Göç ýolunda......

GÖÇ ÝOLUNDA ÇAGASY DOÑUP ÖLEN OWGAN ENESI: "ADAMYM ELLERI BILEN GAR GATYŞYKLY ÝERI GAZDY, GURT-GUŞ IÝMESIN DIÝIP, BALAMYZY SELLOFAN PAKETLERE ORAP GÖMDÜK"

• Türkiýä gelýärkä ýolda iki ýaşly çagasy doñup ölen owgan är-aýalynyñ hasratly kyssasy

- Serhetdäki ogrular ýanymyzda näme bar bolsa sypyryp aldylar. Buzda we gatda sagatlap ýol ýöredik. Minutsaýyn agyrlaşyp barýan çagamy arkamdan düşürdim. Endamyny owkalaşdyrdym, el-aýaklaryny owkalamaga dowam etdim. Hiç hili peýdasy bolmady, neressejik hereket edenokdy. Oguljygym ölen eken...

Şindi size bir owgan ene-atasynyñ başyndan geçiren göç kyssasyny gürrüñ bereýin.

Talibanyñ ýurtda häkimiýeti ele alanyndan soñ barha artýan we ykdysadyýetiñ mazaly çökmegi zerarly ýetjek derejesine ýeten owgan göçhä-göçlügine bir-de şu penjireden seretmegiñizi isleýärin.
Serdar Azizi Owganystanyñ paýtagty Kabulda merkezi hökümetde işleýän gullukçydy. Otuz ýedi ýaşly Azizi Yslam ylymlary edarasynda işleýärdi.
Ol aýaly Sita Azizi bilen birnäçe ýyl öñ nikalaşdy we olaryñ Muhammet atly bir çagalary dünýä indi.
Talibanyñ 2021-nji ýylyñ sentýabr aýynda Kabuly almagyndan soñ Aziziler maşgalasy üçin ýurtda ýaşamak mümkin däldi.
Galyberse-de, Taliban Serdar Azizä iki-üç sapar haýbat atyjylykly hat ýollap, ýurtdan çykmadyk ýagdaýynda, dürli gynamalara sezewar etjekdigini aýdypdy.
Hasam beter Sitanyñ özelenip durmagy bilen 2021-nji ýylyñ aýaklarynda maşgala Kabuldan çykmagy makul bildi we ahyrynda Eýrana aşdylar.
Eýranda iki aý töweregi galandan soñ ylalaşyga gelnen bir bandanyñ guramaçylyk edýän topary bilen Türkiýäniñ serhedine tarap hereket etdiler.

• Topardan üzülip galýarlar: gar, añzakly gije...

Azizi maşgalasy topar bilen bile Wanyñ Çaldyran etrabynyñ çägine barýar.
Sita Azizi göçegçiler üçin ölüm guýusyna dönen serhet ýakasy babatda "Çaldyran serhedi göçegçiler üçin iññän howply we erbet" sözi bilen ünjüsini dile getirdi.
Hakykatdanam şeýle dälmi näme? Sowukdan doñup galanlar, ýyrtyjy haýwanlar şam bolanlar, bandalaryñ gynamalaryna we jynsy zorlugyna uçranlar...
"Serhet ýakasyna geldik, sagat 16:00 töweregidi. Garañky gatlyşansoñ ýöremekçidik. Howa-da ýellidi we garlydy" diýip, Sita gürrüñ berýär.
Topar ýöremäge başlaýar. Sita öñde, adamsy Serdar yzda we 26 aýlyk ogullary Muhammet kakasynyñ arkasynda...
Toparyñ yzyndan ýöräp barýan är-aýal belli bir wagtdan soñ topardan üzülip galdy we Türkiýäniñ araçägine golaýlaşdy.
Bu ýerde az-owlak säginenlerinden soñ özlerine salgy berilen ýoldan ýöremegi makul bildiler. Ýörediler. Sowuk, tipi, kar ve gece…

• Ýollaryny kesen bandalar telefondan başlap, çaganyñ süýt emýän gutujygyna çenli, ýanlarynda näme bar bolsa aldy

Az-owlak ýöränlerinden soñ är-aýalyñ "ogry" diýip atlandyran, Eýranyñ araçäginde ele salan göçegçilerini talaýan, urup-ýenjip hossarlaryndan pul talap edýän, hatda aýal göçegçileri zorlaýan bandalar ýollaryny kesdi we olaryñ puluny, hatda telefonlaryna çenli, ýanlarynda näme bar bolsa aldylar.
Hatda körpe Muhammet üçin alynan süýt çüýşejigine we ýanlaryndaky suwuna çenli gaýgyrman aldylar.
Sita ol pursatlary şu sözler bilen gürrüñ berdi:
- Ýoly bilemzokdyk. Topardanam üzülip galdyk. Soñam ogrular geldi. Telefonymyzy, pulumyzy, ýanymyzdaky bar zady alyp gitdiler, soñ men gygyryp kömege çagyrdym. Sesimi eşden bolmady. Biz indi araçäkdedik, 3-4 sagat ýol ýöräp, serhet ýakasyndaky obalaryñ birine aşmagymyz gerekdi.

• Adamsyndan Sita: "Çaga seretsene, ne beýle agyrlaşýar"

Ähli oñaýsyzlyklara garamazdan, är-aýal ýol ýöremäge dowam edýär.
Muhammet kakasynyñ arkasynda we ene Sita yzda, ötlem-ötlem gerişleri aşjak bolup çyr-çytyr bolýarlar.
Birnäçe metrden soñ Serdar çaga seretmek üçin aýalyna seslenipdir.
Şol pursatlary şu sözler bilen gürrüñ beren Sita şeýle diýýär:
- Çaga ärimiñ arkasyndady. Adamym birki gezek maña "Çaga seretsene, näme birden agyrlaşdy-la?" diýdi. Seretdim, endamynyñ goñras reñke girip başlandygyny gördüm. Badamjanyñ reñki ýaly goñras reñke giripdi. Ýerde goýdum, el-aýaklaryny owkalaşdyrdym. Üýtgän zat bolmady, hereket ýokdy. Soñra ýañadandan adamymyñ arkasyna hopba etdim, bir sagatlap ýol ýöredik.
Şol wagt Muhammediñ ölen bolaýma ahmallygy ne Sitanyñ, ne-de Serdaryñ aklyna-oýuna geldi.
Çagajygyñ barha agyrlaşýan jansyz göwresi agyr ýoluñ hupbatyny hasam agyrlaşdyrdy.
Sita sözüni şeýle dowam edýär:
- Götermek mazaly kynlaşdy. Ahyryn ýere düşürmeli bolduk. Ikilenç seretdim, bu gezek duw-ak bolupdy. Ýanymyzda berer ýaly zadymyz ýokdy. Süýtlerimizi-de ogrular talapdy. Suwam ýokdy. Ýanymyzda näme bar bolsa alypdylar...

• "Ýüregurşuny barladym, durandygyny duýdum, şol wagt ölendigini añladym"

Serdar bar güýjüni jemläp, ýene bir gezek ogluny arkasyna aldy we gara bürenen zeminde mytdyllap ýollaryna dowam etdiler.
Belli bir wagtdan soñ ýöräp bilmejek derejede ýadansoñ, Serdar aýalyna ýol aşmaga ysgyn-mydarynyñ galmandygyny aýtdy.
Sita şol pursatlary gürrüñ berende barmaklary titreýär, gürrüñ berdigiçe sesi barha üzlem-saplam hala girýär.
Şol wagt barmaklary kesilen ellerini Sitanyñ dyzynyñ üstünde goýan Serdar garşysyndaky boýagy ýarçyk atan diwara seredýärdi.
Şeýle bir seredýärdi welin, aýalynyñ gürrüñ berýän zatlaryna garşysyndaky diwarda täzeden tomaşa edip duran ýalydy...
Gözleri nemlenen Sita bolsa ýuwdunyp, gürrüñini dowam etdirdi:
- Durman gar ýagýardy, ýerde-de ep-esli gar bardy. Soñra ärim ýadady we indi ýöremäge mejalynyñ galmandygyny aýtdy. Balajygyma seretdim, el-aýaklary gop-goñurdy.
Ärim "Men indi ýöräbiljek däl, sen oglumyzy al-da, bileje gidiñ" diýdi. Menem "Ýok, men aýal halyma ýeke özüm nirä gideýin?" diýdim. Ärimiñ aýdanyny etmedim. Ogluma seretdim, gap-garady, hereket hem ýokdy. Ýürek urşuny barladym we ýüreginiñ urgudan galandygyny syzdym. Şonda onuñ ölendigini bildim...
Ärime ony arkasynda götermäge dowam etmegini aýtdym. Ölenem bolsa, balajygymyzy Türkiýä äkitmekçidik.
Sita elindäki mata bölejigi bilen gözýaşlaryny süpürýär. Ýygy-ýygydan adamsy bilen nazary kaklyşýar.
Adamsynyñ sesini çykarman oturanyny, gürrüñine dowam etmek üçin razylyk hasaplap, sözüni dowam etdirýär:
- Indi balajygymy men göterip başladym. Neressejik diýseñ agyrdy. Üstümizde näme bar bolsa zyñdyk, şonda-da agyrdy. Ýöremäge mejalym ýokdy, adamymam şeýledi.
Bir sagatdan soñ oglumy arkamdan düşürdim. Ýene endamyny, el-aýaklaryny owkalamaga durdum. Emma hiç hili peýdasy bolmady. Ärim şonda-da "Git indi" diýip durdy. Meniñem ýöremäge ýagdaýym ýokdy. Ýene öz diýenine tutdy: "Oglumyz öldi. Sen bizi goý-da gidiber, biz bärde garaşarys".
Men nirä gideýin, gorkýan. Ogrular bar. Başyma näme geljegi belli däl. "Gitjek däl" diýdim.

• "Ärim eli bilen gar gatyşykly ýeri gazdy, gurt-guş iýmesin diýip, balamyzy sellofan paketlere orap gömdük"

Sita göýä gürrüñiniñ ýüreginde bir ýumra dönen bölegine gelen ýalydy.
Şu ýerini-de gürrüñ beribilse, alty aý öñki şol sowuk ýolagçylykda doñan kalby eräýjek ýaly aýgytly we hasratly. Şol pursat ol uludan dem aldy we gürrüñini dowam etdi.
Adamsy çagajygy gömmek üçin Sitany razy edipdi. Olam ýeñlemegi, soñ gelip çagasyny tapmagy makul bilipdi.
Serdar golaýdaky bir boşlugy eli bilen gazdy. Gazandan soñ ýanynda näme bar bolsa, jigerbentlerine oradylar we bileje üstüne gar gatyşykly gum sürdüler.
Şol wagt olaryñ bar gorkusy aç möjekleriñ Muhammediñ naşyja jesedini iýmegidi.
Sita "Golaýymyzda bir çukur bardy. Ärim şol ýere gambling diýdi we eli bilen ýeri gazdy. Soñra ýanymyzda näçe sellofan paket bar bolsa, üstüni örtdük we gömdïk. Möjekler iýäýmesin diýip ony pakede oradyk. Meniñ şol ikiarada gözüm garañkyrady, hiç hili ysgynym ýokdy. Ärim şul balajygymyzy ýere duwlap durka, zordan synlap duranym ýadyma düşýär. Ärimiñ elligi ýokdy. Oglumy gömenden soñ daş-töwerekdäki garlary üstüne sürdi we mazaly örtdi" diýdi.
Är-aýal perzentlerini gömen gar tümmeginiñ ýanynda biraz salym duranlaryndan soñ, ýollaryna dowam edýär. El tutuşyp, taýmazlyga we galyñ gara batmazlyga jan edýärler.
Ýeke agyz geplenmän geçilen bu hupbatly ýolagçylygyñ soñuna gelnende, eýýäm gün dogupdy. Är-aýal uzaga çeken gijeden soñky argynlyklary ýetjek derejesine ýetensoñ, ahyryn bir obanyñ çetinden girýärler.
Söz gezegi ýene Sitada:
- Oguljygymy ol ýerde taşlap gaýtmak juda kyndy. Soñra ýolumyza dowam etdik. Bir ýarym sagat çemesi wagtdan soñ Türkiýäniñ bir obasyna ýakynlaşdyk. Ir sagat 8:00 töweregi oba giripdik. Öñki agşam 16:00-da ýola düşenimizdi. Oba girenimizde polisiýanyñ awtoulagyny gördük. Polisiýa bölümine bardyk, yzda çagamyzyñ ölendigini we gömüp gaýdandygymyzy aýtdym, ýöne ol düşünmedi. Olam bir zatlary aýdýardy. Bizem olara düşünemzokdyk.

• Barmaklary ýanan Serdar Azizi "Tiz kömek" bilen hassahana ýerleşdirýär

Sita gürrüñiniñ galan bölegini şu sözler bilen dowam etdi:
- Ylla aýaklarym ýok ýalydy, bilden aşagyny duýamokdym. Aýakgabymy çykardylar, çaý-nahar berdiler. Soñra ärimiñ ellerini gördüler, onuñ on barmagy-da gap-garady. "Tiz kömek" çagyrdylar. Ärimi golaýdaky hassahana äkitdiler.
Ýagdaýynyñ erbetdigi görlensoñ, bizi etrap hassahanasyna äkitdiler. Ol ýere gitdik, iki gün ýatyrdylar. Barmaklarynyñ kesilmeli boljakdygyny aýtdylar. Ýogsam barmaklarynyñ ujundaky garanyñ tutuş endamyna ýaýrajakdygy aýdyldy. Men ilki rugsat bermedim, ýöne ýagdaýyñ oýun-oýunjak iş däldigini görüp, razylyk bermeli boldum.
Üç aýlap hassahanada bolduk. Örän agyr günleri başdan geçirdik. Ahyrsoñy hassahananyñ işgärleri wagtymyzyñ dolandygyny we gidip biljekdigimi aýtdy. Emma biz hiç kimi tanamansoñ, nirä gitjegimizi bilemzokdyk.
Serdar bilen Sita hassahanada bir owgan bilen tanyşýar, ol är-aýala arzan bahadan kireýine öý tapyp biljekdiklerini aýdýar we tapyp berýär.
Sita "Bir owgan bardy. Ol bize arzan bahadan öý bardygyny aýtdy. Öý eýesiniñem gowy adamdygyny aýtdy. Bizi ol ýere äkitdi. Öý eýesi edil häzir-ä gowy. Bir-iki haýyr-sahawat guramasyndan dört gezek kömek aldyk. Hassahanada ärim we meniñ üçin şeýle bir agyr günler geçdi welin, balajygymyñ gam-hasraty ýatdan çykdy" diýip gürrüñ berdi.

• "Hemmeler soraýar, "nämüçin çagañ ýatan ýerine gitmediñ?" diýip. Emma kalbymda nämeleriñ köwsarlaýandygyny bilýän ýok

Är-aýaly agyr agyr sessizlik gaplap aldy. Soñra olaryñ durmuşynda eşdip biljek iñ agyr sowaly garabagyr ene Sitadan soramaly boldum:
- Ogluñyzyñ aradan çykan ýerine gitmäge hyýallandyñyzmy, heý?
Sitanyñ agzyndan çykan birinji jümle diñe bir diwanyñ bolan borram-boş otagynda ýañlanan ýaly boldy.
Onuñ agzyndan çykýan her bir söz soragyma gaharynyñ gelendigini duýdurýardy: Soragamy, takdyramy?..
By gezek Sita hem aglady, hem gürrüñini dowam etdi:
- Kör-köpük pulumyz ýokdy, tanaýan adamymyzam ýok. Hem şol gün gije bolansoñ, gömen ýerimizi hiç ýadyma düşürip bilemok. Diñe Çaldyran ýoludygyny ýada düşýär. Hemmeler soraýar, "nämüçin çagañ ýatan ýerine gitmediñ?" diýip. Emma kalbymda nämeleriñ köwsarlaýandygyny bilýän ýok. Başymdan nä günleriñ geçendigini-de. Gijelerine uklap bilemok. Hiç kimiñ mundan habary ýok. Maddy ýagdaýymyzam juda pes. Oglumyñ hasraty hemişe ýüregimde ýaşar.
Sitanyñ sözi gutaryp-gutarmanka, adamsy Serdar birinji gezek geplemäge başlady.
Serdar borram-boş öýi görkezip, işlemeýändigini, hiç zatlarynyñ ýokdugyny aýtdy.
Gysgajyk ellerini doga edýän ýaly ýokary galdyrýar we kesilen barmaklaryny elleri bilen görkezip, indi galam hem tutup bilmeýändigini aýdýar.
Geñ ýeri, Taliban ýollan hatynda Serdaryñ dyrnaklaryny goparjakdygy barada haýbat atypdy.... Serdaryñ indi barmaklary ýok.

Şenol BALY,
žurnalist.

28.08.2022 ý.
1 лайков 144 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.