Biwepalyga sypaýyçylyk

BIWEPALYGA SYPAÝYÇYLYK

Bagyşlaň, başgaça bolup bilemok,
Men ýagdaýa görä bolmaly bolýan.
Siz çaga däl, düşünmeli şeýle-de,
Men eýýämem aýtjak zatlarym aýtdym.

,,Ýaradylşym şeýle'' hem diýip biljek däl,
Dogrusy-ha
Siziň maňa düşünenňiz, düşünmänňiz bir köpük.

Hawa, söýdüm. Söýýän. Ýeri, söýemde näme?!
Bütin ömrüm sizi söýüp ýaşap bilmen ahyry.
Hemişelik bile bolmak, hah-hah-haý!
Bu çendenaşa sadalyk dälmi?!

Siz bagyşlaň,
Elbetde sözüňde durmak ýakymly.
Emma menem beren sözünden dänmez
Hemem...
Töwekgellik eder derejede akylly däl-le.

Laçyn Pürjäýewa
09.08.2011ý.
3 лайков 87 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
kesirkelle
23 янв 2023, 15:53
Sypaýyçylyk bn kebzä pyçak sokmakmy...

Siziň maňa düşünenňiz, düşünmänňiz bir köpük.
*
Dogrysy siz üçin bir köpük bolsa,
Biz üçin kör köpük
Ýok köpük
Samramalaryñ
Hala aýt, hala-da dym.
Emma ki
Nama bilen nalama!

Siz bagyşlañ diýjekgäl,
Nämedeýin ýalanjykdan ötinji
Ýüregimde ýokka zerre ökünjem.
(Görünip geçeýin öýkünjeñ)

Howwa halaýan käbir ýazanlarñyzy,
Halamda nä?!
Hemmesine señrik ýygyrmazlyk borjummy nä?!
Birhili birhili duýgylar geçýä,
Alyp elden-aýakdan ysgynmy?!.
Ýöne setirler sözler üçin däl.
Tanamaýan kişimden gelen Smsler üçin.
Muny aýdasym geldi birine.
Saña aýtdym.
Aýtmagyn hiç kime!

E-eh..
Gidesim gelýä bir ýere...
...Heý birýerde barmyñ,
Seslen, Ýürekdeş!