Aýzek Azimowyň aforizmleri
Aýzek Azimowdan hikmetli sözler
Taryhy proses şeýlebir derejä ýetdi, indi adamzada duşmanlyk etmek, ýowlaşmak mümkin däl. Ýerdäki adamlar hökman biri birleri bilen dostlaşmalydyrlar. Men şu garaýyşy eserlerimde aýratyn öňe sürýän...
***
Bolýar, adamlar biri birini halaman bilerler, ýöne olaryň arasyndaky ýigrenç duýgusyny hökman ýok etmeli.
***
Ylmy fantastika ähli adamlaryň birleşmegine kömek etjek esasy uguryň biri diýip ynanýan.
***
Biziň ylmy fantastik eserlerde gozgaýan meselelerimiz bütin adamzadyň möhüm meseleleridir...
***
Her bir adam islän zadyna ynanybersin, ýöne hemmäniň bir zada mejbury ynandyrylmagyna garşydyryn.
***
Ylymda beýan edilen iň gowy söz ,,Ewrika" däl, “Ynha bu örän täsin”-dir.
***
Eger nahar süýji bolsa ol zyýanlydyr.
***
Jogapkärçilik – agyr iş däl.
***
Geljekde-de kitabyň ornuni hiç zat eýeläp bilmez, edil geçmişde hem eýelenmedigi ýaly.
***
Adamzat taryhyna düşünmek kyn. Kiçijik üýtgeşmeler beýik netijeleri getirip çykarmagy mümkin.
***
Beýik Ýaradyjy ählimizi söýýär, ýöne hiç birimizden haýran däl.
***
Gahary gelýän adamyň sögünjine gynanmaň. Eger, ol biraz rahatlanyp ýene sögünse onda gynanyp bilersiňiz.
***
Durmuşda birnäçe sowallara dogry jogap bermekden gyzykly iş barmyka?
***
Ulalanymyzda biz üýtgämizok, diňe ýaşymyz ulalýar we ýygyrtlarymyz köpelýär. Emma, muňa gynanyp oturasy iş ýok.
***
Eger lukman maňa bäş minut ömrüm galanyny aýtsa, howsala düşmän, tizräk bir zatlar ýazyp galmaga synanyşardym.
***
Kem diýeni, umuman ýok diýenden gowydyr.
***
Adamlar özlerini goňşularyndan gowyrak, medeniýetleri gadymy we beýik, başga ýerlere ýaýran iň gowy häsiýetler özlerinden geçen, ýamanlyklar bolsa başga ýurtlarda dörän, diýip hasaplamaga öwrenen.
***
Garramagy hem bilmek gerek. siz garradygyňyz saýyn mylaýymrak, adamlara mähirli boluň. Esasysy, töweregiňizdäkiler
siziň durmuşda rahat ýaşaýandygyňyzy görsünler.
***
Söýgi babatynda özüňizi gynamaň. Ýönekeý ýol tutuň, ýagny söýýäniňize söýýändigiňizi aýdyň. Söýmek we söýülmek nähili gowy.
***
Jemgyýetiň başynda durjak robot döredilse, ol iň gowy syýasatçy bolardy. Robotehnika kanunyna görä, ol adamlara zyýan ýetirip bilmezdi, ýamanlyk we parahorlyk etmezdi. Ol garramazlygyny we ölmezligini bilse-de, öz wagtynda işden çykardy.
***
Ilki oýla, soň gürleme.
***
Seni kim diýip hasaplamaklary däl, sen özüňi kim diýip hasap etmegiň möhüm.
***
Ynam akyldan üstün.
***
Ýaşaýyş – ýitirimler zynjyrydyr. Ýaşlygyňy, ene-ataňy,
dostlaryňy, saglygyňy we ahyrynda ýaşaýşyň özüni hem ýitirýäň.
***
Fantast ýazyjylar näme
edýänlerini özleri hem anyk bilmeýärler, Olaryň köpçüligi öz döredijiligini gün-güzeranyny aýlamak üçin
edýänini aýtsada, emma meniň üçin
olar – nämälim we howply geljege
bakmaga het edýän
adamzat gözleridir.
Taýýarlan: Sapargylyjow Baýramgylyç

11комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.