Gardaş

Şeýtany dost tutma, ýamany ýoldaş,
Gözleme özgeden özüňe syrdaş,
Aç gözüň, gözli kör bolma eý gardaş.
Syrdaş Alla bilen Ata-eneňdir.

Harsy dünýä bolup her ýan urunma,
Mal-mülküňi suwa ýele sowurma,
Men-menlikden dostan ýüzüň öwürme,
Ýetim görseň başyn sypagyn gardaş.

Mal-mülk ýygnap galma dostum jebire,
Baryňa şükür kyl besdir ömüre,
Gezme öz etiňi özüň gemire,
Kanagada bereket ýagarmyş gardaş.

Mätäje kömek et bol ýigdiň güli,
Il-günüň alkyşlap ýalkasyn dili,
Bolmagyn dereksiz, ojagyň külli,
Özüne ýagşy at gazangyn gardaş.

Her bir zadyň soragy bar jogaby,
Diňe pul däl, gazanjak bol sogaby,
Ejize şir bolma, berme azaby,
Hakyň ýokdur çünki bendesiň gardaş.

Ýamandan daş, ýamanlykdan bol uzak,
Diliňe ägä bol, gurmagyn duzak,
Ýalan içre gezme, eýleme dowzah,
Öz-özüňe duşman bolmagyn gardaş.
 
Gurbanmämmet MEREDOW.
5 лайков 164 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
My life
13 апр 2022, 13:29
Men-menlikden dostan ýüzüň öwürme,
Shu setiri birhilirakmi ya men yalnysh dushundimmikam, men-menlikdenem yuzuñ owurmelidalmikân.
My life
13 апр 2022, 13:29
Yone goshgy gowy hem manyly.
Hiayress
13 апр 2022, 15:00
Ilki bilen-ä "Eý gardaş, gardaş, düşünäýsene" diýen ýaly ýüzlenmeli goşgulary halamok.

"Şeýtany dost tutma, ýamany ýoldaş"

Dini dogmalara görä şeýtan her bir adamyň ganynda, burnunda, kellesinde oturmyş. Ýa-da Jennetdäki gadagan edilen agajyň miwesini iýende Adam ata bilen How enäniň içine aralaşanmyş we nesillerine geçenmiş. Ýagny her bir adamda şeýtan ýada şeýtanyň täsiri bar. Bu bolsa adamlar bilen dostlaşma diýen ýaly hem däl, özüň bilen söwüş diýen ýaly bolupdyr. Indi logika tarapdan seretsek "şeýtany dost tutma" parçasy ýaman işlere (ýagny jümläniň yzky parçasynyň sinonimi bolup durýar) ýakyn adamlary ýoldaş tutunma diýmege ýakyn. Bu ýerde ýamanlygyň ölçeg birligini tapmaly bolýar. Absolýut ýagşy adamlaryň bolmaýşy ýaly absolýut ýaman adamlaram bolmaýar. Ogry bolsada öýünden ogurlamaýar. Garaz kyn mesele, meseläniň anygyna ýetmänem menä birzat diýmezdim.
Hiayress
13 апр 2022, 15:06
"Gözleme özgeden özüňe syrdaş"

Gözleme özgeden özüňe syrdaş?! Beh, özüňe syrdaş gözlejek bolsaň nireden gözlemelikä?! Dogan-garyndaşdanmy?! Bu-la gany ýakynlygyňy beýleki ýakynlyklardan ýokarda goýmak bolýar. Bar dogan-garyndaşdan syrdaş gözlemeli bolsada adamyň iň ýakyn syrdaşy ikinji taýy, ikinji taýyň ýakynyňdan bolmagyna dine garşy, däbem garşy, genetikada garşy. Ýa-da öz taýpa-tiräňden, milletiňden gözlemelimikä?! Bundanam eýýäm milletparazlygyň ysy gelýär. Garaz düşnüksiz.
Hiayress
13 апр 2022, 15:08
"Aç gözüň, gözli kör bolma eý gardaş."

Şu jümlede gözi açyk adamyň aýtjak jümlesi däl. Sebäp "aç gözüň, gözli kör bolma eý gardaş" diýmek hiç zat diýmek. Sen şonuň gözli kördügini bilýän bolsaň, şonuň gözlerini açmak üçin delil getir.
Hiayress
13 апр 2022, 15:12
"Kanagada bereket ýagarmyş gardaş"

Ýagar-"myş" - diýip özem aýtýan sözüne känbir ynanmaýar ýene-de kim biler diýip aýdyp göýberýär.
My life
13 апр 2022, 16:58
Hiayress,
Boldy, gaty filtirlapsiñ)))