«Taliban» Owganystanyň täze hökümet düzümini belli etdi

“Taliban” hereketiniň wekilleri sişenbe güni agşam Owganystanyň täze wagtlaýyn hökümetiniň düzümini belli etdiler. Onuň baştutany Mohammad Hasan, onuň orunbasarlary – Abdul Gani Baradar we Abdul Salam Hanafi boldy, ýokary lideri Haýbatulla Ahundzada ministrler kabinetinde wezipe eýelemedi.

Ýolbaşçylyk:

Premýer ministr – Şura (“Taliban” ýolbaşçylar geňeşi) ýolbaşçysy Mohammad Hasan. Ol Hereketiň dörän ýerinden – Kandagardan gelip çykan, “Talibanyň” häkimiýet başynda bolan ilkinji döwründe (1996 – 2001) Ministrler geňeşiniň başlygynyň birinji orunbasary, Daşary işler ministri we Kandagaryň gubernatory wezipelerini eýeledi.

Wise-premýer – “Talibanyň” syýasy toparynyň lideri Abdul Gani Baradar. Ýene bir wise-premýer – Katarda Hereketiň syýasy ofisiniň ýolbaşçysynyň orunbasary Abdul Salam Hanafi. Hereketiň ilkinji hökümetinde Bilim ministriniň orunbasary boldy.

Hökümet düzümi:

Täze hökümetiň düzümine premýer ministrden we onuň orunbasarlaryndan başga-da, 19 ministr girdi, şeýle-de Merkezi bankyň, Baş ştabyň we aňtaw gullugynyň ýolbaşçylarynyň atlary belli edildi.

Owganystanyň KHBS-i olaryň ählisiniň “Talibanyň” agzasydygyny belleýärler. Hereketiň wekili Zabihulla Mujahidiň aýtmagyna görä, talibler hemişelik kabinete owgan jemgyýetiniň ähli gatlaklaryny girizmegi meýilleşdirýärler. Ministrleriň aglaba köplügi Owganystanyň iň uly etniki toparynyň wekilleri bolan puştunlardyr. Täze ministrleriň ählisi – erkekler.

Ýaragly güýçler we daşary syýasat blogy:

Goranmak ministri – Muhammad Ýakub Mujahid ýa-da molla Ýakub. Ol 2013-nji ýylda aradan çykan “Talibany” esaslandyryjy molla Omaryň ogly.

Daşary işler ministri – “Talibana” ýolbaşçylyk boýunça Komissiýanyň başlygy Amir han Mottaki. Talibleriň häkimiýet başynda bolan ilkinji döwründe ol Ýokary bilim ministrligine ýolbaşçylyk etdi. DIM-iň orunbasary – Şer Mohammad Abbas Stanikzaý.

Içeri işler ministri – köplenç, ýarym garaşsyz diýlip atlandyrylýan “Hakkani tory” terroristik guramany esaslandyryjy Jelaluddin Hakkaniniň ogly Sirajuddin Hakkani. KHBS-iň habar bermegine görä, 15-nji awgustda Kabul ele alnandan soň, ol şäher ýagdaýyna jogap berýär.

Aňtaw gullugynyň ýolbaşçysy – “Talibanyň” syýasy toparynyň agzasy Abdul Hak Wasik.

Ykdysady we beýleki ministrler:

Ykdysadyýet ministri – Kari Din Mohammad Hanif. Bilim ministri – şeýh Mawlawi Nurulla Munir, Ýokary bilim ministri – Mawlawi Abdul Baki Hakkani.

Medeniýet we maglumat ministri – 1996 – 2001-nji ýyllarda IIM-iň ýolbaşçysy wezipesini eýelän Haýrulla Haýhwa. Onuň orunbasary – köp wagtlap “Talibanyň” wekili bolan we 17-nji awgustda Kabul ele alnandan soň talibleriň ilkinji metbugat konferensiýasyny beren Zabihulla Mujahid.

Aragatnaşyk ministri – Najibulla Hakkani. Awiasiýa we ulag işleri boýunça ministr – Hamidulla Ahundzada. Merkezi bankyň başlygy – öň “Talibanyň” ykdysady meseleler boýunça komissiýasyna ýolbaşçylyk eden Mohammad Idris.
1 лайков 148 просмотров
24комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#динара.
16 сен 2021, 21:24
janjulia yazyan
Maksat
16 сен 2021, 21:24
Opasny adamlar öytyän terorist diyyä taliban diyyä. pirat
#динара.
16 сен 2021, 21:27
Bayker,
seni pirat
Hanguly
16 сен 2021, 21:34
Bayker,
Hawwa, asyp kesýärler
Hanguly
16 сен 2021, 21:34
Umuman men şahsy pikirimi aýtsam bularyň ýurdy gowy dolandyrjagyny düşünemok. Sebäbi düşüniş şekilleri aşa ýalňyş
Maksat
16 сен 2021, 21:35
Miss_minnosh,
Howa aytma gorkunjay özä atya2
Okuwçy04.A
Автор 16 сен 2021, 21:39
Wlad,
Howa aýal gyzlara zulumy kopeldya bular
Maksat
16 сен 2021, 21:40
Wlad,
Aytma 95. 2000 aralygy ahyry işlemàge erkek galmady gayrat edip boşadaymasañ diyip bu töwerekler Türkmenbaşa arz etdiler.
Hanguly
16 сен 2021, 21:45
Ýo ýurdy gowy dolandyrsa bolýar, isle talyban bolsun isle başga topar. Ýöne gowy dolandyryp bilenoklar. Meselem habarlarda görkezip durdy, aýallara erkekleriň gözi düşmesin diýip hemme awtobuslaryň aýnalaryny aýyrtdylar. Bu näme indi ? Aýallara gaty geplemek bolanok, näme üçin, sebäbi erkekleri rahatsyz edýär eken, bular gaty ýalňyş düşünje. Esasanam aýallara kyn, aýal bolsaňyz ol ýerde ölmegiňiz aňsat. Bir aýalyň dagy burnuny kesipdirler habarlatda gördüm. Onsaň biliberdä
Leyli Amanowa
16 сен 2021, 21:47
Talibana are barjak men
Hanguly
16 сен 2021, 21:50
Nairobi,
Şeýtsene :)
Hanguly
16 сен 2021, 21:50
Bizem ýaragly gylyçly zatly gutlarys
Begmyrat
16 сен 2021, 21:52
Salam
Leyli Amanowa
16 сен 2021, 21:53
Wlad,
ne gozel turkmen gyzyny berjekmi sholara
Hanguly
16 сен 2021, 21:54
Nairobi,
Islegiňe garşy çykyp bilmerin :) Eger kösäp aljak bolsalar bermeris
Okuwçy04.A
Автор 16 сен 2021, 21:55
Nairobi,
Yok Huday sakalasyn janyňdan doyduňmy
Leyli Amanowa
16 сен 2021, 21:55
Aslynda wara birtopar gelingyzlary ertip zynmaly sholan onune. Adam edip bererdiler
Leyli Amanowa
16 сен 2021, 21:56
Wlad,
onda bolya
Leyli Amanowa
16 сен 2021, 21:57
Okuwçy04.A,
doyanson diyyan
Hanguly
16 сен 2021, 21:58
Nairobi,
Ýolai olary tembol durmuş adam edýärä ;)
Leyli Amanowa
16 сен 2021, 22:01
Wlad,
nebir oglanlara gynanyan
Okuwçy04.A
Автор 16 сен 2021, 22:05
Nairobi,
Dogry aydyaň talibanlar zoorrrrrr
Maksat
16 сен 2021, 22:05
Nairobi,
Goşulýan.
Hanguly
16 сен 2021, 22:07
Nairobi,
:)