Aýralyk

Ýüregimde okalmadyk adyň bar,
Aýtjaklarmam kitap ýaly jemlenen
Göreçlerimde ahy-perýadym bar,
Okap bilmez, senden özge çem gelen

Gözleň maňa penjiredi - bu dünýä,
Durmuşy, dünýäni gözellik saýdym
Arşa perwaz etdimmikäm bidin ýa?!
Müdümi uçjakdym,
ýelek deý gaýdym

Ýyllar hoşlaşygy gezer ýatladyp,
Synlanymda perwazyny durnalaň
Şonda hiç kim bilmez meni şat edip,
Peýdasyz - geçmişe gatnap durmalam

Gussa ekler her şygryma, her ýere
Gözýaş damar yşgymyza bulutdan
Göçmesek-de ikimizem del ýere,
"Bizi" asla tapmarys biz - bu ýurtdan

Aýralyk...
Ýolumyz gutarmaz emma,
Ýollar bolar, çöller bolar, düz bolar
Barybir "bagt" sözi ederis hemra
Tapawut - sende "ly", mende "syz" bolar


Ylham GURBANALYÝEW
1 лайков 70 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.