Rak keselli adamy onuň sesinden tanap bolýar

Lukman Žan-Pýer Ginnon «Express» neşirine adamda rak keseliniň bardygyny nädip onuň sesiniň kömegi bilen anyklap bolýandygyny aýtdy. Bu barada ferra.ru habar berdi.

Neşir edilen maglumatlara görä, adamyň sesiniň hiç hili sebäpsiz öz-özünden gyryljyk çykmagy onuň galkan şekilli mäzinde rak keseliniň bardygyny görkezip biler.

"Eger bu dowam etse we üç hepdeden soň hem aýrylmasa, onda kömek sorap, lukmana ýüz tutmaly"-diýip, hünärmen belleýär. Şol bir wagtyň özünde, lukman sesiň gyryljyklygy hökman galkan şekilli mäzde zyýanly çişiň bardygyny görkezýär diýip düşünmeli däldigini, munuň adaty bakteriýa ýokuşmasynda hem ýüze çykyp bilýändigini duýdurýar.

Şeýle hem lukman bokurdagyň golaýyndaky çişlere, boýundaky limfa düwünlerine, kynlyk bilen ýuwdunmak we dem almakdaky kynçylyklar ýaly alamatlara gezek gelende, ünsli bolmagy maslahat berýär. Bu alamatlar galkan şekilli mäziň rak keseliniň bardygyny görkezip biler we olary äsgermezlik etmek howpludyr diýip, hünärmen nygtaýar.
2 лайков 168 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ötegçi
17 сен 2021, 07:20
Like
Döwlet Şöhradow
17 сен 2021, 09:41
Hickim seyle kesele ducar bolmasyn, beregite sebe sanjym ))