Aýzek Azimow - Olar uçup gelmezler (hekaýa)

Aýzek Azimow - Olar uçup gelmezler (hekaýa)
Durmuş tejribelerinden paýhaslylyk derejesine ýeten Rigellian jynsynyň wekili Naron, dördünji nesil galaktikasynyň ýyl ýazyjysydy.

Iki sany kitaby bardy: biri, ähli galaktikalardaky köp sanly aňly jandarlaryň siwilizasiýalarynyň sanalan uly kitabydy; ikinjisi has kiçi bolup, Galaktikalar federasiýasyna girmäge hukugy bolan derejede ösen we özleşdiren siwilizasiýalary öz içine alýardy.

Şowsuzlyk, biohimiki we biofiziki deňsizlik we sosial adalatsyzlyk ýaly dürli sebäplere görä peselen siwilizasiýalar uly kitapdan aýrylypdy.
Emma kiçijik kitaba girizilen federasiýa agzalarynyň hiç biri-de ol ýerden aýrylmandy.
Garry Naron özüne gelen habarçysyna seretdi.
- Naron! Habarçy gygyrdy. - Merhemetli we Beýik…
- Heý, hormatyň hökman däl. Näme boldy?
- Organizmleriň başga bir topary kämillik ýaşyna ýetdi.
- "Gowy!" Gaty gowy! Indi bular ýalylar çalt ýetişýär, täzeliksiz bir ýyl geçmeýär. Bu gezek kim?
Habarçy galaktikanyň koduny we galaktikanyň içindäki planetanyň koordinatlaryny aýtdy.
Naron: "Hawa, hawa" -diýdi. - Men bu dünýäni bilýärin.
Bu planetanyň adyny göwnejaý ýazmagy bilen uly kitapda ýazyp, soň başga birine göçürdi. Däp bolşy ýaly, kitap belli bir planetada ýaşaýan adamlaryň köpüsiniň atlandyryşy ýaly bir at bilen ýazylypdyr. Şonuň üçin Naron täze planetany "Earth" diýip atlandyrdy.
"Bu ýaş jandarlar rekord goýdy" -diýdi. "Hiç kim aň döräli bäri kämillik derejesine çenli beýle çalt geçmedi". Hasaplamalarymyzda ýalňyşlyk ýok diýip umyt edýärin, şeýlemi?
Habarçy: ", Ýok, jenap" -diýdi.
"Termoýadro güýjini aldylar, şeýlemi?"
"Hawa jenap."
Naron ýylgyrdy: "Bu esasy zat. - ýakyn geljekde olaryň kosmos gämisi barlygyny öwrenip, Federasiýa bilen aragatnaşyk gurup başlar."
Habarçy göwünsizlik bilen sözüni dowam etdirdi. - Synçylar entek kosmosa girmändiklerini aýdýarlar.
- Nädip? - Naron geň galdy. "Olar entek çykanokmy?" Kosmos stansiýalarynyň derejesinde-de?
- Ýok, jenap.
- Ýöne termoýadro güýji bar bolsa, ony nirede barlaýarlar?
"Jenap, öz planetalarynda."
Naron ýigrimi fut beýikligi bilen ýerinden turdy we gaty ses bilen gygyrdy:
- Öz planetasynda?!
"Hawa jenap."
Naron ýuwaş-ýuwaşdan ruçkasyny çykardy we kiçijik kitabyň soňky belliän planetanyň üstüni çyzdy. Öň beýle bolmandy, ýöne Naron gaty paýhaslydy we “Galaktika” -nyň beýleki agzalary ýaly boljak wakalary öňünden görüpdi.
Naron " samsyķ eşekler" -diýip gygyrdy.

Terjime eden: Sapargylyjow Baýramgylyç
3 лайков 141 просмотров
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Dowsypat
16 апр 2022, 21:03
Okan:Ýadrogylyjow Atomgylyç sowesh
#B.S
Автор 16 апр 2022, 21:13
Dowsypat.,
hihi
Dowsypat
16 апр 2022, 21:29
Bu at-familiya bilen bu saytda name ishleyan?Sen dagy Ukrayina gitmela.
#B.S
Автор 16 апр 2022, 21:30
Dowsypat.,
Gorkýan swist
Dowsypat
16 апр 2022, 21:33
Gorkyan bolsan onda gayrat etde Saparow Bayrama uytget komek
#B.S
Автор 16 апр 2022, 21:34
Dowsypat.,
Yoook. Gorkmagmyn sebabi men ruslara meňzeş hihi
Dowsypat
16 апр 2022, 21:45
Onsoň,ukraýinler hindä meňzeşmi?
#B.S
Автор 16 апр 2022, 23:59
Dowsypat.,
Yok ozlerine meňzeş :)))
Şamuhammet
17 апр 2022, 07:56
Termoýadro synagyny öz planetalarynda geçirýärler ???????????