Soñy gowy gutarsa...

SOÑY GOWY GUTARSA...

Sözüñ doly manysynda ýadaw, aladaly we gyzykly gündi.Birem "kelleagyrdyjyny" goşasym gelip dur.Sebäbi "tomaşa" sowulanyndan ep-esli soñ günortanlar kellämiñ içinde iki ýan urunýan agyry bilen ýüzleşmeli bolupdym.
Iki aýa golaý wagt bäri körpeler bilen ürç edip taýýarlanýan, gyzlaryñ: "Mollum men saçymy pylan hili etjek, pylan hili köýnek geýjek" diýip süýjedýän, oglanlaryñ bolsa "Näme geýsegem bolýarmy? " diýip, soragly nazaryny aýlap garaşan dabarasy - Täze ýyl säherligimiz hem gelip ýetdi.
Heniz dabara başlamanka Aýaz baba eşik meselesi öñümizde keserdi. Meniñ bilen tas bir wagtda diýlen ýaly üç topar säherlik belleýän eken. Bu ýerde mesele näme diýmegiñiz ahmal. Topar dört sany, emma Aýaz babañ eşigi ýekeje. Çagalara sowgady özüñ bereniñ bilen Aýaz babañ gowşuranynyñ täsiriniñ deñ bolmajagy köre hasa. Ýagdaý şeýle bolansoñ özümden öñürti säherlik belleýän iki topara eşigi berip, olaryñ säherliginiñ gutararyna garaşmakdan başga alajym galmandy. Dabara çagyrlan ene-atalar bireýýäm ikinji gatdaky aýdym-saz zalyny doldurypdylar. Men bolsa birinji gatda Aýaz baba eşigiñ "boşamagyna" garaşyp durdum. Içiñi ýakaýyn diýen ýaly şol pursadam tok öçdi. Ahyrsoñunda (bellenilen wagtdan ýarym sagat soñ) özümden öñki toparlardan eşigi alyp, ýokaryk çykdym. Aýaz babany taýýarlamagy usulçy terbiýeçimize tabşyryp, çagalar bilen dabaranyñ geçiriljek ýerine bardyk. Aýdym-saz zalyna girjek bolanymam şoldy welin, aýdym-saz mugallymymyz Sapa mugallym meni saklady.
- Mahym, dur bir minut, sered-ä muña.
Mugallymyñ ümlän tarapyna seretdim. Görsem, ene-atalar özleri üçin goýlan oturgyçlarda oturmak bilenem çäklenmän, çagalar üçin goýan oturgyçlarymyzda-da birkemsiz düzülip oturypdyrlar. Tüýs" Güljekmi, aglajakmy?" diýlen ýagdaýa düşdüm.
- Mollum, biz çagalary oturtmasak näme?
Sapa mugallym "ýok" diýen manyda başyny ýaýkady. Men alaçsyz halda işdeşim Maýa gelnejäñ ýüzüne seretdim. Olam gidip ene-atalardan stollary boşatmagy haýyş etmeli boldy.
Hä diýmänem aýdym-saz zalyna dabaraly ýagdaýda girdik.Çykyşlarymyz dogrudanam oñat geçip durdy. Aýaz babany sahna çagyrdyk, aýdymlarymyzy, goşgularymyzy aýtdyk, arçanyñ çyralaryny ýakdyk, sahnalarymyzy oýnadyk... Birdenkä-de Maýa gelneje ýanyma gelip, aşakky gatdaky toparlardan biriniñ Aýaz babany soraýandygyny aýtdy. Men kes-kelläm garşy çykdym. Çagalar "Awtobus" sahnasyny oýnadylar. Soñam on iki müçedäki haýwanlary janlandyrdylar. Yzy sürede başlygymyz ýanyma geldi.
- Mahym, gaýrat et, Aýaz babany ber.
- Başlyk, meñ ýekeje aýdymym galdy, ondan soñ gutarýan-a.
- Täzegül gelneje haýyş edip dur, bor-la berip goýbersene.
Aýaz baba çykyş gidip duran pursady aýdym-saz zalyndan ugrady. Muny gören çagalar "Aýaz baba gidýär-de" "Aýaz baba gidýär" boluşdylar. Ugurtapyjy Maýa gelneje derrew ýagdaýdan çykalga tapdy.
- Gaýdanok Aýaz baba, sowgadyny almaga gidýär.
Men nobatdaky çykyşymyz bolan "We wish you a Merry Christmas" aýdymyny yglan etdim. Çagalar bu çykyşlarynam üstünlikli ýerine ýetirdiler. Dabaramyzy geçirip gutardyk emma henizem Aýaz babamyz yzyna dolanmandy. Meniñ nätjegimi bilmän ikirjiñlenip duranymy gören Sapa mugallym maslahat berdi.
- Özüñ berip goýbersene sowgady.
Çagalaryñ sowgady Aýaz baba gowşuranyndaky şatlygyny göz öñüme getirdim.
- Ýok, Aýaz baba gelmese sowgat gowşurylmaz.
Ene-atalar "Indi näme işlärlerkä? " diýen manyda sabyrsyzlyk bilen ýüzüme seredýärdiler. Birdenem bir pikir kelläme geldi.
- Geliñ gyzlar, tans edeliñ.
Gyzlar ilkibada "Bu taýýarlykda ýokdy ahyry" diýen ýaly ýüzüme seredenem bolsalar aýnajyk Aýgözel başlyklaýyn derrew ýagdaý bilen öwrenşip tans etmäge başladylar. Soñlugy bilen oglanjyklar we işdeşlerimem bize goşulyşdylar. Men çykalgasyz ýagdaýy şowhunly pursada öwrenligimize begenip, uludan dem aldym. On minut yz ýany hem Aýaz baba sahnamyza geldi, sowgatlaryny paýlap, surata düşdi...
Säherlik sowlandan soñ Aýaz baba eşigini çalşyrynmak üçin toparymyza geldi. Muny gören çagalar "Aýaz baba-da" "Aýaz baba" boluşdylar. Aýaz babamyz özüne golaýlaşan Abdyllany gujaklady. Ol gidenden soñ Abdylla kiçijik gözlerini giñden açyp gürrüñ bermäge başlady.
- Aýaz baba meni gujaklady.
Emirem öz açyşyny bize ýetirmäge howlukdy.
- Men Aýaz babañ kimdigini tanadym. Häli irden şu taýda oturan.
Emiriñ düşbüligine içimden "aperin" diýsemem, daşymdan syr bildirmedim.
- Goýsana, Aýaz baba garryja baba bolýar. Señ o diýýäniñ-ä biriniñ ejesi.
Abdylla hem meniñ tarapymdan gopdy.
- Aýaz baba garryja, taýakly bolýar gerek mollum.
- Howwa, dagy näme.
Soñ Aýaz babadan ünsleri sowlan körpeler kän gepiñ başyny agyrtdylar. Men bolsa aladaly geçen säherligimiz barada pikirlendim. Her minudynda " Indi näme bolarka?" diýip, içimden gaýtaladýan ilkinji säherligim käbir şowsuzlyklara garamazdan gowy gutarypdy. Öñem bir dananyñ aýdyşy ýaly " Soñy gowy gutaran ähli zat gowudyr".
7 лайков 177 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Nazar
25 дек 2022, 00:02
Gutlayan. Işiň hem özboluslyja gyzygy bar. :)
Belki
Автор 25 дек 2022, 06:29
Fan B, dogrudanam şeýle.
Yusup
25 дек 2022, 19:45
22sinemi ya 23nemi ulygyzymyn utirnigi bolupdyr. Saherlik diyyanin sholmy ya.
Belki
Автор 25 дек 2022, 21:38
Anil Kapur, howwa, türkmençesi säherlik.
kesirkelle
30 дек 2022, 16:32
Çagalary aldamak gerekmikä. Men saherlik barda dal umumy aýdýan. Ozümä hiç mahalam 3 ýaşymda da hakyky aýaz baba ynanamokdym:) aýaz baba bolan bolup oýnaýan köp kino goren bolmagymam ahmal.
kesirkelle
30 дек 2022, 16:37
7 ýaşlamdakam, menden 1.5 ýaş uly goñşyñ çagasy aýaz baba hat ýazypdyr. Menem ony keçäñ aşagyndan tapdym. Dörinjiremek endigimem ýok wln, çüñki çykyp durdymy, birhililik bn alypdym. :"Salam; Aýazbab! Mümkin bolsa şu täzeýyl" yzyny okap ýetişmedim, elimden aldy. Menden has ekabyr bolansoñ, bogalaşyp alyp bilmedim. Hat uzakdy. Men şonda şoña şeýle bir geñ galyp seredipdim. Häzirem geñ galýan. Häzirem bilesim gelýä, hatda näme ýazanyny... şo ýaşlardaky hyýalbent çagañ psihikasyny. Ýöne şo wagtky öz psihikama da haýran galýan, töweregim durşyna hyýalbent çagaka men nädip özimi uly adam hasaplap bildimkäm; nädip olara çaga seredýän goz bn seretdimkäm...
Belki
Автор 31 дек 2022, 14:09
Kesirkelle, men-ä çagalaryñ belli bir ýaşa çenli Aýaz baba ynanmagynyñ tarapdary. Çünki Aýaz baba hiç hili garşylyga garaşmazdan adamlary begendirmegiñ simwoly.