Plazma kyýamaty (hekaýa)

Plazma kyýamaty.
(Postapokaliptik hekaýa)

Bellik: Bu hekaýa çynlakaý garaman, bir fantastik hekaýa hökmünde garamagy maslahat berýän!

2050-nji ýylda adamzatdan gizlenen hakykat äşgär boldy. Ýeriň tekizligi. Adamzat 500 ýyldan gowrak togalak ýer düşünjesi bilen beýnileri zäherlenipdi. Hakykat äşgär bolsada, adamzatdan entek köp zatlar gizlenýärdi. Aýlawly heläkçilikler, başga materikler, başga dünýäler we hakyky gizlenen taryh.
Proffesor Adam Senders ýeriň tekizligi äşgär bolansoň, ol asman gümmezini öwrenmäge girişdi. Ol ýigrimi ýyllyk gözegçilik we barlaglarynyň netijesinde aslynda näme sebäpden adamzada togalak ýer ertekisi öwredilenini we ýene nämeleriň gizlenýändigini bildi. Ol gadymy halklaryň rowaýatlaryny we miflerini öwrendi hem-de asman gümmezine gözegçilik etdi. Ol anyklan maglumatlaryny açyk aýtmakdan gorkýardy. Ol şägirdi bolan Jek atly oglana anyklan maglumatlaryny gürrüň berdi.
- Jek diňle saňa möhüm bir zat aýtmaly. Bize mundan ýigrimi ýyl ozal togalak ýer ýalany öwredilendigini bilýäň.
- Howwa jenap!
- Emma bize ýeriň tekizligi hakykaty aýdylany bilenem bizden ýene käbir zatlar gizlenýär.
- Meselem näme gizlenýär?
- Plazma kyýamaty. (Plasma apocalypsys, EMPCOE)
- Bu näme zat bolýa?
- Ikinji Nuh tupany.
- Bu barada giňişleýin gürrüň beriň!
- Dini ýazgylardada ýeriň tekizdigi we asmanyň gümmezdigi aýdylan we gümmeziň ýokarsynda asman suwlary bardygy ýazylan. Nuh tupanynda bolsa ana şol asman suwlary asman gümmeziniň deşilmesi netijesinde dünýäni suw alandygy aýdylan. Gadymy müsür mifologiýasynda asman bilen ýeriň aslynda diri hudaýlardygy aýdylan, olar her million ýylda bir gezek gujaklaşyp kyýamaty we gaýtadan döreýişi amala aşyrjakdygy aýdylan. Köp rowaýatlarda bolsa suw kyýamatyndan soň, o:t kyýamaty boljagy aýdylan. Men asman gümmezi boýunça geçiren gözegçiligimde gümmez üsti asman suwlarynyň Nuh tupany zamanynda doly çekilendigini suwyň ýerine bolsa plazma emele gelip başlanyny öwrendim we ol giňelmegini dowam edýär ýakyn ýyllarda ol gümmezimizi daşardan deşer we kyýamat gopar.
- Bu haçan bolar?
- Takmynan sekiz ýyldan. 2075-nji ýylyň 19-njy dekabrynda başlar we alty gün dowam edip, 25-nji dekabrda tamamlanar. Eger-de alty gün bir gaçybatalgada gizlenip bilsek biz diri galyp bileris.
- Jenap Senders men size ynanýan. Indi biz näme ederis?
- Bu zatlardan Globalist haramzadalaryňam habary bar bolmaly we olar eýýäm nädip diri galmagyň ýollaryny anyklap, taýynlyklaryny görüp goýandyr.
- Jenap biz nädip diri galarys?
- Bu habary uly ile äşgär edip bilmeris. Men ýene bu boljak kyýamaty doly öwrenerin we gaçybatalga gurarys. Oňa öz ýakynlarymyzy we gerekli zatlarymyzy ýerleşdireris. Gorkma biz elbetde diri galarys!
Aradan sekiz ýyl geçdi jenap Senders we Jek bireýýäm gaçybatalga guryp, garyndaşlarny we olara ynanan herkesi gaçybatalga ýerleşdiripdiler.
2075-nji ýylyň 19-njy dekabry. Asman gümmezi jaýryk açdy. Asman reňki mawydan gülgüne we melewşe reňke bürendi. 20-nji dekabrda gün plazma akymy sebäpli aýlawyny üýtgetdi. Ol indi gübatardan gündogara hereket edip başlady. Ýeriň magnit meýdany hem üýtgedi, demirgazyk indi günortady, günorta bolsa demirgazyk. Güýçli magnit meýdany ýerýüzündäki magnitleri, demir, kobalt we nikel elementlerini hem-de magnetizmi güýçli adamlary ýokary asmana tarap çekdi. Ýokara çekilen adamlaryň bedeninden plazma akymy geçip, olary küle öwürdi. 21-nji dekabr. Plazma akymy indi ýere urdy. Tokaýlar ýandy, ýer titredi, sunamiler boldy. Ýer ýüzünde diňe bulara öňden taýýarlyk gören adamlar diri galdy. 22-nji dekabr. Gün edil haly ýaly düýrlendi, indi ol ýere nur saçman, asmana saçdy. Asmanda nämäniň bardygy aýan boldy. Plazma. Aý bolsa ikä bölündi. 23-nji dekabr. Jaýrylan asman kem-kemden bitip başlady. Asman gümmeziniň daşyndaky plazma boşansoň ol ilkibaşdaky ýaly suw bilen doldy. 24-nji dekbr. Kyýamat gopdy. Alty günde ýaradylan dünýä, alty gündede ýok boldy. 2075-nji ýyl 25-nji dekabr ýa-da Täze eýýamyň 1-nji ýyly, ýanwar aýynyň birinji güni. Bu gün asmanda güniň iki ýüzi görünýärdi. Täze ýylyňyz bilen!!!

Soňy!
(C) Sapargylyjow Baýramgylyç
16.04.2022
8 лайков 326 просмотров
10комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
Автор 16 апр 2022, 12:25
Minus üçin köp sag boluň! ;)))
#B.S
Автор 16 апр 2022, 13:53
Teswirdäki üçinem! ;)))
#B.S
Автор 16 апр 2022, 15:22
Plýus basanlar sizem sag boluň! sps
Truthylover
16 апр 2022, 15:23
Bah oñaraydyñyz muny:))) indi nam bolarka diyip gyzygyp ugrapdym welin hic zat bolmadyk yaly taze yyl bayramcylygy sowesh
Bentner
16 апр 2022, 15:23
Düşünen bolsam Sapargylyjow Baýramgylyç bolaýyn
burun
#B.S
Автор 16 апр 2022, 15:25
Bendtner,
Düşünmez ýaly näme bar?
#B.S
Автор 16 апр 2022, 15:41
Bumblebee,
Diri galanlar üçin täze ýyl!
Şamuhammet
17 апр 2022, 07:59
Rowaýatda Jekden başga at tapmadyňmy melgun Gantore!
Ötegçi
01 июн 2022, 13:13
Adamlary Asman çekip alanda, göz açyp ýummañak ýuwtdymy ýa garaz Asmana gidişlerini görmäge maý boldumy?!. Maý bolan bolsa, olar hiç zat bolmadyk ýaly göge göterlen däldirler-ä?!:) gyzykly tema wln howlukmaçlyk bn temañ gyzygy gaçyar. Wakalar saradylýan ýaly. Bar zat çalt çalt bolup geçýär. Mundan çeperlik bilen uly bir zat ýazsañ gyzyklam bolar. Ýöne howlugýañda dosti) 8ýylam bahymjak geçýär.

《2050-nji ýylda adamzatdan gizlenen hakykat äşgär boldy》 gizlenen hakykaty tapmak, bir sözlemde aýdyp boljak derjede ýönekeými?!

Bir uly eseriñ manysyny derrew gürriñ berip çykan ýaly bolupdyr.. şu ugurdan gowy maglumatlañ, ýeterlik tejribäñ barda çeper  eser azrak okaýañ oýdýän.. birem ýazmaga ýaltanýana meñzeýäñ:)) Ýatan öküze iým ýok.
#B.S
Автор 01 июн 2022, 13:18
Ötegçi,
Bellikleriňiz üçin köp sag boluň!