ÝATLAMA
Haçanky Laçyn men,
On müň ýyl bär-ä,
Ýaşap ýörendirin Ýeriň ýüzünde,
Entegem meň biraz huşum gowy däl,
Hemem känbir matematika bilemok.
Ýöne örän aýdyň ýadyma düşýär:
Ummanda bir damja suw bolup gördüm,
Asmanda, bulutda bug bolup gördüm,
Güneşiň şöhlesi, Aýyň şuglasy,
Ýyldyzlaň Zöhresi bolup gördüm men.
Bir döwürler bägüldim men aşykda,
Bir döwürler bägül berýän aşykdym.
Bir döwürler şagyzydym köşkde,
Alma bilen atyp urýan awuny,
Elbetde
On barmagnyň ýüzükleri awuly
Şagyzydym.
Ömür garaw görmedik.
Ömür alaw görmedik.
Magşukdym men, gedemdim.
Bir döwürler men-men diýen ärlere,
Başbermedik bedewdim.
Otdan çykan bedewdim...
...Häzir bolsa al-asmanda,
Ganat ýaýýan Laçyn men.
Laçyn PÜRJÄÝEWA.
2008 ý.
On müň ýyl bär-ä,
Ýaşap ýörendirin Ýeriň ýüzünde,
Entegem meň biraz huşum gowy däl,
Hemem känbir matematika bilemok.
Ýöne örän aýdyň ýadyma düşýär:
Ummanda bir damja suw bolup gördüm,
Asmanda, bulutda bug bolup gördüm,
Güneşiň şöhlesi, Aýyň şuglasy,
Ýyldyzlaň Zöhresi bolup gördüm men.
Bir döwürler bägüldim men aşykda,
Bir döwürler bägül berýän aşykdym.
Bir döwürler şagyzydym köşkde,
Alma bilen atyp urýan awuny,
Elbetde
On barmagnyň ýüzükleri awuly
Şagyzydym.
Ömür garaw görmedik.
Ömür alaw görmedik.
Magşukdym men, gedemdim.
Bir döwürler men-men diýen ärlere,
Başbermedik bedewdim.
Otdan çykan bedewdim...
...Häzir bolsa al-asmanda,
Ganat ýaýýan Laçyn men.
Laçyn PÜRJÄÝEWA.
2008 ý.
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.