Yaşlyk edip uklapdyryn, düýşüm sen
Ýaşlyk edip uklapdyryn, düýşüm sen…
Geljegine uly ynam bildirilýän ýaş şahyr Süleýman Haýdarowyň goşgular toplumy
TALYP SÖÝGÜSI
Işiňden sowaşma, bölmäýin ünsüň,
Jogap tapdym, jogapsyz jaňlaryma.
Diňe bir boşluklar bolmaýar ümsüm,
Haýpyň gelsin, jananym, janlaryma.
Tarapdary däl men dawa, jenjeliň,
Ýöne, düşün birazajyk maňa-da.
Ütükden görýärin ýakan penjegim,
Aşyk, talyp… öňem ýetik alada.
…Penjek tapdyr az iýip, kän üýşürsem,
Ýöräbersem, garşy gitmän akyma.
Ýaşlyk edip uklapdyryn, düýşüm sen,
Düşün, ÝÜREK düşmez talyp hakyma.
KÖSENME
Sen ýigdiň başyna çykjak bolmagyn,
Goý, ol seni depesine täç etsin!
Nobatguly Rejebow
Näz etdimi, öýkeledi, arsyzmy…
Otyryn bularyň jogabyn tapman.
Duşmadym bir elde iki garpyzly,
Ýadyma düşenok çykaran hokgam.
…Arzuwlaryň günbe-günde ösende,
Aňsatmy olara eşik tikäýme.
Sen depäme çykjak bolup kösenme,
Özüm seni täç ederin depäme.
EZIZIM!
ÝYGNA ÝELKENLERI…
«Meniň dünýäm başga, seniňki başga…»,
Diýip, ýüregime salma agyry.
Ylhamym, galamym – sen ilki başda,
Ýygna ýelkenleri, salla labyry.
…Alma-da yzyna tüýküligiňi,
Gaýdyp ber yzyna düýnküligimi.
ARMAN BOLMAZ
(gartaşan mugallymyň aýdanlaryndan)
Gyzlarymyz on sekiz ýaş,
On dokuz ýaş gelinlermiz.
Şolar bilen togsan ýaşdan,
Ýigrim bäşe gelenler biz.
Boýun alýas, alman bolmaz,
Ýigrim bäşde, arman bolmaz.
Süleýman HAÝDAROW,
Mary welaýatynyň ýaşaýjysy.
Geljegine uly ynam bildirilýän ýaş şahyr Süleýman Haýdarowyň goşgular toplumy
TALYP SÖÝGÜSI
Işiňden sowaşma, bölmäýin ünsüň,
Jogap tapdym, jogapsyz jaňlaryma.
Diňe bir boşluklar bolmaýar ümsüm,
Haýpyň gelsin, jananym, janlaryma.
Tarapdary däl men dawa, jenjeliň,
Ýöne, düşün birazajyk maňa-da.
Ütükden görýärin ýakan penjegim,
Aşyk, talyp… öňem ýetik alada.
…Penjek tapdyr az iýip, kän üýşürsem,
Ýöräbersem, garşy gitmän akyma.
Ýaşlyk edip uklapdyryn, düýşüm sen,
Düşün, ÝÜREK düşmez talyp hakyma.
KÖSENME
Sen ýigdiň başyna çykjak bolmagyn,
Goý, ol seni depesine täç etsin!
Nobatguly Rejebow
Näz etdimi, öýkeledi, arsyzmy…
Otyryn bularyň jogabyn tapman.
Duşmadym bir elde iki garpyzly,
Ýadyma düşenok çykaran hokgam.
…Arzuwlaryň günbe-günde ösende,
Aňsatmy olara eşik tikäýme.
Sen depäme çykjak bolup kösenme,
Özüm seni täç ederin depäme.
EZIZIM!
ÝYGNA ÝELKENLERI…
«Meniň dünýäm başga, seniňki başga…»,
Diýip, ýüregime salma agyry.
Ylhamym, galamym – sen ilki başda,
Ýygna ýelkenleri, salla labyry.
…Alma-da yzyna tüýküligiňi,
Gaýdyp ber yzyna düýnküligimi.
ARMAN BOLMAZ
(gartaşan mugallymyň aýdanlaryndan)
Gyzlarymyz on sekiz ýaş,
On dokuz ýaş gelinlermiz.
Şolar bilen togsan ýaşdan,
Ýigrim bäşe gelenler biz.
Boýun alýas, alman bolmaz,
Ýigrim bäşde, arman bolmaz.
Süleýman HAÝDAROW,
Mary welaýatynyň ýaşaýjysy.
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.