Durmuş hakda.
Doludyr gardaş.
Her gülüp bakany özüňki saýma,
Ýalan-ýaşryklardan doludyr gardaş.
Ýalňyz ýola düşüp gowy ýok diýme,
Hakyky ýol Hakyň ýoludyr gardaş.
Eliňi däl ilki, ýüregiň ýuwgun,
Öwseňem diňeje ýagşyny öwgün,
Erbet zatlardan gaç ýüzüňi sowgun,
Iň gowy ýer ýagşyň ýanydyr gardaş.
Synag etmän gyzyň ýanyna barma,
Gözelligne gyzyp guwanyp ýörme,
Içki netin bilmän durmuşyň gurma,
Daş keşbinden gowy ýalydyr gardaş.
Niýetiň päk bolsa işiň şowlukdyr,
Hemişe görjegiň diňe gowlukdyr,
Kimleriň baýlygy jany-saglykdyr,
Kimleň bar baýlygy malydyr gardaş.
Hemme zat bar bolsa işiň çalt önýä,
Ýakan çyraň wagty gelse hem sönýä,
Bagly bolma hijem, Dawut bu dünýä,
Bäş günlik ýalançy panydyr gardaş.
Dawut Hojageldiýew.
Her gülüp bakany özüňki saýma,
Ýalan-ýaşryklardan doludyr gardaş.
Ýalňyz ýola düşüp gowy ýok diýme,
Hakyky ýol Hakyň ýoludyr gardaş.
Eliňi däl ilki, ýüregiň ýuwgun,
Öwseňem diňeje ýagşyny öwgün,
Erbet zatlardan gaç ýüzüňi sowgun,
Iň gowy ýer ýagşyň ýanydyr gardaş.
Synag etmän gyzyň ýanyna barma,
Gözelligne gyzyp guwanyp ýörme,
Içki netin bilmän durmuşyň gurma,
Daş keşbinden gowy ýalydyr gardaş.
Niýetiň päk bolsa işiň şowlukdyr,
Hemişe görjegiň diňe gowlukdyr,
Kimleriň baýlygy jany-saglykdyr,
Kimleň bar baýlygy malydyr gardaş.
Hemme zat bar bolsa işiň çalt önýä,
Ýakan çyraň wagty gelse hem sönýä,
Bagly bolma hijem, Dawut bu dünýä,
Bäş günlik ýalançy panydyr gardaş.
Dawut Hojageldiýew.
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.