Horlanmak kimler üçin howply?

Praým gullugy horlanmak saglygyna howp salýan adamlar hakynda täze maglumatlary paýlaşdy. Bu barada pcnews.ru habar berdi.

Paýlaşylan maglumatlara görä, horlanmak ozal anoreksiýany ýa-da iýmit bozulmasyny (EID) başdan geçiren adamlar üçin howply bolup biler. Mundan başga-da, ol deňagramsyz ýa-da az kaloriýaly berhiz tutýan adamlara hem howp salyp biler.

“Iýmitleniş ulgamynyň deňagramsyzlygy haçan-da örän pes kaloriýaly zatlar iýlende ýüze çykyp bilýär. Munuň özi metabolik prosesleriň tizliginiň peselmegine sebäp bolup biler. Şunuň bilen baglylykda, horlanma döwründe ýeterlik derjede belok we gowy ýag kabul etmegiň möhümdigini ýatdan çykarmaly däl" diýip, lukman duýdurýar.

Şol bir wagtyň özünde, käbir adamlar, hususan-da "semizlik" diagnozy goýlan adamlar üçin horlanmak hökmany zerurlyk bolup durýar. Sebäbi aşa semizlik rak keseliniň 13 töweregi görnüşiniň döremek ähtimallygyny ýokarlandyrýar.
1 лайков 178 просмотров
10комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Leyli Amanowa
16 сен 2021, 21:05
men semrap bilemok
Ötegçi
16 сен 2021, 21:09
Like
Okuwçy04.A
Автор 16 сен 2021, 21:10
Nairobi,
Näçe kg agramyň
Leyli Amanowa
16 сен 2021, 21:39
Okuwçy04.A,
49 50
Okuwçy04.A
Автор 16 сен 2021, 21:42
Nairobi,
Menden 2 kg hor ekeniň
Ötegçi
16 сен 2021, 21:43
@Nairobi onda normal menden 15 kg hor ekeniñ
Ötegçi
16 сен 2021, 21:44
Okuwçy04.A sizem menden 12 kg hor bolyanyz onda ylgaya
Okuwçy04.A
Автор 16 сен 2021, 21:56
Ötegçi,
Tüweleme onda bu mawzuk siz üçin
Men sho
16 сен 2021, 22:11
Menem azajyk semrasim gelya 53 kg shuwagt
Okuwçy04.A
Автор 16 сен 2021, 22:16
Men sho,
83 bolmagyňyzy arzuw edyarin