Geljekde (hekaýa)

Geljekde
(hekaýa)
23-nji asyryň haýsydyr bir ýyly.
Dinleriň ýer ýüzünden ýok bolup
gidenlerine ýüz ýyldan gowrak wagt geçipdi. Dünýäde ateizm
hökümrandy, dinler indi ýokdy.
Şol geljek zamanlaryň adaty bir güni ýagyş ýagyp durdy. Adamlar
zombi ýaly biri biriniň etini iýmäne taýyndy, gytçylykdy. Üçinji
jahan urşy ynsanýete agyr zarba beripdi... adamlar dinden çykdy.
Dine ynanýanlar bolsa gyrlyp gitdi. Barsyna şol Şam tarapdan öwsen
sowuk mylaýym şemal günäkär. Ol sowuk mylaýym şemal ýüz ýyl ozal dine ynanýan imanly ynsanlaryň barsyny uçuryp alyp gitdi...
Ýer ýüzüniň ilaty 500 miliondy. Ýeketäk döwlet bardy. Ony
nähilidir bir ,,DCCL" atly emeli intellekt dolandyrýardy. Ol
ynsanyýete sowuk ekranlar arkaly çykyş edip buýryk berýärdi we
geçmişiň ýalňyşlyklaryny düşündirýärdi.
Ol şulary gürrüň berýärdi:
- Men DCCL ýüzlerçe ýyl ozal dinleri ýok etmek üçin Isa halasgär
atly birini we oňa duşman hökmünde Dejjal atly birini çykardym.
Dinlere ynanýan ynsanýet o zamanlar gaty ynanjaňdy Isa adamzady halas etmek
üçin Alla tarapyndan ugradylan öýdýärlerdi. Emma ýalňyşýarlardy.
Sebäbi adamzat köpçüligi dini ynanja programma edilipdi. Ol Isa
diýenimiz Dejjaly öldürdi. Dine ynanýan ynsanyýet begendi, has
dogrusy özlerine ,,musulman biz" diýen dini topar muňa gaty
begendi. Soň bolsa men ,,äjit-mäjit" diýen wirus gönderdim. Ol wirusam köp adamy gyrdy. Men adamlaryň ynanjyndan
peýdalanýadym. Men Isa ,,äjit-mäjidiň" waksinasyny berdim.
Musulmanlar gaty begendi, olar Isaň halasgärdigine ynanýalardy. Aslynda bolsa ol meniň gurjagymdy. Isa dosty Mäti bilen ynsanyýeti kyrk ýyl ýaly dolandyrdy we onuň
dolandyran döwrine ,,altyn zamana" diýip ynanardylar. Kyrk ýyl geçensoň men Isa
aýtdym: ,,Indi sen ynsanyýete diýersiň: "kimde kim maňa we Alla
ynansa ol häzir Şam tarapdan öwüsjek mylaýym şemalda öler we kyýamat güni gaýta direler..." Isa olara şony gürrüň berdi. Soň
men Isa ynanan ähli ynsanlary Şam tarapdan gelen sowuk mylaýym
şemal bilen öldürdim. Ýöne ondan ozal men ýerden bir haýwan
çykardym. Ol haýwan Isa ynanlary aýry bir topar, siziň ata
babalaryňyz bolan ateistleri aýry bir topar edip goýupdy. Ynsanýet ol haýwana ,,Dabbetul Arz" diýýärdi we ol Allatarapyn ýerden çykan diýip ynanýardylar. Şemaly men zäherläpdim, zäher şol aýry topar edilen Isa eýerenlere täsir
edýärdi. Şol mylaýym şemalda olar gyryldy. Şol gün dinler ýer
ýüzinden ýok boldy. Üçinji jahan urşy din we ateizmiň arasynda
turupdy, uruşda ateizm ýeňdi... indi siz gadymkylar ýaly dine, Alla
we şuňa meňzeş ertekilere ynanyp oturmaň... arkaýyn hiç zatdan
gorkman öz islegleriňizi kanagatlandyryp bilersiňiz...
Ynsanyýetiň zoňky nesli DCCL-iň buýruklaryny mankurt ýaly
ýerine ýetirýärdi.
DCCL diýeni Iblis şeýtanyň hut özüdi. Ol ýer ýüzünde galan Luka
ibn Lukalary (Ýagşylygy bilmez, ýamanlykdan gaýtmaz kimseler)
bilen ýemenden çykjak oda garaşýardy. Ol ot ynsanyýeti bir ýere
jemläp ýok etmelidi. Emma şeýtan DCCL bir zady unydypdy ýa-da
unutdyrylypdy. Onuň unudan zady günbatardan güniň çykmagydy. Günlerde bir gün, gùneş günbatar tarapdan çykdy. Ynsanyýet her gün ateizmi wagyz
edip oturan DCCL-den şübhelendi. Sebäbi güniň bu tarapdan
çykmasy akyla sygjak zat däldi. Olar nähilidir bir gudratly bir Beýik
güýjiň bardygyna iman etdiler, emma olaryň imanynyň hiç hili
peýdasy ýokdy. Sebäbi ýer ýüzünde dinler ýokdy. Din bolmansoň
adamzat ol gudraty güýçlä nädip ybadat etmelisinem bilenokdy.
DCCL Iblis bolsa adamzady gandyrmak üçin: ,,Ýer öz okunyň
daşyndan tersine aýlanýar" diýipdi....
Soň birnaçe ýyldan bolsa Ýemenden ot çykdy we ähli
ynsanlary bir ýere jemledi hem-de zamana ahyr boldy.
Soňy
(C) Sapargylyjow Baýramgylyç
10.01.2022
Redaktirlendi: 15.04.2022
1 лайков 189 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Truthylover
15 апр 2022, 21:32
Bah... Hindilere bermeli shuny kino edip cykarmaga...
Govy bahaber
#B.S
Автор 15 апр 2022, 21:50
Bumblebee,
Yo hindiler bolanoklay, hollywood gowy ;))
Truthylover
15 апр 2022, 22:25
Khanture,
Hindiler has gyzykly edip çykaryalara ozem bolumleri barada soz yok iñ gyzyklysam her ýok ýerden problema tapyp onam köpeldip gutarmagyna wagt az galanda bir minuda galman çozya yegipt
Mümkin
15 апр 2022, 23:18
Bumblebee,
Eger-de bir oglan bilen gyzyñ toýy gidip duran bolsa iñ soñky minutda öýlenjek oglany ýa çykjak gyzy başga biri bilen çalyşmak olar üçin meseläniñ hilinden däl :))
Truthylover
15 апр 2022, 23:27
Mümkin,
Hawa o zatlar bu meselä degişli däl meñ aydyanlarym meselem bir adamy uzak wagtlap tapman yören bolsa, ondan daşaram birzady kop wagtlap bilman yoren bolsa we s.m. degişli. Şu zatlary finala gelende 3-4 problemany bir gezekde çözende telpek goyupdym hindilere name
Şol sebapdenem indi hindileñ kinosyny goremde arkayyn goryan sebabi ynanyan garaşmadyk wagtyñ hemme zat çözulyandigine afr
Ötegçi
01 июн 2022, 13:21
Din bolmansoň
adamzat ol gudraty güýçlä nädip ybadat etmelisinem bilenokdy. 

Kagyz kitap ýokdy. Elektron kiaplaram DCL-arhiwlerden yok edipdi diýýäñmi.

Gaty uly temany kiçiji hekaýa sygdyrjak bolýañ. Ýogsam gowy meselelerem gozgaýañ wln. Şam tarapdan öwsen şemaly zäherleýşini haladym. Belki arkaýyn oturup, howlukmanjyk yazarsyñ, şonda senden gaty gowy zatlar çykjagyna ynanýan. Eger şu temalar meñ kelläme gelen bolsady, hezil edip her hili edip ýazar oturardym
#B.S
Автор 01 июн 2022, 13:25
Ötegçi,
Sagboluň gowy maslahat berdiňiz!