Lukman iki hepdäniň içinde nädip horlanmalydygyny aýtdy
Berhiz lukmany Olga Burlakowa surnukdyryjy berhiz tutmazdan iki hepdäniň dowamynda nädip horlanmalydygyny aýtdy. Munuň üçin käbir ýönekeý düzgünlhttps://www.ussatnews.com/storage/posts/2342/original-1619d0ccce06d4.jpegeri berjaý etmeli diýip, ferra.ru habar berdi.
Bu usul, hususan-da, ýeterlik mukdarda suw içmekden ybarat. Ýagny bedeniň bir kilogramy üçin 30 millilitr suw içmeli. Lukman suwy nahardan öň we onuň kabul etmegiň arasynda içmek iň gowusy diýýär. Ýogsam, suw aşgazan şiresini has bulaşdyryp biler. Bu bolsa iýmit siňdirişe ýaramaz täsir edýär.
Hünärmen hamyrmaýa çöreginiň we süýt önümleriniň sarp edilmegini çäklendirmegiň hem zerurdygyny nygtady.
Horlanmak üçin iýmitiň düzüminde haýwan proteinini, esasanam, eti azaltmaly. Lukman towugy balyk bilen, şeýle hem noýbanyň, nohudyň we merjimegiň düzüminde köp duş gelýän ösümlik belogy bilen gezekleşdirmegi maslahat berdi. Iýmitiň düzüminde miweler we gök önümler bolmaly.
"Şu düzgünleri berjaý etseňiz, iki hepdäniň içinde, takmynan, bäş-sekiz kilogram horlanyp bilersiňiz" diýip, Burlakowa belledi.

16комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.