ÖLÜMIŇ ÖŇ ÝANYNDAKY JANHOWLUNYŇ BEÝANY
Abu Hüreýre (Alla ondan razy bolsun):
— Men Resul Hudadan eşitdim. Resul Huda:
— Adam jan berer wagtynda hemme agzalary we hemme süňkleri biri-birine salam berişerler we «Hoş galyňlar, bu gün bir-birimizden jyda düşer gün boldy. Gara topraga goşular gün boldy» diýerler – diýdi.
Ýene Resul Huda:
— Eý meniň ymmatym! Jan bermekligiň gaty muşakgatlydygyny biliň! Çünki ol ýüz mertebe gylyç bilen urandan artykdyr – diýdi.
Resul Huda ýene:
— Her kim ömrüni köp ýaşasa, günä etmese, şol bendede üç zat peýda bolar. Owwal özüni tobadan daş tutmaz. Ikinji az zada hem kanagat eder. Üçünji tagat we ybadata höwesi köp bolar – diýdi.
Ýene Resul Huda:
— Her kim ölümini unutsa, üç zada duçar bolar: Owwal, ol toba etmez. Ikinji, az zada razy bolmaz. Üçünji, tagat we ybadata ýalta bolar – diýdi.
Ýene habarda şeýle diýipdirler. Bir topar kapyr Isa ýüzlenip:
— Eý Isa, sen ölüni direlder sen. Nuhuň ogly Samy direltgil – diýipdir.
— Ol köp öň ölüpdi. Şol wagt Isa:
— Eger Hudaýtagala islese direlderin – diýdi.
— Şol wagt Isa Hezreti Nuhuň ogly Samyň görüne bardy. Iki rekagat namaz okady. Ondan soň dileg edip:
— Eý Nuhuň ogly Sam, turgul! – diýdi. Haktagalanyň emri bilen gör ýaryldy we ondan Sam çykdy. Onuň saçlary we sakgaly agarypdyr. Isa:
— Eý Sam, siziň wagtyňyzda sakgal agarma ýokdy. Seniň sakgalyň näme sebäpden agarypdyr? – diýdi.
Şol wagt Sam:
— Eý Isa, men «Tur» diýen owazy eşidenimde köňlüme kyýamat güni bolandyr. Şonuň üçin «Tur» diýen owaz gelýär. Şol kyýamat gününiň howul-haýbatyndan gorkup, meniň saç-sakgalym agarypdyr – diýdi.
Isa alaýhyssalam aýtdy:
— Eý Sam, siziň bu pany dünýäden öteniňize näçe ýyl boldy.
Sam:
— Eý Isa, meniň bu pany dünýäden ötenime dört müň ýyl bolupdyr – diýdi.
Şakyk Balhy1 (Alla ondan razy bolsun !):
— Halk dört zady dili bilen aýdar we eden işi oňa ters geler: Owwal, biz Hudaýtagalanyň bendesidiris diýerler, emma bendeçilik etmezler. Ikinji, Hudaýtagaladan ryzk ber diýerler. Emma kanagat etmezler. Üçünji, biz ahyrýeti bu dünýäden ýagşyrak görýäris diýerler, emma bu dünýä meşgul bolarlar. Dördünji, ölüm hak we dogrudyr! diýerler, emma ahyrýet gamyny etmezler – diýdi.
Atasy:
70
— Eý oglum, ondan soň bir terezi durar. Ol ony görer. Eger ýagşylygyň köp bolsa, behişde bararsyň, ýamanlygyň köp bolsa, dowzaha bararsyň – diýdi.
Şol wagt oglan ýene:
— Eý ata, «behişt» diýeniň nämedir, «dowzah» diýeniň nämedir? – diýdi.
Şol wagt atasy:
— Eý nury didäm «behişt» diýenim ýagşy öýdür we dürli näz-nygmatdan, rahatlykdan doludyr. Dowzah diýenim içi otdan we zakgundan doly ýerdir – diýdi.
Bu sözi eşidenden soň ol oglan bir ah urup, bihuş bolup ýykyldy. Birnäçe wagtdan soň özüne geldi. Ol ýerden gidip, bir daga bardy we şol ýerde tagat we ybadata meşgul boldy.
Eý Taňrymyz! Hemmäni tagat we ybadatdan aýyrmagaý sen! Ýagşy jemagatlaryň hatarynda etgeý sen!

60комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.