Lukman..


Kim sen?
Käriñ näme?
Tapawudy ýok,
Jan mydam sag däldir,
dert tapar hökman.
Agyr derde düşüp, ejizlän wagtyñ,
Seni dertleriñden gutarar lukman.


Ýüregi, eşigi akdyr elmydam,
Hoş söz ýagar durar kimligñe bakman.
Şeýdip, derdiñ ýaryn hoş söz bejerer,
Ýaryn ak ýektaýly, ak ýürek lukman.


Derdiñ agyr...
Bolduñ operasiýa...
Aşgazanyña-da düşenok lukmañ...
Saña lukma nämä gerek?
Sebäbi
Hoş sözleri bilen aç goýmaz lukman.


Syýa bilen badaşmak islän ýürek
Gürsüldäwer!
Derde düşsem darykman.
Tapar dertli dünýämiziñ melhemin,
Perişde mysaly, süýjisöz lukman.


Sülgün Bazarowa.


3 лайков 121 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ejegyz.
04 дек 2021, 19:58
Like like like
Biohimik
04 дек 2021, 21:00
Su gyzyñ kimligini tanayan barmy millet
Aýnur
Автор 04 дек 2021, 21:07
Цитата: qwerty1
Su gyzyñ kimligini tanayan barmy millet

Kop eşidyan su şahyr gyz barada özä şahyr bolmaly.
Wiii bu seniň hol günki aýdan Ynsanperwerde okayan garyndaş gyzyň dälmi?