ŞEM ÝAKJAK
Ýene-de şem ýakjak!
Ýatlajak tozana garylan günüm.
Seň keşbiňi göz öňüne getirip
Aglapdym öňem.
Goý, atsyn daňym,
Ýene-de şem ýakjak!
Çöşläberjek köne günleň ýumagyn,
Şol ýumaklaň arasynda ýaňagyň
Düwün atan bolsa, dişläp çöşlejek,
Düwün bilen garyp göwnüm hoşlajak,
Ýene-de şem ýakjak!
Men perwana ýaly ýangynda ötjek,
Özümem idil däl, wah, senem hötjet.
Şemiň ýanyp damýan gözýaşlaryna
Aglajak!
Ýüregim dökjek!
Şem ýakjak!
Dogup gelýän eý Gün!
Az wagt saklan!
Ýanan söýgim çirkizipdir gabaklam,
Seňem bulut bilen aglan halatlaň
Men saňa düşünip gamlandym, bilýäň!
Bilýän bolsaň, näme ýylgyryp gelýäň?!
Saklan!
Köne söýgiň palyna bakjak,
Men şem ýakjak!
✏Aşyr AŞYROW
Ýatlajak tozana garylan günüm.
Seň keşbiňi göz öňüne getirip
Aglapdym öňem.
Goý, atsyn daňym,
Ýene-de şem ýakjak!
Çöşläberjek köne günleň ýumagyn,
Şol ýumaklaň arasynda ýaňagyň
Düwün atan bolsa, dişläp çöşlejek,
Düwün bilen garyp göwnüm hoşlajak,
Ýene-de şem ýakjak!
Men perwana ýaly ýangynda ötjek,
Özümem idil däl, wah, senem hötjet.
Şemiň ýanyp damýan gözýaşlaryna
Aglajak!
Ýüregim dökjek!
Şem ýakjak!
Dogup gelýän eý Gün!
Az wagt saklan!
Ýanan söýgim çirkizipdir gabaklam,
Seňem bulut bilen aglan halatlaň
Men saňa düşünip gamlandym, bilýäň!
Bilýän bolsaň, näme ýylgyryp gelýäň?!
Saklan!
Köne söýgiň palyna bakjak,
Men şem ýakjak!
✏Aşyr AŞYROW
12комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.