Durmuşy kynlaşdyrmalyň

Maňa ykbaldan düşen paýyň saýasynda köp adamlaryň durmuşyndan bir bölek almaga mümkinçiligim boldy. Bu diýdigim, ýakynlarymyň (we käte bir sebäp bilen işi düşenleriň) käbir soraglarda ýüz tutmaklary ýa maslahat soramaklary, maňa başgalaryň durmuşyndan bir bölegine bitarap synçy hökmünde analiz etmäge mümkinçilik berýärdi.
Her kimiň durmuşyny analiz etmekden başga işiň ýokmy diýseňiz? Men ýakynlarymyň özüni gowy duýmagyna goşant goşasym gelýändigi ikuçsuz, ýöne gaty ýakyn tanamaýan adamym hem bolsa depressiya, alada, howsalalylyk alamatlaryny görsem el uzadasym gelýär.
Men psiholog däl, hökman maslahat hem berjek bolamok ýa-da hemme ýagdaýda ýaramly maslahat berip bilýändirin hem öýdemok. Ýöne käte adamlary diňe diňlemek hem ýeter. Käte adamlar diňe bir özleriniň eşdilen bolmagyny isleýärler.
Dürli adamlar bilen gürleşmeklik, pikir alyşmaklyk, olaryň dünýä, belli zatlara bolan garaýyşy hakda eşitmeklik, seniň hem adamlar bilen düşünişip bilmeklik ukyplylygyňy ýokarlandyrýar. Bu bolsa häzirki wagtda islendik işde ösmek, ökde bolmak üçin zerur zatlaryň biri bolup durýar.
Ýöne temanyň esasy ýerine geleýin. Men “dertler” analizyndan bir zada göz ýetirdim: adamlaryň 60–70% töweregi öz ýagdaýlaryny özleri kynlaşdyrýarlar. Köp ýagdaýlarda diýen ýaly aňsat çözgüt tapyp bolýarka, adamlar ýagdaýlary dramalaşdyrmagyň ugruna düşýärler. (Belki şeýle has gyzykly bolýan bolmagam ahmal)
Elbetde hemme soraglaryň, meseleleriň, dertleriň çözgüdini özüňden aňsatlaşdyryp bolanok. Çünki durmuşda bize bagly bolmadyk faktorlar hem kän. Ýöne ýenede mümkin boldugyndan durmuşy kynlaşdyrmaga derek aňsatlaşdyrjak bolmak öz elimizdäki saýlawymyz diýip pikir edýärin.
Nirvana.
2 лайков 133 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress
31 авг 2022, 10:40
Большинство людей употребляют лучшую пору своей жизни на то, чтобы сделать худшую ещё более печальной.
Ж. Лабрюйер
Hiayress
31 авг 2022, 10:41
Çözgüti aňsat bolsa-da, "aňsat bolsa men şu hala düşmezdim" diýip, kynlaşdyrýanlaram bar.