Birlikler ýa-da Rubagylar 3

Isleg ýokdy mende öňem, häzirem
Gerek däl hiç hili şöhradam, a:dam
Aýyrsaňyz içimdäki ylhamy,
Menem siziň ýaly ýönekeý adam

******
Bolmaz arzuwlary kalba atsakda,
Erte güne umyt bilen äderis
Bir-biregiň ýüreginde ýatsakda,
Ýassygymyz aýry bolsa näderis?

******
Günäkär däldir arş, ýa-da tebigat
Oň üçin gözýaşyn guýmazam asman
...güýzde aňzak gyşy garşylan kalbym
Geljek gyşyň sowgyn duýmazam asla...

******
Okajakdym ýalňyzlygyň tepbetin
Şoň küýünde ýatman daňym a:tardym
Wah bolsady, bir ýaragym elimde
Sensiz günleň ýüreginden atardym

******
Aýralyk...
Ýolumyz gutarmaz emma,
Ýollar bolar, çöller bolar, düz bolar
Barybir "bagt" sözi ederis hemra
Tapawut - sende "ly", mende "syz" bolar

******
Dowça wagty iýsem diýýäňem welin,
Sabyr edip, iýseň gowy - erikkä
Duşuňdaky bagty giderip e:lin,
Öten bagta gezip ýörme irikgä

******
Ýaş söýgümiz baky ýaşar öýderdim
Ýaşamalydy ol - ýyllar içinde
Düýn hyýal toýdadym,
Ah, bu gün bolsa
Biwagt ölen söýgümiziň üçünde...


Ylham GURBANALYÝEW
1 лайков 96 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.