Lukman gyza (degişme goşgy)

Üsgürip başladym, sowuklapdyryn,
Hassahana bardym sagaljak diýip,
Şol pursat lukmanyň gyzam gelipdir,
"Ejemiň ýanyna sowuljak" diýip.

Ine-de duşuşdyk. Al gerek bolsa!
Seni görüp öz-özümi unutdym,
Näme diýjegimi bilman lukmana,
Elim bilen çep gursagymy tutdum.

- Ilki ýüregimi diňläýiň lukman,
(Goý diňläp gyzynyň adyny eşitsin)
Meger, ejeň aňmadyk bolarly derdim,
-Ýüregiň sag sen mazaly üşäpsiň.

...Lukman men hem ýanyp, hem üşäp ýörün,
Ähliside başlanypdy yşkdan,
Sagalaryn derdi beren bejerse,
Rugsat beriň gyzyňyza aşyk men.

Duşuşygy wada beren ýerinde
Indem gülüp dur ol kalbymy otlap.
5 лайков 229 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Kalp doctory
25 фев 2022, 13:04
Mana degishimay bi telefon
ýüreksözi
Автор 25 фев 2022, 13:09
kalp doctory,
howwa saňa degişli oglanlary gyrgyna berip ýörsüňä
Mechta
25 фев 2022, 13:39
Ejesi dogtar gyza yazlypdyr oyudyan
ýüreksözi
Автор 25 фев 2022, 13:41
felicita,
howwa ejesi dogtar eken
Kalp doctory
25 фев 2022, 13:52
ýüreksözi,
hehe mena MUGALLYMYN GYZA ONNA ADRES YALNYSH swist
ýüreksözi
Автор 25 фев 2022, 14:02
[quote=kalp doctory]ýüreksözi,
hehe mena MUGALLYMYN GYZA ONNA ADRES YALNYSH :swist
aý sen özüňe diýde kabul edäý mugallymyň gyzyna düzülenmişdä şu goşgy yazyan
Sayrak gus
25 фев 2022, 18:27
Gowy goşgy.