Söýülseň söý...
Okuwçy wagtlarym menem halapdy biri. Meň halaşýanym bolmasa-da hyýalymda göz öňüme getirýän "Ak atly şazadam" bardy. Ol erbet oglanam däldi welin hiç halamokdum. Öz-ä ökde däldi. Оl bolşuna-da boýy kelte, gaty hordy. Halamazlyga bahana gytmy näme. Sanasaň sanap oturmaly.
Men köpülenç duýgularyma kän berilýän. Halamok-da şu häsiýetimi. Gowy däl şu. Hasam ýaşlykda. Gaty kejirligimdenmikä ýa... Belki edil beýle-de dälldirin-le. Men diňe hyýalymdaky "Şazadama" garaşýardym ahyry. Onda bolsa göz öňüme getirýän häsiýetlerimiň birem ýokdy. Wagt geçdi.Duýgularym üýtgedi biraz goýalşan ýaly, akylymam.
Olam öýlendi. Gül ýaly maşgalasy bar ýogsam. Garyndaşlaryndan öýlenipdi.
Geçen ýyl okuw gutaranmyza 10 ýyllygymyzy belledik. Joralarymyňam bary gelipdir. Biz oglan klasdaşlarymyz bilenem gadyrly salamlaşyp geçen günlerimizi ýatlaşyp gülüşýärdik. Olaryň arasynda gürrüň berýänimem bar. Ol biziň oturaýan ýerimizdäki oturgyçlaryň birine çekilibiräk geçdi-de, ýagdaýlarym bilen gyzyklanyp başlady. Öz durmuşy hakynda gürrüň berdi. Indi men ondan arkaýyndym. Şonda gürrüňiniň arasynda "Beýle ýadymdan çykaryp bilmeýşimi, men seni hiç undup bilmedim" diýdi.
Bir hili boldum. Garaşmadym beýle sözlere. Ýüzümem üýtgändir. Gülkime suw sepilen ýaly boldy. Bir salym sesimi çykarman durdum. Halamasaň nätjek, söýüp bolanok-da. Birinji gerek nebsim agyrdy şol klasdaşyma. Ana şonda düşündim men-ä söýülseňem gowy däldigine.

24комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.