Kiçijik dünýäler bilen kiçijik başdan geçirmeler

KIÇIJIK DÜNÝÄLER BILEN KIÇIJIK BAŞDAN GEÇIRMELER.

Bir gezek çagalaryñ ählisinden: "Ulalañda kim boljak?"diýip soranymda toparymyzyñ garagoly Mekan "Ejem boljak!"diýip, jogap beripdi.Bu jogap şeýle hoşuma geldi welin, ondan häli-şindi şol soragymy soradym ýördüm.Hemişe şol bir jogaby aldym.
Ýöne bir gün adaty sowalymy ýöneldenimde "Kakam boljak!"diýdi."Näme üçin beý diýýäñ?Öñler "Ejem boljak!" diýýädiñ-ä"diýsem akja dişlerini görkezip, "ýyrş" etdi-de,"Kakam şu gün meni gezmäge äkidýär"diýdi.
Pikrini üýtgetmeginiñ sebäbi düşnükli boldy.

******
Täze ýylda iş wagtym gijräk başlansoñ, işe giç geldim.Topara girenimden çagalar "Mollum bize Aýazbaba geldi-de,Aýaz baba geldi" boluşdylar.Düşbüjämiz Abdylla bolsa:
"Pylany mollum Aýaz baba bolaýypdyr" diýdi.Haýran galdym.Çünki,özümem Aýazbabanyñ şol işdeşimizdigini zordan tanapdym.

*******
Mekany gujagyma alanymy gören Abdylla garaja gözlerini jikgerdip ýüzüme seretdi-de "Indi bizi gowy görjek dälmi?"diýip,çyny bilen sorady.


******
Nurmyradyñ dil açyp ugran wagtlary.Iş wagtymyzyñ gutararyna mähetdel atasy agtyjagyny almaga gelýär.Topardan çykjak bolanda atasy Nurmyrada "Mollumyña sag bol et"diýýär.Körpeje elini galgadýar.Men onuñ çalak-çulak gepläp ugrandygyny bilemsoñ "Diliñ bilen sag bol diý!" diýýän.Atasam muny bilýän bora çemeli, meniñ diýenimi gaýtalaýar.Bize düşünmedik Nurmyrat diljagazyny çykaryp görkezýär.
*****
Çagalar bilen asla "Türkmen owazy"teleýaýlymyna tomaşa etmeli däl.Ine-de ýaýlyma bir bagşy çykar.Zenan bolsa-ha çagalardan biri "Meñ ejem"diýip gygyrar.Beýlekisem diýer "Ýok,meñki" .Aññyrrakdan biri diýer:"Ikiñiziñkem däl meñki".Onsoñ başlanar bir uruş.Al başyña belany.Bu uruş aýratynam Nurýagdy Rejebow ýaýlyma çykanda başlanýar."Meñ kakam-da meñ kakam "sesleri çar tarapdan ýañlanyp ugrar welin "Bes ediñ"diýip iñ soñkuñdan gygyraýasyñ geler.Içiñdenem "Daş etsin,bir görgülini töhmet astynda-da goýjak şular"diýip ýylgyrarsyñ.

****
Gurbanberdi bilen Atajanyñ gürrüñlerini ýylgyryp diñleýän.
Gurbanberdi:
Meñ kakam milise.Seni tutduraryn
Atajan:
Meñ kakamam dogtor.Saña kol etdirerin.
*****
Meñ iñ lezzet alýan pursatlarymdan birem gyzjagazlaryñ onda-da Sähragülüñ oýnuna tomaşa etmek.Aýagyny uzyn salar-da gujagyndaky hyýaly bäbegi yralap başlar.Arasynda-da "Nämä ýatañok,ýat diýýän" diýip kakyş-kakuş edip haýbat atyp başlar.Onuñ bu hereketini beýleki gyzjagazlaram gaýtalaýar.Soñ Sähragül Begmyradam kaka yglan edip başlar.Gujagynda çaga yralaýan wagty gulagyna telefon alansyrap "Kakasy,geleñde çörek getiräý"diýer.Üç ýaşyndaky Sähragülüñ bu tomaşasyny synlap "Gyzlarda enelik duýgusy gör näçe ir ýüze çykýan eken" diýip oýlanýaryn.

@Belki
5 лайков 250 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ladybug
23 фев 2022, 19:51
Gaty gowy. Yurekden yylgyrdym
Ladybug
23 фев 2022, 20:04
Men doredijilik gaty kicilikden basladym. Bolsa 1nji klas zatdyryn. Bir gun doganymyn biologiya kitabynda haywanlan suratyny gorup, ozumin ilkinji "gosgymy" yazypdym. Ine so gosgy
Haywanlar-a,haywanlar,
Dolup dasyan haywanlar.
Turkmenistan ilimde
Haywanlar kan,haywanlar. pont
Hiayress
23 фев 2022, 20:16
Ajaýyp, çagalaň sadadan özboluşlyja dünýäleri bar.
Belki
Автор 23 фев 2022, 20:27
Ladybug,
Şahyr ekeniñ-ä. :)
Ladybug
23 фев 2022, 20:39
Belki,
Elbetde. Ah mende kelle bada,suyreg yokda. Yogsa,siz dagy men kitabymy almak ucin nobata durardynyz psih3
Belki
Автор 23 фев 2022, 21:06
Ladybug,
Meñ pikirimçe bu şahyrana pikirleriñi belläp goý.Geljekki nesillere ýadygärlik :)
Ladybug
23 фев 2022, 21:12
Hokman
Mechta
24 фев 2022, 00:42
Cagajyklar hasam gyzjagazlar dusbuje bolyar uytgeshik