Söýýän Tapylmaz

Görk-görmegňe aşyk kändir jahanda, 
Ýöne meniň kimin söýýän tapylmaz. 
“Ugruňda men ölsem” diýer, haçanda 
Ölmeli bolanda, ölýän tapylmaz. 

Aklym alyp, telbe edipdiň meni, 
Gara saçlaň halka eýläp, as meni, 
Säherler oýanyp, bagra bas meni, 
Günortan göreniň öýlän tapylmaz. 

Meger men deý yşga düşen bende ýok, 
Ýalan-ýaşryk näzirgemek sende ýok, 
Şelaýyn söz, boş wadalar mende ýok, 
Men deý dogrujasyn söýlän tapylmaz. 

Yşk bir şöhle, her kim gözün gapdyrar, 
Yşk bir derýa, müň Tahyry akdyrar. 
Oduňda tutaşyp, ýanan tapdyrar, 
Men deý kebap bolup, köýýän tapylmaz. 

Kim ýeter myrada jigerin ýakman?! 
Aşyga, elbetde, örtenmek hökman. 
Waspyňa söz gözläp, gijeler ýatman, 
Gara gözüne ganlar öýýän tapylmaz. 

Dünýä bir ýalançy, boş söze ökde… 
Gaç onuň ýanyndan göterip ökje, 
Aýdýan kändir ýok sözler ýürekde, 
Ýöne çyny bilen öwýän tapylmaz. 

Adam dünýä gelýär ondan ötmäge, 
Gara gözleň çuňlugynda ýitmäge, 
Soňky ýola ugranymda örtmäge 
Don tapylar, sary öýmäň tapylmaz. 

© Atamyrat ATABAÝEW 
4 лайков 97 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
My life
05 май 2022, 10:27
Shu goshgusyny paylashayyn diyip yordum, kop sagboluñ!?