Internet/hekaya


Anna ýowsel eýtdi-beýtdi ahyry, ele gellimli, nakysja telefon edindi. Ynha, indi keýpiň kelläňde, isle täze telefonyň sazyny diňle, isle göwnüňe ýaran suratyňy al, isle-de allowarradaky tanşyň bilen gepleşip göwün solpundan çyk, towuguňa tok diýjek ýok.
Anna ilki bilen gamgyn gözli gyz jigisiniň suratyny aldy. Soň boýly –boýuna durzup çagajyklarynyň. Gelin bolup çykyp gelende-de, düzüwli surata düşmänsoň aýaly Gyzsoňy ýeňňäniň suratyny iki ýolam aldy. Ol aýalynyň azajyk ýylgyrsa surata kem düşmejekdigini aýdasy geldi. Ýene-de onuň ýasama ýylgyryp bilmeýänini bilip şo durşuna aldy.
Annanyň telefon alanyna oba bolup begendik. Men hasam begendim. Neneň begenmejek, obaňda öňe gidişlik bolar-da heýem bir begenmezmiň. Şol gün uzakly gün gürrüň täze telefon hakynda boldy. Onuň müçesiniň kiçem bolsa bitirýän işiniň uludygy hakynda aýdyldy. Indi goşar sagat dakynmagyň artykmaçdygy hakynda-da gürrüň boldy. Pasport beýleki üçin surat gerek bolsa, ýol söküp şähere gidip oturmagyň hajatynyň ýoklugam ýaňzadyldy. Ilçilik, gerek bolmagy ahmal diýip, Annanyň telefon belgisini ýörite kagyza ýazyp alanlaram tapyldy. Rus dili mugallymyň aýdan sözi Annany hasam begendirdi.
- Bu gowy telefon, internetdenem tutýandyr...
Anna onuň üçin täze puldan nagt üç ýüz manat berendigini aýtdy. Hemem satyn alan telefonynyň ýene bir artykmaç iş bitirýänligine begenip, eden söwdasyndan monça boldy.
- Nemerägem bardy, ýöne çagalar surata düşürýänini al diýip, böküşip duransoň satýana mazalyjasyny ber diýdim...
Internet sözüni eştsegem, onuň nähili ulanylýanyny bilemzokdyk. Anna-da edil biz ýalydy. Şonuň üçin ol rus dili mugallymynyň ýüzüne gorky gatyşykly hormat bilen seretdi.
- O diýýäniň nämäý...
Rus dili mugallym nädeňde nä bolýanyny düşündirdi. Annanyň düşünmänini bilip, ýene hetjikledi. Ömür meýdanda odun ýygyp ýören Annanyň gödeksi barmaklary ahyry öwrenişdi.
- Hä, ine bolly. Indi tölemeli teňňesini eçilseň, internetdäki bar bolan ýazgylaryň hemmejesi telefonyňa özi geçer...
Şol günden başlap Annanyň durmuşynda üýtgeşik, öz akyl ýetirşiňdenem täsin sahypa açyldy. Ol indi çölüň orry-ortasynda uly dünýe bilen gepleşýärdi. Bu diýseň täsindi. Şonuň üçin onuň entejik owadan dünýäniň içinde bolasy, uzak-uzak ýyllar ýaşasy geldi. Sebäp ol ozal düýşüne-de girmeýän närselerini – dünýäniň täze gapysyny öz eli bilen açyp gözi bilen görýärdi.
Anna kitaplary köp okansoň, birdir ýarymdyr hekaýa ýazmaga-da ymtylansoň ol internetde “Ýiti galam” ady bilen berilýän hekaýalara gyzyklandy. Menem şony gowy görýärdim. Sebäp şol döwürler kyn işe baş goşupdym. Kitaby söýüpdim.
“Ýiti galamda” her hili hekaýalar berilýärdi. Olaryň gowusam, has gowsam bardy. Şonuň ýaly ýabygorlusam, peltegirägem gabat gelýärdi. Lenç edilen dil bilen guraksy beýan edilen hekaýa berlen bolsa, Anna gaşlaryny bürjeşdirip şeý diýerdi:
- Şuň nämesine höwes edip berdikä...
Internede berilýän hekaýalara her kim öz pikirini ýazýardy. Kim hekaýa düşünip onuň mazmunyny obrazly beýan edýärdi. Onuň hakykatdanam gowudygyny ýüregi bilen açyp görkezýärdi. Anna şeýle pikir oklaýan okyjylary edil hekaýany gowy görşi ýaly gowy görýärdi. Öz ýanyndan olara minnetdarlygyny bildirýärdi. Kimsem, “Gowy eken”, “Maňa ýarady”, “Aja:p” diýip pikirini guraksy beýan ederdi. Anna olary ýürekgysgançlyk bilen kabul ederdi.
Has gowy, jüpüne düşen hekaýany okanda, Annanyň gözi jöwherlenen ýaly ýaldyraýardy. Begençden ýeke ýüzi däl gözlerem gülýärdi. Şonda Annanyň begenjini görüp menem begenýärdim. Hemem gowy hekaýany ýazan awtor, özi sebäp bolup kimdir biriniň begenýänini göräýse, ol ýene il- güni begendirmek üçin öňküsindenem gowy hekaýa ýazar diýip oýlanýardym.
Men dünýede azajyk begenenem bolsam, begenjiň nämedendigini bilýärdim. Şeýle begençleri puluň köp bolanda-da, satyn alyp bolmaýanyna-da düşünýärdim. Adam dünýede bir zadyň yşkyna düşüp ýaşaýar. Eger seni uly dünýe bilen baglaýan nähilidir bir güýç bolmasa, onda ýaşaýşyň mazasy bolmaýar. Anna-da bütin barlygy bilen ýazylýan hekaýalara berlipdi.
Internede gyzykly hekaýanyň çykan güni Anna ikimiz ýazan adama minnetdarlygymyzy bildirerdik. Hemem bu inçe sungatyň inçelse-de, ýitip gitmändigine guwanýardyk. Şol gün ogul jigimiz bolan ýaly begenip gezerdik. Soň-soňlaram ony ýatlardyk. Ahyram ol ýüregimizde ymykly ornaşardy. Gazet-žurnal elimize düşäýsede ilki şol awtory gözlärdik.
Biz şeýle günler bilen ýaşap ýördük. Dünýe hezildi, onuň içinde Annanyňam, "Ýiti galamyňam", hekaýalaryňam barlygy ony hasam hezilleşdirýärdi. Dünýeden hiç zat hantama bolman, öz süýji arzuwyň bilen ýaşamak ýakymlydy. Ýene ýaldyrap Gün dogardy, ýene internede täze hekaýa berlerdi. Ýene Anna ikimiz begenerdik. Soň begenjimiz obamyza geçerdi. Soň oba bolup begenilerdi. Meniň oglantak göwnüme obamyz begense uly dünýede begenýän ýaly bolýardy. Edil şol pursat maňa dünýeden näme isleýäň? diýseler, sähelçede ýaýdanman, ýene şu içi hekaýaly uly dünýäni sorajagym çynymdy.
Şeýle günleriň birinde biz edil serpmeden gaýdan ýaly bolduk. Internetde hekaýadyr ony-muny çap edýän “Ýiti galam”işlemesini goýdy. Muňa ors dili mugallymyňam nepi degmedi. Ol kibtini gysyp şeýle sözleri aýtdy.
- Internedem biznes-dä...
Elbetde, Anna biznes diýlip soňky bir döwür şüweleň berilýän sözüň pul bilen baglydygyny bilýärdi. Onuň gyzykly hekaýa okan ýaly däldigine menem düşünýärdim. Anna sähel salymyň içinde, ir emmeden kesilen çaga ýaly horlandy. Bir wagtky gyzlaryň eý görýän gamgyn gözleri süllerdi.
Bir günem kölegede otyrkak Anna şeýle sözler bilen ýüzlendi:
- Öwekge, şähere gidip munuň anygyna ýetiläýse kem bolmazdy...
Men şäheri ýekeje ýolam görüpdim. O-da Teke bazaryň töwerekleridi. Anna-da men ýaly eken, olam etekdäki obalaryň birine, gaýtarjy bolup ýekeje ýola gelin gaýtaryp gelipdir. Soňam bir gezek bazarda mal satypdyr. Şonda ol aýaly Gyzsoňy ýeňňä türküň ştapelindenem alyp beripdir.
Anna şäherdäki adamlary görüp, pikirini daşyna çykarman durup bilmedi.
- Beh, bu jemendeler nirde ýatyp turýarka...
Kowçum-kowçum bolup barýan del-dul adamlary göreňde, Annanyň aýdan sözleri bilen ylalaşasyň gelýärdi. Ýöne biz şähere adam sanamaga gelmändik.
“Ýiti galamyň” eýesini tapmak kyn düşenem bolsa, biz onuň tapylan ýerine begendik. Ol bir göreňde hiç haçan ýadyňdan çykmajak ýüzli, hortap adamdy. Biziň näme üçin gelenimizi diňläp, ilki pallady soňam ukuly gözlerini owkalady:
- Internediň düýbi aýyňa elli dollar tölemeli diýýä...
Anna şu wagta çenli manatdan başga pul bilen iş salşyp görmändi. Şonuň üçin ol ýöwseljiräp gürledi.
- O diýýäniň kän pulmy?..
“Ýiti galamyň”eýesi beýle sowala garaşmaýan borly. Ol Anna gözüni mölertdi.
- Azam däl...
- Biziň manadymyzdan näçe bolýar?..
- Eslije bolsa gerek...
Anna tas: “Mala öwreňde näçeräk bor” diýipdi. Oňa düşnüklisem şoldy. Sebäp obamyzda galaba zadyň nyrhy mal bilen ölçelýärdi. Ýöne soňky bir döwür malyň ýüzi gaýdansoň, senmi diýen pul ýasamajagyny bilip pikirinden dändi. Hoşlaşmanka Anna begenç paýlaýan oglana minnetdarlygyny gysganmady. Il-günüň kalbyna giňlik salyp sogap iş edýändigini aýtdy. Allowarradan ýüreginiň ýylysyny ýollaýan adamlara uly köpri bolýandygyny duýdurdy. Ol şu sözleri aýdýarka, gözüne “Ýiti galamyň” eýesi ähli ýürekleri özüne jemleýän uly ýürege öwrülip barýan ýaly bolup göründi.
Anna-da hemmeler ýaly aýlygyna howlugyp ýaşansoň ýolboýy elli dollar hakynda pikir edip geldi. Eger aýaly Gyzsoňy ýeňňe göwnese, gapysyndaky ekiz owlaklyja geçisini satyp, puluny “Ýiti galamyň” eýesine berip gaýdasy geldi. Ýene-de “Oňa degmäýeýinle, çagalaň bar begenji şo” diýdi. Soňam ol obamyzda “Bibijemalyň dükany” diýip, at alan uly söwdagär ýadyna düşdi.
“Eli gelýän adama elli dollar beýle bir uly pulam däldir-le, belki ol il-günüň begenjini görmek üçin sogap iş eder...”
Anna öýüne sowulman, dükana bardy. Dükanyň eýesi depderine algylaryny belleşdirýärdi. Ol Annany görüp sypaýyçylyk etdi. Bu hoşamaýlyga Anna ekizlendi.
- Nemele, şu internet hakda bir zat aýdaýjakdym...
Dükanyň eýesi edip oturan işinden pikirini bölmän gürledi.
- Meniňem habarym bar, ol ýola goýulsa gowy boljak...
Anna o söze begenip ýyldyrdy. Has dogrusy hossarly ýaly boldy. Öz ýanynda, olam hekaýa okaýan borly diýip pikir etdi. Hat-da “Baý adamlaryň puly köp bolsa-da, duýgusy bolmaýar, pukaralaryň puly bolmasa-da duýgusy köp bolýar” diýlen sözüň ýalandygyny gygyryp aýdasy geldi.
- Internediň üsti bilen türkden, arapdan giden ýük getirýärmişler...
Anna başyny ýaýkady:
- Men başga mesele bilen...
Dükanyň eýesi Annany diňlärli däldi, ol internediň yşkyna düşüp barha nebsini odukdyrdy.
- Çykdajysam azmyş, şony ýola goýup bolsa bähbid-ä boljak...
Anna bütinleýin aljyrady:
- Men hekaýa barada aýtjakdym...
Indi niçeme ýyl bäri bir obada önüp-össede, Annany şu wagt görýän ýaly dükançy onuň ýüzüne çiňňerildi.
- O nämäň hekaýasy?..
- Hekaýada... Internetde çap edilýär...
Dükanyň eýesi siňregini ýygryp, ýüzüni pisertdi:
- Men bir düşewüntli zadyň gürrüňini edýänsiň öýdüpdim...
Anna daşlaşyp barýarkada, entegem dükan eýesiniň hüňürdisi ýatanokdy.
- Hekaýadan näme, garnyň doýýarmy, biri güldir, biri agladar, ana, bolany şo...
Annanyň öýüne gelibem mazasy bolmady. Sähel gözüni süzse, özi ýaly “Ýiti galamyň” açylaryna garaşyp oturan kör keýp adamlar geldi. Çagajyklarynyň begenişip owlajyklarynyň daşynda aýlanyşyp ýörşem göz öňünden gitmedi. Eger elli dollara, jomartlyk etse gursagynda bäş ýüz dollardanam köp begenjiň boljakdygynam ýatlady. Ol şu zatlary Gyzsoňy ýeňňä birin-birin düşündiresi geldi. Ýene-de aýalynyň aladaly ýüzüni görüp sesini çykarmady.

Öwezmyrat ÝERBENDI.
0 лайков 130 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.