Maşanyň ýagdaýy

Maşa we aýy rus halk ertekisinde şeýle sahna bar. Maşa öýüne gaýytmak bahanasy bilen aýyny aldawa salýar. Ol bişiren pişmelerini sebede salýarda, özäm şol pişmeleriň aşagyna girip gizlenýär. Aýy sebedi arkasyna hopba edýärde ýola düşýär. Pişmeleri Maşanyň öýüne eltip bermek üçin. Ýol uzak bolany aýy surnykýarda pişmelerden iýmekçi bolýar. Maşa bolsa, gizlenip ýatan ýerinden aýynyň edýän ogrylygyna şärik bolýar. Ol öz bişiren pişmelerini aýa iýdirmejek bolup şeýleräk diýýär.
-Görýän, görýän seniň edýäniňi
Maňa bildirmän pişmelerimi iýýäniňi
Maşanyň sesini eşiden aýy, pişme ogurlamasyny bes edýärde ýene ýola düşýär.
Meniň ýagdaýym hem edil Maşanyňky ýaly bolaýmasa. Men hem öz busyp ýatan ýerimden dünýäde nämeleriň bolup geçýänini, kimiň nämeler edýänini görmekçi bolýan. Häzirlikçe şu.
Eger haçanda bir wagt şowuna bolsa, busyp ýatyp nämeleri görendigimi size aýytmagym hem mümkin. Garaşyberiň. Boşa galmarsyňyz diýip tama edýän.
2 лайков 160 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
My life
31 авг 2022, 15:22
Dushniksiz tema.?
Sad boy
31 авг 2022, 15:27
Ýatan ýeriňde düýş görýän bolaýma
Enesh_Turkmengyzy
10 сен 2022, 11:21
Yatyp yatma
Atyp yat ))