*******
Sözlerimi aýdymdaky ýaly "Sözlerim ýüregñi derde goýan bolsa bagyşla!" diýip başlasym gelýär.
Bilýän.Sen şo-ol toýdaky saçlary bejerilen,ýüzüne reñk çalynan,owadan şelpeli ýakaly,gyzyl köýnekdäki gyza aşyk bolupdyñ.Howwa,ol mendim.
Soñ seniñ bilen ikinji gezek ýörite gabatlaşan saçlaryny ýüzüne dökülýän görnüşde göni açyp,ýeñsesinde togarlan,gaşlaryny çyzan,gözlerine sürme çeken gyz hem seniñ ýüregiñi gobsundyrypdy.Olam mendim.
"Indi bärde seni näme bimaza edýär"diýip soramagyñ ahmal.Onda diñle.Bir gün ykbal ikimiziñ ýolumyzy ymykly gabatlaşdyryp,durmuş gurarys.Şol bagtly günde ak lybasyñ içinde ak guwa meñzeýän gyzam seniñ göwnüñe hoş ýakar.Olam men bolaryn.
Bir gün işden ýadap öýe gelersiñ.Öñüñden köne-küşülräk öý geýiminde,egni ýaşyl halatly,saçlarynyñ tarlary çalaja gyşaran öýmesiniñ gyrasyndan çykyşyp duran gelin öñüñden çykar.Olam men bolaryn.
Şonda öz-özüñe sowal berersiñ:"Meniñ şol aşyk bolan gyzym şumydy?"Jogabyñ "Ýok,bu däldi" bolar.Hatda,meniñ seni allap,"toruma düşürenligimi-de"pikir edip bilersiñ.Asla pikriñe-oýuña gelmez bu gelniñ uzakly gün perzentleriñiziñ yzynda ylgap,öýüñiziñ arassaçylygyny saklajak bolup,seniñ iýjek naharyñy bişirjek bolup öz geýimine,saçlaryna, öýmesine serenjam berip bilmänligi.Ikiñiziñ perzentleriñizi dünýä indirmek üçin öñki inçejik bedeniniñ semiz göwrä öwrülenligi.
Howwa,men bagtly maşgala durmuşymyz üçin şo-ol bezenip-beslenen gyzy pida ederin.Emma meni bir sowal bimaza edýär: Sen ol gelni şo-ol gyzy söýüşiñ ýaly söýüp bilermikäñ?
@Belki

6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.