Söýüp bilermikäñ?

Sözlerimi aýdymdaky ýaly "Sözlerim ýüregñi derde goýan bolsa bagyşla!" diýip başlasym gelýär.
Bilýän.Sen şo-ol toýdaky saçlary bejerilen,ýüzüne reñk çalynan,owadan şelpeli ýakaly,gyzyl köýnekdäki gyza aşyk bolupdyñ.Howwa,ol mendim.
Soñ seniñ bilen ikinji gezek ýörite gabatlaşan saçlaryny ýüzüne dökülýän görnüşde göni açyp,ýeñsesinde togarlan,gaşlaryny çyzan,gözlerine sürme çeken gyz hem seniñ ýüregiñi gobsundyrypdy.Olam mendim.
"Indi bärde seni näme bimaza edýär"diýip soramagyñ ahmal.Onda diñle.Bir gün ykbal ikimiziñ ýolumyzy ymykly gabatlaşdyryp,durmuş gurarys.Şol bagtly günde ak lybasyñ içinde ak guwa meñzeýän gyzam seniñ göwnüñe hoş ýakar.Olam men bolaryn.
Bir gün işden ýadap öýe gelersiñ.Öñüñden köne-küşülräk öý geýiminde,egni ýaşyl halatly,saçlarynyñ tarlary çalaja gyşaran öýmesiniñ gyrasyndan çykyşyp duran gelin öñüñden çykar.Olam men bolaryn.
Şonda öz-özüñe sowal berersiñ:"Meniñ şol aşyk bolan gyzym şumydy?"Jogabyñ "Ýok,bu däldi" bolar.Hatda,meniñ seni allap,"toruma düşürenligimi-de"pikir edip bilersiñ.Asla pikriñe-oýuña gelmez bu gelniñ uzakly gün perzentleriñiziñ yzynda ylgap,öýüñiziñ arassaçylygyny saklajak bolup,seniñ iýjek naharyñy bişirjek bolup öz geýimine,saçlaryna, öýmesine serenjam berip bilmänligi.Ikiñiziñ perzentleriñizi dünýä indirmek üçin öñki inçejik bedeniniñ semiz göwrä öwrülenligi.
Howwa,men bagtly maşgala durmuşymyz üçin şo-ol bezenip-beslenen gyzy pida ederin.Emma meni bir sowal bimaza edýär: Sen ol gelni şo-ol gyzy söýüşiñ ýaly söýüp bilermikäñ?

@Mümkin
8 лайков 371 просмотров
49комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Chelsea
21 апр 2022, 18:54
Elbetde
ýüreksözi
21 апр 2022, 19:13
gowy sorag gowy ýazylypdyr çyndanam şondan soň söýülermikäk? like
Resul
21 апр 2022, 19:24
Soygi sozi jynsyyetcilere gelishmeya ?
Saýrak guş
21 апр 2022, 19:35
Öňüräk bir takside barýarkam bir ýaşuly , ýaşyny çaklasam 70 ýaşa ýetiberendir. Ol özi hakynda berýän gürrüňleri maňa şeýle bir täsir edipdi şonda.
Ulagyň eýesi:
–Ganymatmy ýaşuly, gowmy ýagdaýlaryňyz. Diýerine mähetdel derrew söze başlady.
– Aý hanogul ýagdaýlaram bolýa-da. Diýip uludan bir demini aldy-da:
–Bi... ýanýoldaşyň hiç aýrylmasyn. Ýogsa-da ondan öň giden bolsam gowy bolardy.
Ýaraman ýatyrka-da, myslap demi gelip-gidip duranlygyna-da razydym. Onuň ýoklugy gaty agyr degýär maňa. Ýogsam çagalar ugrumda, bir diýenmi gaýtaladanoklar. Hudaýa şükür. Ýöne ýeňňeň orny başga bolýa-da.Ýanýoldaş diýilen zat ahyr ýaşda gerek ekeni.
–diýip, ýüreginden syzdyryp aýdan sözleri ýadymda galypdyr.
Bentner
21 апр 2022, 19:42
Çeper gowy ýazylypdyr ýöne görülyän seriallaryň yerine-"fitnes domashny usloviyada" yerine yetirlip durulsa bedeniň durkunyň üýtgemeginiň öňüni alar belki...
Elbetde özüne seretmeýän gelinden äriniň belli bir derejede vkÜsi gaçarmyka diýýän nähili söýüp alanam bolsa.
Mümkin
Автор 21 апр 2022, 19:45
Voyvoda,
Men jynsyýetçimi?
Mümkin
Автор 21 апр 2022, 19:48
Bendtner,
Şeý diýip gorkuzmaýyñ-da.
Egri oturyp dogry gürleşeliñ.Tûrkmen zenanynda öýde oturyp maşk etjek lýuks ýok.Çaga seretmek diýdi,öýüñ işleri (kiri,ütügi,nahary,öýüñ plisosy,poly) diýdi,gaýyn gaýynata hyzmat diýdi,sanasañ sogaby bar.Eger şolardan boş wagty bar bolsa,öz ekonomiki erkinligini gazanmak maksady bilen keşde etmek,köýnek dikmek ýaly öý işleri bilen meşgul bolýarlar.
Bentner
21 апр 2022, 19:51
Mümkin,
Эгер гелинин озунде шейле мейил болса в любом случае вагт тапдыря хер гун 0.5 сагат.
Bentner
21 апр 2022, 19:54
Туркмен гелинлеринин копусинде бедениме середейин дийен тенденция йок, так что башга баханалар герек дал. Mümkin,
Bentner
21 апр 2022, 19:55
2 чага догруп гыз вагтындакы беденинден нам-нышан галанок
Mümkin
Автор 21 апр 2022, 19:57
Bendtner,
Ilkinji gezek ýeñlenimi boýun alýan.Sen mamla :)
Bentner
21 апр 2022, 19:58
Mümkin,
1nji ;)))
Resul
21 апр 2022, 20:22
Mümkin,
Ondada nahili ? Oyun edyan yone cekeleshiklendrn denhukukly garamayandygyna belli
Ladybug
21 апр 2022, 20:23
Mumkin soyer,mumkin soymez. Gaty alada edip,suwagtdan nerwi oyjujeklerini oldurme! Su 2 wariandyn haysy hem bolsa biri bolar:). Men yurjime gelsen hokman soyer,mana ynanay
Hiayress
21 апр 2022, 20:27
Ladybug,
Ýurjiň söýjekligi hakda dil hat berip bilýärmi?!))
Ladybug
21 апр 2022, 20:34
Dil haty bir berer,menem gapdalynda sayat duraryn. Uffff uly gelin bolmagam ansat boljak dal eken(her "oyume gocup gelmeli" diyen gyza yalbaryp,dil hat berjek bolup yorsen)
Ladybug
21 апр 2022, 20:36
Hiayress,
Yogsa-da dil hat zat diyip bu gyzyn akylyny garjasdyryp,bizin aramyza dusjek bolyana dalsin-da herna?!
Mümkin
Автор 21 апр 2022, 20:47
Ladybug,
Ýûwûrjiñ kriteriýalaryma gabat gelýärmi? :)
Mümkin
Автор 21 апр 2022, 20:49
Voyvoda,
Saña bir döw-ä çalypdyr.Uzagyndan bolawersin.
Ýok,deñhukukly garaýan.Eger garamaýan bolsam, şu mowzukda Bendtneriñ mamladygyny aýtmazdym.
Biohimik
21 апр 2022, 20:58
Voyvoda
Soygi sozi jynsyyetcilere gelishmeya ?

Ay inim keltek bilen kowalap urar yaly oglan ekeniñay;))
Ladybug
21 апр 2022, 21:06
Mümkin,
Wah ol-a sen kriteriyan artygyna-da gabat gelyale,yone sen on kriteriyasyna gabat gelyamikan? Ai bu zatlar hicle sen esasy men kriteryama gabat gelyana?
Mümkin
Автор 21 апр 2022, 21:09
Ladybug,
Kriteriýasyna gabat geljegim gümana bolsa söýjegine nädip kepil geçip bildiñ? :)
Ladybug
21 апр 2022, 21:18
"Kotek guycli bolsa,yun gazyk yere girer" diyyami turkmen aga?
Mümkin
Автор 21 апр 2022, 21:21
Ladybug,
Näme diýdigi ol? Asyl manysyna-da düşünmedim,göçme manysyna-da.
Ladybug
21 апр 2022, 21:24
Yunden gazyk bolmajygy belli zat,yone guyc bilen yunden gazyk dikip bolar diyya. Gazygyn nameligini bilyansinle gyz oba gyzy bolsan
Resul
21 апр 2022, 21:55
biohimik.,
Kim gurlese sen bir gurleme. "Cagalar olse olsun" diyen bir mahluga siz. Ynsanam hasam edemok mena sen yalyny shon un.
Resul
21 апр 2022, 21:56
biohimik.,
Mana akyl berjek (satjak) bolsan kop yalnysharsyn inim
Mümkin
Автор 21 апр 2022, 22:42
biohimik.,
Jigim,kitaplar barandyr.Şu Voyvoda, agzanyñ kimdigini tanaýañmy?
Resul
21 апр 2022, 23:18
Mümkin,
Jigim diyda, eyy jigim diydiryanmi ? Meni tanap name etjek
Mümkin
Автор 21 апр 2022, 23:50
Voyvoda,
Meniñ okuwçy oglana jigim diýmegim ýaly adaty zat bolup bilermi? Ýa hemme kişi jigi doganyñ sylagyny bilmeýänlerdendir öýdýäñmi?!
Gyzyklanýan señ bilen.