Aýralyk

Ýüregimde okalmadyk adyň bar,
Aýtjaklarmam kitap ýaly jemlenen.
Göreçlerimde ah-u-perýadym bar,
Okap bilmez, senden özge çem gelen.

Gözleň maňa penjiredi - bu dünýä,
Durmuşy, dünýäni gözellik saýdym.
Arşa perwaz etdimmikäm bidin ýa?!
Müdümi uçjakdym,
ýelek deý gaýdym.

Ýyllar hoşlaşygy gezer ýatladyp,
Synlanymda perwazyny durnalaň.
Şonda hiç kim bilmez meni şat edip,
Peýdasyz - geçmişe gatnap durmalam.

Gussa ekler her şygryma, her ýere
Gözýaş damar yşgymyza bulutdan.
Göçmesek-de ikimizem del ýere,
"Bizi" asla tapmarys biz - bu ýurtdan.

Aýralyk...
Ýolumyz gutarmaz emma,
Ýollar bolar, çöller bolar, düz bolar.
Barybir "bagt" sözi ederis hemra,
Tapawut - sende "ly", mende "syz" bolar.


Ylham GURBANALYÝEW
2022
6 лайков 213 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ayralyk
16 апр 2023, 13:44
Maňa düzülen goşgy))
Venus
Автор 16 апр 2023, 19:12
Ayralyk,
Aýralyk aýralyga like goýdy))