«Taliban» Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny mälim etdi

«Taliban» hereketiniň resmi wekili Zabiulla Mujahid «Talibanlaryň» Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklap, ýurduň owgan halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak boýunça tagallalaryna ýokary baha berdi. Bu barada Zabiulla Mujahidiň Twitter sahypasyndaky maglumatlaryna salgylanyp, ORIENT habar berýär.

«Talibanlaryň» resmi wekili öz Twitter sahypasynda türkmen tarapynyň Owganystandaky täze hökümet bilen gatnaşyklaryna berýän oňyn bahasyna kanagatlanma bildirýär. Şeýle-de Türkmenistanyň Owganystanyň ykdysadyýetini ösdürmek, owgan halkyna ynsanperwerlik kömegini bermek boýunça tagallalary aýratyn nygtalýar.

Ýeri gelende bellesek, 8-nji sentýabrda Pakistan Yslam Respublikasynyň başlangyjy bilen Owganystanyň goňşy döwletleriniň daşary işler ministrleriniň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirilip, onda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew türkmen tarapyna wekilçilik etdi.

Wepa Hajiýew türkmen tarapynyň goňşy ýurtdaky we tutuş sebitdäki häzirki ýagdaýlar bilen bagly bolan garaýyşlaryny beýan edip: “Bu duşuşyk Türkmenistan tarapyndan Owganystanda parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi hem-de bu ýurduň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürilmegi ugrunda sebitleýin utgaşykly çemeleşmäniň işlenilip düzülmegi ugrundaky mümkinçilik hökmünde kabul edilýär” diýip belledi.
0 лайков 98 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.