Internetden pul gazanmak isleýän diýýänlere 5 ýol!

İnternetden pul gazanmak isleýän diýýänlere 5 ýol!

Häzirki günlerde internet biziň durmuşymyzyň aýrylmaz bölegi. Dünýäde her wagt internetde aluw-satuw, hyzmat, mahabat ýaly birnäçe ýol arkaly adamlar milýonlarça pul gazanýar. Şeýle hyjuwly, bäsleşikli internetde siz hem öz ornuňyzy tapyp, pul gazanmaga başlap bilersiňiz.
İnternetden pul gazanmagyň ýollaryny siziň üçin barladym. Geliň hersi hakynda maglumat berip geçeýin:

1.BLOG ÝAZMAK
2.YOUTUBERLİK
3.MAHABAT GÖRMEK
4.TERJİMEÇİLİK
5.E-MAİL BARLAMAK

1.BLOG ÝAZMAK
İnternetde iň köp duş gelýän saýt kategoriýalardan biri blog saýtlar. Häzirki wagtda adamlaryň köpüsi blog ýazmagyň indi pul gazandyrmaýandygyny aýdýarlar. Emma bu dogry däl. Eger siziň hem blog saýdyňyz bar bolsa we blog ýazmak ukybyňyz bar bolsa edil şu günden pul gazanmaga howlugyň. Munuň üçin size 3 zat gerek:saýt, köpüräk müşderi we Google Adsense. Google Adsense siziň saýdyňyza islegiňize görä birnäçe mahabat ýerleşdirýär. Mahabadyň dizaýnyny, görnüşini, kategoriýasyny we nirede ýerleşjegini özüňiz sazlaýarsyňyz. We müşderileriň bu mahabatlara basmagy netijesinde pul gazanyp başlaýarsyňyz. Emma munuň üçin gaty üns çekiji we köp bloga we müşderi zerurlygy bar. Saýdyňyza 1 aýyň dowamynda 1000 müşderi girýän bolsa takmynan 40-50 manat gazanarsyňyz.
Muny özüňiz hasaplap bilersiňiz: adsense.google.com

2.YOUTUBERLİK
YouTube dünýäniň iň uly wideo ýerleşdirme platformasydyr.Mundan peýdalanyp siz hem wideo çekip pul gazanyp bilersiňiz.Bu esasan hem mahabat arkaly amala aşýar. Ýagny wideolaryňyzyň başyna, ortasyna we soňuna mahabat ýerleşdirip, tomaşaçylaryň şol mahabatlary görmegi arkaly pul gazanarsyňyz.Eger tomaşaçy mahabady 5 sekuntdan köp görmese onda siz hiçhili gazanç almaýarsyňyz.YouTube-yň pul gazanma ýöriteligi Türkmenistanda ýöremeýär. Emma Özbegistan, Türkiýe ýaly beýleki ýurtlarda bolsaňyz pul gazanyp bilersiňiz.
Giňişleýin maglumat üçin: support.google.com/youtube

3.MAHABAT GÖRMEK
İnternetde käbir platformalar mahabat görmegiň garşylygyna pul berýär.Siz bolsa muny goşmaça kär hökmünde saýlap bilersiňiz.Size gerek zatlar: internet we boş wagt.VK, ok.ru, instagram ýaly platformalarda mahabat görüp her aýda 200 manada çenli pul gazanyp bilersiňiz.
Türkmen ildeşlerimiz üçin iň gowy, amatly we gazançly pul gazandyrýan saýt: seosprint (VPN hökman gerek, şu vpnleri ulanyp bilersiňiz: OLLO vpn, Psiphon Pro)

4.TERJİMEÇİLİK
İňlis, rus we başga dilleri gowy bilýän bolsaňyz terjimeçilik kärine synanyşyp bilersiňiz.İnternetde iň gowy gazanç berýän kärleriň arasynda bolan terjimeçilik, bloglary talap edilýän dillere terjime etmek arkaly pul gazandyrýan kär bolup, bu mümkinçiligi size hödürleýän birnäçe saýt bar. Terjimeçilik edip her aýda 3500 manada çenli pul gazanyp bilersiňiz.
Giňişleýin maglumat üçin: yeniisfikirleri.com (türkçe)

5.E-MAİL BARLAMAK
İnternetde adamlaryň biri-birine ugradýan elektron poçtalaryny barlap pul gazanyp bilersiňiz. Emma munuň üçin daşary ýurt dillerini bilmegiňiz hem gereklidir mysal üçin iňlis, fransuz dilleri.E-mail barlap aýda 400 manada çenli pul gazanyp bilersiňiz we bu siziň barlan mailleriňiziň sanyna bagly. Şonuň üçin boş wagtyňyz köp bolsa bu işe girişip bilersiňiz.
Giňişleýin maglumat üçin: yeniisfikirleri.com (türkçe)

Češme: bloglar.7wk.ru
3 лайков 3 553 просмотров
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Гость
18 апр 2023, 14:19
Terjimeçilik edip her aýda 3500 manada çenli pul gazanyp bilersiňiz.

- erbet däl. Aýý ýöne burnuňdan getirýändirler-le, günde 10-15 blok terjime etmeli-diýip.
Гость
18 апр 2023, 14:23
E-maili barlamak bolanda, başgalaň şajsy ýazyşmalaryny size pul töleýänlere perewot edip berip şpiýonçylyk etmelimi? Olar size özüniň yzarlaýan adamlarynyň şahsy ýazyşmalaryny ugradýar we siz perewot etmeli, şeýlemi ?
IDEALLIDER
18 апр 2023, 14:30
Hemmesine vpn gerek. Terjimeçilik hem "Hello Google Translate"
〣EpifiZ〣
Автор 18 апр 2023, 15:04
Email barlamak bolanda bašgalaryn ugradyan emailleri spammy ya hapa paýyš sozmi we š.m. ba bolsa emaily pozmaly
〣EpifiZ〣
Автор 18 апр 2023, 15:09
Hemmesine vpn gerek. Terjimeçilik hem "Hello Google Translate"

Munuň üčinem bir čäre tapandyrlar... Hič kim birine yanynda pil barka yer gaz diymez
SypaýyS
18 апр 2023, 17:09
Ollo VPN we psiphon Pro haýsy serwerlrde işleýärkan
Гость Hickim
Гость Hickim
14 фев 2024, 18:59

1+1=2

Narbayew Maksat
Narbayew Maksat
23 апр 2024, 17:50
gowy yollara bar eken
Гость Begenc
Гость Begenc
08 июн 2024, 11:35
Гость, nadip etmeli terjimani, hany edela