Adamlaryň şahsy durmuşyny dörjelemäň!

ADAMLARYÑ ŞAHSY DURMUŞYNY DÖRJELEMÄÑ! 

Allanyñ kelamy bolan "Gurhanyñ" "Isra" süresiniñ 36-njy aýatynda "Bilmeýän zatlaryñ ugruna düşme! Çünki, gulak, göz, ýürek ýaly agzalaryñ hemmesi-de eden işleriñden jogapkärdir" diýilýär. 
Bu aýatyñ manysyna dogry düşünmek üçin, öz gündelik durmuşymyza we o dünýämiziñ hasabyna peýda getirip biljek maglumatlary öwrenmek bilen nämälim meselelerde öz ýanymyzdan netijä gelmek we bu netije esasynda adamlaryñ şahsy durmuşyny dörjelemegiñ tapawudyny bilmelidiris... Emma öz dünýägaraýşyñy giñeltmek üçin adamlaryñ artykmaçlyklaryny we kemçiliklerini öwrenmek, bu eýýäm ýokarky aýdanlarymyzdan başga zatdyr. "Bilmedik zatlaryñ ugruna düşme!" diýlen emir adamlaryñ şahsy durmuşyny, gizlin syrlaryny dörjelemegi we betgümanlyga esaslanyp, olar babatda netijä gelmekligi gadagan edýär. Başga bir aýatda bolsa: "Eý iman edenler! Zandan (gümandan) ägä boluñ. Çünki güman etmegiñ köpüsi günädir. Bir-biriñiziñ pynhan ýagdaýlaryny gözlemäñ" diýilýär ("Hujurat" süresi, 49/12). 

Bu aýatyñ manysyna elbetde, kimdir biriniñ şahsy durmuşyny yzarlamagyñ gadagandygy barada aýdýar diýip düşünmek bolar. "Ogram özüne osar, orramsam..." diýlişi ýaly, eger bir adamyñ ruhunda haýsydyr bir näsaglyk bar bolsa, ol özgeleriñem ruhunda özüniñki ýaly näsaglyk bar diýip düşünip başlaýar we beýleki adamlara-da öz keselini ýokuşdyrmak üçin hars urup başlaýar. Mysal üçin, il-günüñ malyny ogurlap öwrenen bir ogry her gözi düşen gapysyny nädip açjaklygynyñ pyglyny kellesinde aýlaýar, öñünden çykan her diwary nädip aşjaklygynyñ pikirini edýär, duş gelen her adamsyna öz ogry düşünjeleri bilen garaýar. Ýolda barýarka bir dükana gözüniñ gyýtagy bilen sereden birini görse, ony özi ýaly bir ogrudyr öýdýär. Çünki onuñ özüniñ bar bileni-biteni iliñ gulply gapylaryny ogrynça açmak we näme bolsa ogurlamak bolandygy üçin başga adamlar hakynda-da şeýle pikir edýär. Edil şolar ýaly ruhy näsaglyga duçar bolanlaryñ kalp näsaglygy-da şonuñkydan ibaly däldir. Olar her kölegäni janly bir zatdyr öýdýärler we her ähtimallygy hakyky bolaýjak zat diýip düşünýärler. Peşeden pil ýasap, gören ujypsyzja zatlaryny ulaldýarlar, çişirýärler. Çala-çapdyr eşiden zatlaryny we göze ilişen ähmiýetsiz zatlary kalp gazanlarynda özleşdirýärler, dürli galyplara salýarlar we olary anyk maglumat hökmünde görüp, şoña görä netijä gelýärler. Soñra turuwbaşdan nädogrydygy görünup duran netijeler bilen adamlary garalamaga, aýyplamaga durýarlar. Allanyñ Resuly Muhammet pygamberiñ aýdan şeýle sözleri bar: "Zandan gaçyñ. Çünki zan sözleriñ iñ ýalanydyr. Özüñize degişli däl zatlary öwrenjek bolmañ, bir-biriniziñ içki syrlaryny gözlemäñ, bir-biriñiziñ sözlerine gulak gabartmañ, bir-biriñiz bilen basdaşlyga girmäñ, bir-biriñize görübilmezçilik etmäñ, bir-biriñize garşy bugz etmäñ we arkañyzy öwürmäñ. Eý Allanyñ gullary, doganlaşyñ!" Özüñi gyzyklandyrmaýan zatlary garañka duwlanyp öwrenjek bolmakdan, betgümançylykdan, müñkürlik etmekden we dostlukly gatnaşyklary zäherläp biläýjek islendik hereketden daşda durmagymyz gerekdir. Muny etmek üçin gerek bolsa, gulaklarymyza pagta dykmalydyrys we kimdir biri hakynda aýdylan ýaramaz sözlere gulak gabartmaly däldiris... Hatda gerek bolsa elleriñiz bilen gözleriñizi ýumuñ, emma özüñiz ýaly biriniñ oñaýsyz hallaryny, ýalñyşlyklaryny agtarmaga çalyşmañ. Ýüreginde adam tüýi, wyždan zerre ýalysy bolan adam özi ýaly birini onuñ aýdan sözüne, daşky sypatyna ýa-da özüni alyp barşyna görä baha berip, ol barada erbet pikirleri etmez we kalbyny betgümançylyk bilen hapalamaz. Gözüñizden, gulagyñyzdan we kalbyñyzdan geçen zatlar üçinem hasap berjekdigiñizi hiç haçan ýatdan çykarmañ! Hawa, gep-gybat we betgümançylyk häzirki gündelik durmuşymyzyñ iñ uly problemalarynyñ biri bolup barýar. Hatda özümizem mahal-mahal bu problemalaryñ içinde boguşjak, gyrlyşjak bolup durandygymyzy duýman galýarys. 

Eýsem, asuda asmanyñ, pasyrdap duran ýaşyl baýdagyñ astynda bir-biriñe doganlyk gözi bilen garamak, agzybir we jebis ýaşamak, ejizi goldamak, entäne hemaýat bermek, asylly maksatlary niýet edinip ýaşamak we dünýägaraýşyñy giñeltmek ýaly adamkärçilikli prinsipleri durmuşa ornaşdyrmagyñ deregine, betgümançylyga, töhmete, gep-gybata gümra bolmak nämäniñ alamaty?! Kime näme gazandyrýar?!. 

Näme üçin ýaramaz hüý-häsiýetler o diýen bir ýazgarylyp barylanok? Adamlaryñ aýbyny gözlemek, gizlin syrlaryny dörjelemek, gulagy ýaramaz sözleri eşitmäge, gözi peýdasyz zatlary görüp ýadatmaga, dili gybata, töhmete kirletmäge we bütin bu agzalyp geçilen ýaramazlyklary kalp gazanynda gaýnatmak we dürli görnüşlerde hödürläp, il-günüñ işdäsine sogan dogramak, şol sanda ujypsyz zatlary çişirmek, käbir myjabatçylykly sözler bilen adamy dymmaga mejbur etjek bolmak, käwagt bolsa onuñ bir pursatlyk ýagdaýyna seredip, onuñ tutuş durmuşyna atanak çekmek ýaly aýylganç günäler bar welin, käte hemmämize bolmasa-da, bular ýaly günäleri edýänler bir çetde garañka bukulyp, guýrugyny jaýtardyp duran içýan ýaly adamlaryñ ruhy dünýäsine awy-zäher pürkmegine dowam edýärler. 

Taýýarlan: Has TÜRKMEN. 

 

site/

5 лайков 159 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
LLLL
20 апр 2022, 09:12
????
Ogulşirin Bayramowa
20 апр 2022, 09:33
Gaty negatiw ýerlerem bar...
Ahally
Автор 20 апр 2022, 09:58
Ogulşirin_Bayramowa
Gaty negatiw ýerlerem bar...

Bolup biler, her kimiň pikirlenşi başgaça.
Mümkin
20 апр 2022, 13:05
Oñ ýaly uzyn ýazgyny reñkli şriftde paýlaşmasañyzlañ,gözi bimaza edýär.
Mümkin
20 апр 2022, 13:06
Şu Has Türkmen meñ gowy görüşýän agamdyr. :))