Mankurt

MANKURT 



Men saňa ýoldaşym diýip bilmerin, 
Çünki ýoldaşyňa hyýanat edýäň. 
Men saňa ildeşim diýip bilmerin, 
Iliň öz öýüni kyýamat edýäň. 

Men saňa syrdaşym diýip bilmerin, 
Ile peçan edip ýörsüň syrymy. 
Men saňa gardaşym diýip bilmerin, 
Betlagamyň aýan bolar pirimi! 

Goňşymmy sen? Onam diýip bilmerin, 
Çünki goňşudanmyş kyýamat güni. 
Sen şu gün inderdiň kyýamat başa, 
Gündizkä üstüme ýagdyrýaň tümi. 

Men saňa duşmanym diýip bilmerin, 
Birde zyýan, haýyr tapdym duşmandan. 
Aglap bilýäň, gülüp bilýäň bir gözde, 
Ömürimde başga zat däl puşmandan. 

Eger sen bolmasaň dostum, ýa goňşym, 
Ýa ildeşim, ýa bolmasa syrdaşym. 
Sen onda kim? Birje gezek içiň dök, 
Bolmasaň duşmanym ýa-da gardaşym. 

Men saňa «adam bol» diýip, biljek däl, 
Parhy bardyr adam bilen adamyň. 
Maldan mähir gördüm, senden görmedim, 
Hem şu güni, ertesi sen nadanyň. 

10.02.1996. 

http://site/news/2018-11-10-3270 

http://site/news/2018-11-10-3270 
1 лайков 105 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Mümkin
20 апр 2022, 21:02
Mankurt näme?
Şamuhammet
21 апр 2022, 05:45
Asyl gelip çykyşyňy unutdyrylýan, geçmişiňi ýatlar hala getirmeýän duşman usuly...