Türkmenistanyň bilim ojagy dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň sanawynda
2021-2022-nji täze okuw ýylynyň ilkinji günlerinde «Times Higher Education (THE)» žurnaly dünýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň nobatdaky sanawyny çap etdi. Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty ýurdumyz boýunça ilkinji gezek habarçy-agza hökmünde bu sanawa girizildi.
Habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda 2024-nji ýyla çenli halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşulmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy. Şu ýylyň 2-nji sentýabrynda bolsa dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň reýtinglerini düzýän «Times Higher Education (THE)» žurnaly tarapyndan Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty abraýly ýokary okuw mekdepleriniň nobatdaky sanawyna habarçy-agza hökmünde girizildi.
Institutda işlenip taýýarlanylan 2024-nji ýyla çenli halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşulmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynda hem hut şu ugra aýratyn ähmiýet berilýär. Meýilnama laýyklykda, talyplaryň we professor-mugallymlaryň halkara akademiki gatnaşyklaryny ýola goýmak, dünýä ylmynyň gazananlary we toplanan milli tejribeler esasynda okuw hem-de ylmy işlere innowasion usullary ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi ylym bilen meşgullanýan hünärmenleriň taýýarlygyny döwrebap derejede kämilleşdirmek üçin täze gözýetimleri açýar.
Ilkinji hatarlarynda Oksford, Garward uniwersitetleri ýaly dünýä meşhur bilim ojaklary ýerleşýän bu abraýly sanawa goşulmak üçin institutda talyplardyr professor-mugallymlaryň halkara akademiki alyş-çalşy ýola goýuldy, okuw-usulyýet işlerine häzirki zamanyň iň ösen innowasion tehnologiýalary ornaşdyryldy. Bu ýokary okuw mekdebiniň wekilleri öz ylmy işlerini halkara derejeli ylmy žurnallarda çap etmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmek arkaly hem sanawa goşulmak üçin görkezilýän şertleri berjaý etdiler.

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.