Kiçijik dünýäler bilen kiçijik başdan geçirmeler

KIÇIJIK DÜNÝÄLER BILEN KIÇIJIK BAŞDAN GEÇIRMELER.

Bir gezek çagalaryñ ählisinden: "Ulalañda kim boljak?"diýip soranymda toparymyzyñ garagoly Mekan "Ejem boljak!"diýip, jogap beripdi.Bu jogap şeýle hoşuma geldi welin, ondan häli-şindi şol soragymy soradym ýördüm.Hemişe şol bir jogaby aldym.
Ýöne bir gün adaty sowalymy ýöneldenimde "Kakam boljak!"diýdi."Näme üçin beý diýýäñ?Öñler "Ejem boljak!" diýýädiñ-ä"diýsem akja dişlerini görkezip, "ýyrş" etdi-de,"Kakam şu gün meni gezmäge äkidýär"diýdi.
Pikrini üýtgetmeginiñ sebäbi düşnükli boldy.

******
Täze ýylda iş wagtym gijräk başlansoñ, işe giç geldim.Topara girenimden çagalar "Mollum bize Aýazbaba geldi-de,Aýaz baba geldi" boluşdylar.Düşbüjämiz Abdylla bolsa:
"Pylany mollum Aýaz baba bolaýypdyr" diýdi.Haýran galdym.Çünki,özümem Aýazbabanyñ şol işdeşimizdigini zordan tanapdym.

*******
Mekany gujagyma alanymy gören Abdylla garaja gözlerini jikgerdip ýüzüme seretdi-de "Indi bizi gowy görjek dälmi?"diýip,çyny bilen sorady.


******
Nurmyradyñ dil açyp ugran wagtlary.Iş wagtymyzyñ gutararyna mähetdel atasy agtyjagyny almaga gelýär.Topardan çykjak bolanda atasy Nurmyrada "Mollumyña sag bol et"diýýär.Körpeje elini galgadýar.Men onuñ çalak-çulak gepläp ugrandygyny bilemsoñ "Diliñ bilen sag bol diý!" diýýän.Atasam muny bilýän bora çemeli, meniñ diýenimi gaýtalaýar.Bize düşünmedik Nurmyrat diljagazyny çykaryp görkezýär.
*****
Çagalar bilen asla "Türkmen owazy"teleýaýlymyna tomaşa etmeli däl.Ine-de ýaýlyma bir bagşy çykar.Zenan bolsa-ha çagalardan biri "Meñ ejem"diýip gygyrar.Beýlekisem diýer "Ýok,meñki" .Aññyrrakdan biri diýer:"Ikiñiziñkem däl meñki".Onsoñ başlanar bir uruş.Al başyña belany.Erkek adam bolsa-da "Meñ kakam!" diýerler.Bu uruş aýratynam Nurýagdy Rejebow ýaýlyma çykanda başlanýar."Meñ kakam-da meñ kakam "sesleri çar tarapdan ýañlanyp ugrar welin "Bes ediñ"diýip iñ soñkuñdan gygyraýasyñ geler.Içiñdenem "Daş etsin,bir görgülini töhmet astynda-da goýjak şular"diýip ýylgyrarsyñ.

****
Gurbanberdi bilen Atajanyñ gürrüñlerini ýylgyryp diñleýän.
Gurbanberdi:
Meñ kakam milise.Seni tutduraryn
Atajan:
Meñ kakamam dogtor.Saña kol etdirerin.
*****
Meñ iñ lezzet alýan pursatlarymdan birem gyzjagazlaryñ onda-da Sähragülüñ oýnuna tomaşa etmek.Aýagyny uzyn salar-da gujagyndaky hyýaly bäbegi yralap başlar.Arasynda-da "Nämä ýatañok,ýat diýýän" diýip kakyş-kakuş edip haýbat atyp başlar.Onuñ bu hereketini beýleki gyzjagazlaram gaýtalaýar.Soñ Sähragül Begmyradam kaka yglan edip başlar.Gujagynda çaga yralaýan wagty gulagyna telefon alansyrap "Kakasy,geleñde çörek getiräý"diýer.Üç ýaşyndaky Sähragülüñ bu tomaşasyny synlap "Gyzlarda enelik duýgusy gör näçe ir ýüze çykýan eken" diýip oýlanýaryn.

@Mümkin
6 лайков 275 просмотров
16комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
16 апр 2022, 10:50
Seň "hoşuma geldi" diýen sözüň bolsa meň hoşuma geldi)) Owadan söz-aý şu! :)
Mümkin
Автор 16 апр 2022, 12:21
Pegas,
Hakyky.
"Şeýle bir daglar bar,hoşuña gelsin" diýen setir bardy öýdýän Allaýar Çüriýewde.
Mümkin
Автор 16 апр 2022, 12:24
Şu @Belki görgüliñ açan mowzuklaryny,olara ýazylan teswirleri görüp,bogazym hykga dolýar-da...

"Durmuşdyr bu eder ýörer islänin
Saýgarmaz ol ýüregiñde besläniñ"

(K.Rejebow)

Mydama ýürejigim bolýañ-da,Halypam!
AYNURA
16 апр 2022, 13:20
Mümkin,
Chagalar bn ishleshyan bolsan size soragym bardy
AYNURA
16 апр 2022, 13:26
2 sany oglum bar biri 6aylyk bir 4yashynda.uly oglum gaty kesir etme diyen zadyny edyar.ozumem kate gaharyma urayyanam .gayynlam agtyklarna degaysem kyyamat.anyryk otyram diydirmeyarler.hazirden oz diyenini yoredip.ene atan aydanyny etmani owrenmese.ulalansonam seyle bolarmyka dip gorkyan.chagan terbiyesine nahili yanashmaly maslahat berayseniz bu zatlary mowzuk edip achmakchydym yone sizin temanyz chagalar barada eken
AYNURA
16 апр 2022, 14:06
Olary urmak ya kayemek dogrumy.suyji soz bn aydandada edenok.bir iki gezekden son gahar ustun chykayya kate
AYNURA
16 апр 2022, 14:08
Chagalarym ulalanda akylly okuwa howesli bolmagy ucin name etmeli san sanamany harplary owretjek bolyan .tersine tutup bashga zatlar diyyar
Bentner
16 апр 2022, 14:18
 "Daş etsin,bir görgülini töhmet astynda-da goýjak şular"diýip ýylgyrarsyñ.
hehehe
Terbiyecilik käri gyzykly başdan geçirmelere baý kärdir. Sebäbi çagalar bn işleşmegiň lezzeti başga
Mümkin
Автор 16 апр 2022, 15:25
AYNURA,
Üç ýyllyk mekdebe çenli terbiýe ugrundan alan bilimimi we bary-ýogy 1,5 ýyldan ybarat bolan iş tejribämi göz öñünde tutup jogap bereýin :)
Çaga diýeniñi etdirjek bolsañ oña söýgüñi seýrek duýdurmaly Köplenç talabediji,agras we çynlakaý çemeleşmeli.Muña çaganyñ bäbeklik döwründen (0-1 ýaş aralygy) başlap üns bermeli.4 ýaşynda bolsa bu ugurda gijräk galypsyñyz ýöne henizem zelelden gaýtsa bolar.
Bu babatda bir rowaýat bar.Bir adam çagalary bilen mydama agras gepleşer eken.Emma iti bilen welin gülüp-oýnar eken.Ýañkydan sorapdyrlar:"Sen näme üçin çagalaryñ ýanynda agras-da,itiñ ýanynda bälçik?" .
Adam jogap beripdir:"Çünki,meniñ itden adam ýetişdirme aladam ýok.Çagalarymdan welin adam ýetişdirmeli".
Mundan daşary çaga berilýän terbiýeleriñ akyl terbiýesi,ahlak terbiýesi,zähmet terbiýesi we ş.m görnüşleri bar.Bularyñ ählisini utgaşyklykda alyp barmaly.(bularyñ hersi barada aýdyp,açan mowzugym bar.Häzir paýlaşaýaryn)
Esasanam,çaga kiçilikden zähmet terbiýesini bermegiñ peýdasy uly.Sen olara ýönekeýje ýumuşlar buýur:Oýnawaçlaryny ýygnasyn,düşegini gowlasyn,baglara suw bersin.Goý ýarym ýalta etsin,zelel däl,esasy zat zähmete ugruksyn.
Mundan daşary çaga bilen işleşeniñde höweslendiriji sowgatlaryñ ähmiýeti bar.Çaga haýsydyr bir gowy hereket edende oña bir sowgatjyk ber:Meselem,kagyzjyga bäşlik ýaz,(biz ony ýörite paçkaly satylýan kiçijik reñklije kagyzlara ýazýas)ýa-da daşary ýurtlardaky ýaly "Kak bäşi" et! Ýa-da (bu meñ pikrim) ogşamagam baýrak bolup biler.
Mümkin
Автор 16 апр 2022, 15:30
Okamak-ýazmagy öwretmek barada aýtsam edil ýañky sowgat bermek usulyndan peýdalanyp bilersiñ.Meselem oña ýörite depder tut.Haçan-da seniñ öwreden harpyñy ýa sanyñy ýazyp bilse depderine ullakan bäşlik goý.(ýa-da bazarda satylýan smilikler bardyr.Şolaram ýelmäp bilersiñ)
Hemme harpy birbada özleşdirtjek bolma.Tä bir harpy öwrenýänçä beýlekisine geçme.
Saña peýdam degendir diýip umyt edýän!
AYNURA
16 апр 2022, 15:37
Sag bol hokman aydanlany goz onumde tutaryn
Mümkin
Автор 16 апр 2022, 15:45
AYNURA,
Mundan daşary heniz mekdep ýaşyna ýetmedik çaga nähilidir bir zat öwretjek bolsañ hökman oýun bilen öwretmeli.Meselem: A harpyny öwredeniñden soñ "Jadyly haltajyk"diýen oýny oýna.Haltajygyñ içine birgiden harplary sal,çagaña haltadan çekdir,çykan harpa seret-de sorag ber,"Bu A harpymy?" Her çykaran harpyny bir gyra goý.Şeýdip tä A harpyny çykarýança dowam et.
Ýeri gelende aýtsam,"Jadyly haltajyk" her sapakda oýnadyp boljak çagalaryñ iñ halaýan oýny.Nesip bolsa eli boş wagtym "Öwrediji oýunlar" diýibem mowzuk açaýaryn.
AYNURA
16 апр 2022, 16:07
Ok sag bolun paylashyp durun
Mümkin
Автор 16 апр 2022, 16:26
Bendtner,
Gyzykly ýöne jogapkärçiligi gat agyr.Günde 7.5 sagatlyk iş wagty boýunça 25-26 sany çaganyñ ömrüne,saglygyna jogap bermeli.Sähelçe dawa turup biri-biriniñ ýüzüni dyrnaçakladygy ýa dişledigi bes,şol gün agşam ene-atalar jañ eder.Onsoñ olaryñ öñünde müzzerip duransyñ.Bu zatlaryñ çaganyñ göräýmeli emgegidigini düşündirip bilmersiñ.
AYNURA
16 апр 2022, 17:35
Hawa bir iki cagany uryshdyrman saklamak gorgi size sabyr bersin.karinizden kemal tapyn
Mümkin
Автор 16 апр 2022, 19:47
AYNURA,
Siziñ ýaly gadyr bilýän ene-atalar kän duşsun bize!
Ayjahan
23 май 2022, 12:43
Mümkin agza, seniň mowzuklaryňy halaýaryn! Sebäbi özüň ýazýaň, öz durmuşyň bilen baglanyşykly ýazýaň! Beýlekiler ýaly kopýalap baha alaňok! :)