Bagyşlaň!

Bagyşlaň!


Bagyşlaň, men dagy söýdüm
Äpet-äpet gaýaly,
Dünýäniň ýükün göterip
Çep gursagy köýeni,
Goýny Agaýunusly,
jülgeleri saýaly
Bagyşlaň, şol dagy söýdüm,
Şeýle bir söýdüm welin, onuň
jülgeleri, gaýalary,
dünýäniň derdinden kül bolup galan
ýalňyz ýüregi,
Ahuw gözli näzik Agaýunusy
gözlerme-de görünmändir.
Didelem yşkdan kör bolmuş,
gara bagrym tüýdüm-tüýdüm.
Belki, bir gün maňa düşünersiňiz,
Bagyşlaň!
Men dagy söýdüm.

Suraý Babanyýazowa
5 лайков 90 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.