjym edilýämi näme? -Dişiň düýbünden sanjym etmesek, dişiňi aýranymda, agyry duýarsyň, çydamarsyň-diýdi. -Dogtor, bolýa welin, azajyk garaşyň-diýdim-de, jigimiň ýüzüne seretdim. Jigimiň meniň bolup durşuma öňem gülküsi tutup duran bolarly, ýüzüne seredenimden eşidiler-eşidilmez ses bilen gülüp başlady. "Çagamy sen, lukman näme diýse, ediber-dä" diýdi. - Diş agyrym aýryldy, gaýdybereli-le-diýdim. Lukman güldü-de: -Sen ahyr soňy, barybir ýene geljek ýeriň şu ýer, gel, onuň üçinem aýraly, agyryly dişler saňa hezil bermezler-diýende, dogrudanam, dişlerim bilen söwüşligim ýadyma düşdi. Allany çagyryp, kelemäni üç gezek okap, sanjymy gygyryp-bagyryp, zordan etdirdim. Sanjymdan soň azajyk garaşmaly eken. Agzymyň içi birhili bolup, dişim bilen bilelikde dilimem doňdy duruberdi. Men lukmana: -Zukman, azzymyň içi bizhili bolýa, bozmalysy seýlemi?-diýip, dilimiň ýagdaýyna görä gürlemeli boldum. Lukman "hawa" diýýän yşarat edip, nämedir bir zatlar ýazyp oturan ýerinden jogap berdi. Meniň bar oý-pikirim agzymyň içi, dilim şol doňaklygyna galaýmaly ýaly alada galdym. -Zukman, azzymyň içi indi hemise seýle bola duzazmyka? Dilim aýlananok-la- diýdim welin, jigim duran ýerinden: "Beh, şonda-da gürlejek bolup dursuň, azajyk garaşmaly, soň hemme zat düzelip gidýä" diýdi welin, ynjalyp, agzyma suw alan ýaly bolup oturdym. Lukman söweşe taýýarlyk görýan ýaly, bar enjamlaryny şakyrdadyp, işe girişip başlady. -Hany, agzyňy aç! Men agzymy açdym. Lukmanyň elindäki enjamlary görüp, sussum basylyp başladym. Ol maňa golaýlaşyp geldigiçe ýüregim lorkuldap agzymdan çykaýjak bolup durdy. Lukman maňa elini uzadanam şoldy, iki ellerinden şapba ýapyşdym-da: "Duruň!" diýdim. Lukman durdy. Onuň ellerini goýbermän, saklap durşuma hezil edip, uludan bir dem aldym. Soňam, ellerini goýberdim. Ol ýene agzyma golaýlaşdy. Ýene-de: "Duruň!" diýip, ellerini sakladym. Lukman görgüli gaty giň adam eken. Ýene saklandy-da "Indi näme?" diýdi. "Kelemämi bir gaýtalaýyn birden bir bolmasyz iş bolup gidibersem..." Jigimiň gülküsine lukmanam güldi: "Indi gorkara zat ýok, aýraly bu azar berýän dişleriňi" diýdi. Men ýüregimi bire baglap, içimden Kelemämi birnäçe gezek gaýtaladym-da, ýene agzymy açdym. Bu gezek lukman maňa "Duruň" diýmäne pursat bermedi. Bolsada bir diş-ä sogruldy. Lukman maňa: "Görýäňmi, saňa azar beren dişi" diýip, uzyn kökli çüýrük dişi jüpdek bilen saklap durşuna maňa görkezdi. Men dişime gelip duran gaharymy daşyma çykaryp: "Nejis" diýenimi duýman galypdyryn. Ikinji dişi aýranda gürlemäne-de mejalym galmady ...
Hiç wagt dişiňiz agyrmasyn! Agyrsa-da ýanyňyz adamly diş sogurtmana gitmäň! Şeýdip, agyryly dişlerimden dynyp öýe geldim. Gelsem geldim, welin, bu başdangeçirmäniň gürrüňi öýde henizem dowam edýä. ) Saglyk ýanyňyzda hemişe kölge bolup ýöresin, gadyrdanlar! Saglygyňyza gowja serediň!
MILANA
Hiç wagt dişiňiz agyrmasyn! Agyrsa-da ýanyňyz adamly diş sogurtmana gitmäň! Şeýdip, agyryly dişlerimden dynyp öýe geldim. Gelsem geldim, welin, bu başdangeçirmäniň gürrüňi öýde henizem dowam edýä. ) Saglyk ýanyňyzda hemişe kölge bolup ýöresin, gadyrdanlar! Saglygyňyza gowja serediň!
MILANA
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.