Küýsegim!

Gije sagat 01:39.
Saña jañ edesim gelýär.Bolsa bolupdyr bimahal.Näme üçin diýýäñmi?
Aýdasym gelen söz kän,ýöne gorkma,hijisinem aýtjak däl.Diñe telefonyñ añyrsyndan dem alýan sesiñi eşdesim gelýär.
Gör,näçe gezekler özüme saña jañ etmegi gadagan edipdim.Belgiñi telefonymdan ýok etmek isläpdim.Ýok etsem näme boljak?!Añymda zol-zol gaýtalap ýörenimi nädeýin?!
Ýogsa-da näme üçin pursat döretdiñ telefon belgiñi bilmegime?Pikir edýän mundan iki ýyl öñ,ýagny, belgiñi bilmeýän günlerim bagtlydym-a.Bagtlydym,hyýalymda gepleşerdik.Saña durmuşymdaky ähli hadysalary,iñ ownuklaryna çenli gürrüñ edip bererdim.
A indi...
Hakyky seniñ bilen bolan mesawy gürrüñlerimizden, bary-ýogy 10-15 minuda çeken söhbetlerimizden soñ hyýalymdaky sene-de hiç zat gürrüñ berip bilemok.Birden ikiñiziñ ýerini çalşyp,hyýalymdaky saña diýjeklerimi hakyky saña aýdaýsam bar zady bulaşdyraryn öýdüp gorkýan.Bolanja gatnaşygymyzam ýitirmekden ýüregim gopýar.
Käte ýadyma düşeniñde serimde setirler peýda bolup ugraýar.Ýazýandyryn öýdýäñmi?Ýok,men olaryñ hemmesini yzyna kowýan.Bir gün saña ýazan goşgularymyñ birine gabat geleniñde "Bilýäñmi näme,muny saña ýazypdym."diýmekden öler ýaly gorkýan.
Irki goşgulamdan biri ýadyña düşýärmi,
"Bakmasa,bakmasyn gözleriñ maña
Sen hakynda oýlanmagam ajaýyp".
Bu goşguny sen hakynda pikir edenimde ýazypdym.Diñe şoldy sen hakda ýazylmagyna rugsat beren goşgum.
Häzir-ä olam elimde ýok.Çap edilen gazetiñ arhiwlerinde bardyr belki.
Seni söýdümmikäm diýip kän pikirlendim.Ol soragyñ jogabyny henizem bilemok.Ýeke bilýänim adyñy eşdenimde ýüregim titreýär.Beýleki ýigitleriñkiden kän tapawutlanmaýan adaty adyñ göwnüme dünýädäki iñ gulaga ýakymly söz ýaly.Sen hakyndaky arzuwlarym ýadyma düşende gözlerim dolýar.
Doglan günüñde seni gutlap uzyn hat ýazmak niýetindedim.Hatyñ her setiri birnäçe aý öñünden serimde taýýardy.Nädip ugratjagymam bellidi.Elektron poçta salgyña ýollajakdym.Gör-le muny,doglan günüñ gelende hälki batyrgaýlygymdan nam-nyşan galmasa näme?!Gysgajyk sms bilen gutlapdym doglan günüñi.
Sen hakynda beýle kän oýlanmagymyñ sebäbi maña gadagan bolmagyñmyka?Ikimiziñ "biz" bolmagymyzyñ mümkin dälligimikä? Ýogsa-da durmuşyñda hiç kim bolmasady "biz" bolup bilermidik?
Aslynda mahal-mahal bir zady pikir edýän:Durmuşyñda hiç kim bolman meni söýmesediñ maña häzirki ýagdaýyñdan ýokuş degerdi.Belkem,"Häzir ýüregi boş däldigi üçin meni söýenok"diýip pikir etmek iñ gowsydyr...
Düýn söýgüli şahyrymyñ doglan günidi.Ony senem halaýan bolmaly.Ýöne ol hakynda gepleşmändik öýdýän señ bilen.Ol hakyndaky ýatlama gepleşige tomaşa etdim.Soñam ýatyp galypdyryn.Ýassy namazyny okamak üçin turanymdan soñam ukym tutmady.Telewizora güýmenen boldum.
Yzynam özüñ bilýäñ.Saña jañ edesim geldi...

@Mümkin

02.03.2022 ý.
2 лайков 184 просмотров
13комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Cicek
26 апр 2022, 21:16
Kizim Ashik oldunmy? televizor
Mümkin
Автор 26 апр 2022, 21:17
Mahek,
Gowmyñ? Ýok-la gyz.Men hyýalymda ýazýan bulary.
Cicek
26 апр 2022, 21:17
Dushundirip bolyan zatlan barysy soygi dal biz muny owaldan bilyas.
Cicek
26 апр 2022, 21:26
No no Soymesen beydip yazyp bolmaz. Shahyrlyk yangyndan baslayan eken
Cicek
26 апр 2022, 21:28
Kimse bagtyn namedigine dusunmez,Biri bagtyn gozlar uzak illerden. Aslynda uzakdan gozlan bagtymyz,Tapmaly biz kalbymyzyn torunden. Awtor Gultacjan. Rowayat esasynda dorapdi
Mümkin
Автор 26 апр 2022, 21:33
Mahek,
Kim bilýär,belki,mümkin :))
O zatlar hiç-läý,Gültäç jan,gowmy ýagdaýlañ?
Biohimik
26 апр 2022, 21:52
@hiayress sahsy tarapa gecemok yone gowy gyz dp yazdym agamjan;)))
Mümkin
Автор 26 апр 2022, 22:04
biohimik.,
Degişdi how,jigim.Senem ýöne :)
Mümkin
Автор 26 апр 2022, 22:05
biohimik.,
Ugradan kitaplarymy okap başladyñmy?
Cicek
26 апр 2022, 22:26
Belki Belkajyk
Durmush
26 апр 2022, 23:59
Söýgimaý ýene
Mümkin
Автор 27 апр 2022, 03:40
Mahek,
How Gültäç?
Garabufer
27 апр 2022, 05:57
Waheee