ÖLÜMIŇ ÖŇ ÝANYNDAKY JANHOWLUNYŇ BEÝANY

Abu Hüreýre (Alla ondan razy bolsun):
— Men Resul Hudadan eşitdim. Resul Huda:
— Adam jan berer wagtynda hemme agzalary we hemme süňkleri biri-birine salam berişerler we «Hoş galyňlar, bu gün bir-birimizden jyda düşer gün boldy. Gara topraga goşular gün boldy» diýerler – diýdi.
Ýene Resul Huda:
— Eý meniň ymmatym! Jan bermekligiň gaty muşakgatlydygyny biliň! Çünki ol ýüz mertebe gylyç bilen urandan artykdyr – diýdi.
Resul Huda ýene:
— Her kim ömrüni köp ýaşasa, günä etmese, şol bendede üç zat peýda bolar. Owwal özüni tobadan daş tutmaz. Ikinji az zada hem kanagat eder. Üçünji tagat we ybadata höwesi köp bolar – diýdi.
Ýene Resul Huda:
— Her kim ölümini unutsa, üç zada duçar bolar: Owwal, ol toba etmez. Ikinji, az zada razy bolmaz. Üçünji, tagat we ybadata ýalta bolar – diýdi.
Ýene habarda şeýle diýipdirler. Bir topar kapyr Isa ýüzlenip:
— Eý Isa, sen ölüni direlder sen. Nuhuň ogly Samy direltgil – diýipdir.
— Ol köp öň ölüpdi. Şol wagt Isa:
— Eger Hudaýtagala islese direlderin – diýdi.
— Şol wagt Isa Hezreti Nuhuň ogly Samyň görüne bardy. Iki rekagat namaz okady. Ondan soň dileg edip:
— Eý Nuhuň ogly Sam, turgul! – diýdi. Haktagalanyň emri bilen gör ýaryldy we ondan Sam çykdy. Onuň saçlary we sakgaly agarypdyr. Isa:
— Eý Sam, siziň wagtyňyzda sakgal agarma ýokdy. Seniň sakgalyň näme sebäpden agarypdyr? – diýdi.
Şol wagt Sam:
— Eý Isa, men «Tur» diýen owazy eşidenimde köňlüme kyýamat güni bolandyr. Şonuň üçin «Tur» diýen owaz gelýär. Şol kyýamat gününiň howul-haýbatyndan gorkup, meniň saç-sakgalym agarypdyr – diýdi.
Isa alaýhyssalam aýtdy:
— Eý Sam, siziň bu pany dünýäden öteniňize näçe ýyl boldy.
Sam:
— Eý Isa, meniň bu pany dünýäden ötenime dört müň ýyl bolupdyr – diýdi.
Şakyk Balhy1 (Alla ondan razy bolsun !):
— Halk dört zady dili bilen aýdar we eden işi oňa ters geler: Owwal, biz Hudaýtagalanyň bendesidiris diýerler, emma bendeçilik etmezler. Ikinji, Hudaýtagaladan ryzk ber diýerler. Emma kanagat etmezler. Üçünji, biz ahyrýeti bu dünýäden ýagşyrak görýäris diýerler, emma bu dünýä meşgul bolarlar. Dördünji, ölüm hak we dogrudyr! diýerler, emma ahyrýet gamyny etmezler – diýdi.
Atasy:
70
— Eý oglum, ondan soň bir terezi durar. Ol ony görer. Eger ýagşylygyň köp bolsa, behişde bararsyň, ýamanlygyň köp bolsa, dowzaha bararsyň – diýdi.
Şol wagt oglan ýene:
— Eý ata, «behişt» diýeniň nämedir, «dowzah» diýeniň nämedir? – diýdi.
Şol wagt atasy:
— Eý nury didäm «behişt» diýenim ýagşy öýdür we dürli näz-nygmatdan, rahatlykdan doludyr. Dowzah diýenim içi otdan we zakgundan doly ýerdir – diýdi.
Bu sözi eşidenden soň ol oglan bir ah urup, bihuş bolup ýykyldy. Birnäçe wagtdan soň özüne geldi. Ol ýerden gidip, bir daga bardy we şol ýerde tagat we ybadata meşgul boldy.
Eý Taňrymyz! Hemmäni tagat we ybadatdan aýyrmagaý sen! Ýagşy jemagatlaryň hatarynda etgeý sen!
лайков 517 просмотров
60комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Chelsea
05 май 2022, 11:05
Men we meniň ýalylara mynasyp däl. Biz öz durmuşymyz bilen, bir zatlar döretjek, geljege umyt boljak bolup ýaşap ýören kişiler. Bolanda-da men islemezdim beýdip ýazmaklaryny.
Keaip_begcon,
Akmak sena gurledinow. Name diyyanini gulaklaryň bir esityarmi senin? Wah...
Maksat
05 май 2022, 11:07
Chelsea,
"Nm un depressiya dusmeli? Yonekey adam ya lider(meselem Saparmyrat Nyýazow) olenden son skopkada sol sozi yazmak bolanokmy? Wah kellejiginden aylanayyn."

Saparmyrat Nyýazowyň ruhy syzlady :)) Gardaşym, bu zatlar ýazylyş şekli, dowam edip gelen bir tertip bilen baglanşykly. Hadyslarda we köp kitapda gabat geldim, şeýle ýazylýar. Saparmyrat Nyýazow bolsa dini bir lider däl, beýle prinsiplerde ýaşamady. Biz dini bir döwletem däl, başga döwletlerde her-hili hormat goýýarlar, ýöne döwrebaplaşan dünýäde hemme zat tapawutly. Hadyslardaky kişiler we dünýädäki kişileriňem hemme zady tapawutly.
Maksat
05 май 2022, 11:08
Chelsea,
"Wah kellejiginden aylanayyn."

Meniň kellämden aýlansaň, beýle gury zatlara kelläňi agyrtmanjyk, maşgalaň bilen bolardyň.
Maksat
05 май 2022, 11:09
Chelsea
Men we meniň ýalylara mynasyp däl. Biz öz durmuşymyz bilen, bir zatlar döretjek, geljege umyt boljak bolup ýaşap ýören kişiler. Bolanda-da men islemezdim beýdip ýazmaklaryny.
Keaip_begcon,
Akmak sena gurledinow. Name diyyanini gulaklaryň bir esityarmi senin? Wah...

Hormatdan çykjagyňy bilsem beýdip janygyp düşündirjek bolmazdymda. Ilki edebi şekilde gürleşmegi, biraz garşyňdakylara hormat goýmagy, bir zady görüp garry daýzalar ýaly "waýýýýý olmyyy" diýip haýran galmazlygy öwrenmeli.
Chelsea
05 май 2022, 11:11
Keaip_begcon,
Aý nätdiňaý muny ýigit. Elbetde hormat goýarsyň, hemme adam deň. Ýöne adamlaryň eden işleri, zehinleri, geljege goýan zatlary deň däl. Muny hemme adam başaranok. Başaranda-da goýarsyň, goýma diýýän ýok. Ýöne bu ýerde goýulmagy bir agzalmajak ýaly ýönekeýje mysalda. Haçandan bäri liderleriň aň-zehini, edýän işleri, alyp barýan hereketleri bilen ýönekeý adamyň hereketleri deň bolduka? Liderler beýleki adama liderlik edeni üçin şeýle orunda. Muňa düşünmejek bolsaň, hemme kitaplardaky ol ulaldyp aýdylan sözleri, birek-birege goýlan hormatlary aýyraýmaly.

Ay yigit hormat goyuljak bolsa onda yonekey adamlar beyle zada mynasyp dal hokmunde gurleme. Hokman eden isini olcap goyulmaly zatmy? Elbetde ÝOK. Hemme adamyn basaryan zady den bolmanlygy un goyulmaly dalmi beyle hormat? Elbetde ÝOK. Sebabi hemmeler ol soze mynasyp liderler bn bir hatarda yonekey adamlaram. Dine lider bolany un goyulmaly hormat dal bu
Maksat
05 май 2022, 11:11
Chelsea,
Hm düşündim.
Chelsea
05 май 2022, 11:13
Keaip_begcon,
Şuny ýazanyňda ilkinji gezek eştýän araplaryň täsirinde bolunýarmyş diýip. Awtoryňam bu zatlardan habary bolmadygynam aýdyp bilerin. Bular ýaly zatlary siz tapýaňyz, siz herekede geçirýäňiz.

Ilkinji gezek esdenok muny. Nm sebapden diyilyaninem bilýäň. Hatda awtoram bolyanligine subhelenemok. Yone dinin toruna colasanlar ozlerine aydylandada boyun alanoklar.

Onsanam men muny nysana alanyma sen dusunmansin Han ogul
Maksat
05 май 2022, 11:17
Chelsea,
Başga zatlar bilenem töhmet atmankaň, iň gowsy men goýaýyn. Haçanda Hindistandaky, Trampa hudaý diýip ýören bir adama-da "Alla senden razy bolsun" diýgin. Eger şeýtseň menem muny ýuwaş-ýuwaş endik edinerin))
Chelsea
05 май 2022, 11:20
Keaip_begcon,
Saparmyrat Nyýazowyň ruhy syzlady :)) Gardaşym, bu zatlar ýazylyş şekli, dowam edip gelen bir tertip bilen baglanşykly. Hadyslarda we köp kitapda gabat geldim, şeýle ýazylýar. Saparmyrat Nyýazow bolsa dini bir lider däl, beýle prinsiplerde ýaşamady. Biz dini bir döwletem däl, başga döwletlerde her-hili hormat goýýarlar, ýöne döwrebaplaşan dünýäde hemme zat tapawutly. Hadyslardaky kişiler we dünýädäki kişileriňem hemme zady tapawutly
.
Sena gurledinow. Hehe hadys rowayatlar. Nyýazow dini lider dal, dini lider bolmasa ona sol yokarky (Alla ondan razy bolsun) soz diyilmeli dalmi? Kellan nahili isleyaray. Hatda ozunem mynasyp gorenok. Wahh kellan isleysinden aylanayyn. Eger dine dogry dusunip bilsen bey diymesdin. Yslam dininde her bir adama diyilip bilinjek soz yzyndan. Sen su meselani tanayan mollandan sora. Yone mollasumak bolmasyn. Akylly basly yslamy dogry dusunyan bolsun :)
Dini dowlet bolmasanam yslama uyyan ahyry. Yslama uyyan ahli yurtlarda diyilip bilinjek zat bu.

Men bu Dani -ň yazan zadyna ozi dusunmeyanligi nysana aldym. Hawa dusunenogam eken.
Chelsea
05 май 2022, 11:21
Keaip_begcon,
Meniň kellämden aýlansaň, beýle gury zatlara kelläňi agyrtmanjyk, maşgalaň bilen bolardyň.

Masgalamy unudamok islendik zat bolsada :) Munyn eyyam artykmac. Çyňsaýan güjüjek ýaly bolýa
Chelsea
05 май 2022, 11:25
Keaip_begcon on № 34Şu gün, 11:09
Chelsea
Men we meniň ýalylara mynasyp däl. Biz öz durmuşymyz bilen, bir zatlar döretjek, geljege umyt boljak bolup ýaşap ýören kişiler. Bolanda-da men islemezdim beýdip ýazmaklaryny.Keaip_begcon,
Akmak sena gurledinow. Name diyyanini gulaklaryň bir esityarmi senin? Wah...
Hormatdan çykjagyňy bilsem beýdip janygyp düşündirjek bolmazdymda. Ilki edebi şekilde gürleşmegi, biraz garşyňdakylara hormat goýmagy, bir zady görüp garry daýzalar ýaly "waýýýýý olmyyy" diýip haýran galmazlygy öwrenmeli.

Hormatdan oz ozuni cykaryp otyrsyna. Ozuni beule soze mynasyp gormeyan adamdan basga nama garasjak. Edebi dil bolsun bolmasyn sana sowunc soz aytmadym. Men oz dilimde dusundirip bilyan, sen dusunenok yone. Hayran galyan sen. Bir zady gorsen dogrumy yalnysmy anyrsyna yetman, ylgayan ustune. Garsyndaky ustunirak gurlese senem sondan ustunligini gorkezjek bolup.
Chelsea
05 май 2022, 11:27
Keaip_begcon,
Chelsea,
Hm düşündim.

Düşünmeseňem tapawudy ýokla, gelip cekelesen bolýaň welin jogaplaydymda shlyapa
Chelsea
05 май 2022, 11:30
Keaip_begcon,
Chelsea,
Başga zatlar bilenem töhmet atmankaň, iň gowsy men goýaýyn. Haçanda Hindistandaky, Trampa hudaý diýip ýören bir adama-da "Alla senden razy bolsun" diýgin. Eger şeýtseň menem muny ýuwaş-ýuwaş endik edinerin))

Hindistandaky Trampa huday diyyan yslam dinine uyyamy? Uyyan daldir. Uyyan bolsa bey diymezdi. Alla birdir Muhammet onun resulydyr diyen sozi unutmazdy. Ozune yslam dinine uyyan diyip yslamdan cykan biridir. Sebabi beyledigini Hindistandaky sol adam Trampa huday dp ozinin nahilidigni subut edipdira :):shlayap:
Bahara
05 май 2022, 11:32
Chelsea,
Jow jowleyan gujuk yaly uyrup dursynla. It uyrer kerwen gecer edipdirler hemmesi. Gaytym sena akmak ekenin
Chelsea
05 май 2022, 11:35
Keaip_begcon,
Belki, olam olmezinden has on diyen sozinin yalnysyna dusuner, toba geler. Gunalerini yuwar. Ondan son olse toba geleni un elbetde ony tanayanlar diyip biler. Dininden cykanyna dusunip toba gelip sogap baryny gazanany un diyse bolar, sebabi olam yalnysyna dusunip Allanyň razylygyny gazanjak bolup jan eder
Chelsea
05 май 2022, 11:39
Bahar_Seyimowa,
Chelsea,
Jow jowleyan gujuk yaly uyrup dursynla. It uyrer kerwen gecer edipdirler hemmesi. Gaytym sena akmak ekenin

20 sany nik acyp her acan temana like goyup berjek senin. shlyapa nm un diyyanime dusunensinle :))
Men pikirleeimin dyrnagyna iňňe sokulyan yaly bolanyny bildirdiň. Yogsa sahsyyetime sowunmezdin ayal doganym.
Bir uly hekayany ýoýup paylasmazdyn idili adam bolsaň, ya planca like bolsa goyjal diymezdin akylly bolsan
Chelsea
05 май 2022, 11:40
Bahar_Seyimowa,
Teswirlere dusunyanmi bir özi?:) Dusunyan dalsiňle
Biohimik
05 май 2022, 12:05
Chelsea,
Dost duzuw birisin diyyadim gatam gorme erbet zadam diyemok yone ynamdan gacjak bolyan ilki diyjek sozuni dernap gormeli olcap gormeli kella gelenni yazmaly dalde.
Muhammet pygamberin adynyn yzyndan son S.A.W (sallalahy aleyhi wesselem) allahyn resuluna salamlar bolsun yada hamd getirmegin bir usuly
A din ugrunda hyzmat edenlerin meselem sahawalaryn yada ishan ymam dini alymlaryn yslam ugrunda goreshen adamlaryn ady tutulanda R.A radiallahu anh allah ondan razy bolsun diyilya bu bir dinimizde hormat goymak. Hokmany goyulmaly!
Turkmenlere name ucin goyanyzok diyipsiñ! Birinjiden olaryn derejesine yeten kishi yok edil suwagt bar bolandada gadymda yslam dorande yayrap bashlanda bolan soweslerde edilen wagyzlarda cykysh eden adamlaryn adynyn yzyndan olara salam yollamak ucin hormat ucin edilyar.

Dinden habarynyz yok şekilli.
Hemem hayys mollasumak diymañ.
Biohimik
05 май 2022, 12:07
Cekelesere yagdayym yok yone dusundirmek ucin yazdym
Biohimik
05 май 2022, 12:08
@dani gowy zatlar bar bu kitapda doly okasañ;)))
Chelsea
05 май 2022, 12:18
biohimik.,
Men S.A.W diyip yazmasyn diymedim. Yone kabiriler sony yazmasa hamala ozuni gunali hasaplayalar. Diyjek bolyanym dine Muhammet pygamber diyilsede dogry. Indi dinsumaklar kopelenson, dini arka tutunyp bolgusyz dusunjeleri yaslara guyyalar, gorkuzyalar welin diymeli bolyan. Sebabi diyyan zadymy realda goremson aytyan. Gury yere aydamok. Sol S.A.W sozuni yazmasanam pygamberi kemsitmek bolya dp biderek dusunje bn yaslary gorkuzyalar welin aytdym. Yenede diyyan dine sadaja Muhammet pygaber diymek hem erbet dal.
Biohimik
05 май 2022, 12:27
S.A.W diymek salam yollamak
Gysgaca salawat aytmak .
Meselem doga dileg edilende yas yerlerde ilki salawat aydylya son ayatlar okalya dileg edilya yzyndan yene salawat aydylyar
Yalnysh yola dusmezlik ucin internetde dalde real dirmushda metjitlerde mollalardan dini ktaplardan hadyslardan owrenseler dogry bolar
Ahally
05 май 2022, 12:48
Awtor sag bol ýetireniňe we ýene-de ýetirip dur.
Biohimik
05 май 2022, 12:58
Chelsea,
Shony aytmak hokman hormat etmedik yaly bolya
Meselem bir yogalan garyndasy yatlasan yatan yeri yagty bolsun diyyaña
magtymguly
05 май 2022, 14:08
Bir topar kele agyry
- Dani
Автор 05 май 2022, 17:03
biohimik.
Chelsea,
Dost duzuw birisin diyyadim gatam gorme erbet zadam diyemok yone ynamdan gacjak bolyan ilki diyjek sozuni dernap gormeli olcap gormeli kella gelenni yazmaly dalde.
Muhammet pygamberin adynyn yzyndan son S.A.W (sallalahy aleyhi wesselem) allahyn resuluna salamlar bolsun yada hamd getirmegin bir usuly
A din ugrunda hyzmat edenlerin meselem sahawalaryn yada ishan ymam dini alymlaryn yslam ugrunda goreshen adamlaryn ady tutulanda R.A radiallahu anh allah ondan razy bolsun diyilya bu bir dinimizde hormat goymak. Hokmany goyulmaly!
Turkmenlere name ucin goyanyzok diyipsiñ! Birinjiden olaryn derejesine yeten kishi yok edil suwagt bar bolandada gadymda yslam dorande yayrap bashlanda bolan soweslerde edilen wagyzlarda cykysh eden adamlaryn adynyn yzyndan olara salam yollamak ucin hormat ucin edilyar.

Dinden habarynyz yok şekilli.
Hemem hayys mollasumak diymañ.

+++++
- Dani
Автор 05 май 2022, 17:22
Chelsea,
Men bu Dani -ň yazan zadyna ozi dusunmeyanligi nysana aldym. Hawa dusunenogam eken.

Meni diňle daýymy sen,ýa başka zatmy sen..Ilki bilenä bärde AKYLLYSYRAMA, men bu mowzygy ÖZIM üçin paýlaşdym,sebäbi men durmuşda-da we realda-da GÖNI PIKIRIMI AÝDYP adamyň göwnine degýän gyzlardan..we şeýle häsiýetim sebäpli men aram-aram otyryp ökünýänem..ýöne arada bir joram AJAÝYPLYKLARYŇ DÜRI atly kitaby maslahat beripdi,şol kitabyň şu ÖZ MOWZYGYMDA PAÝLAŞAN temamy ÖZIM HAKDA AÝDYLÝANYNY,ýagny adam ýogalanda o dünýä baran wagty TEREZIDE ýagşylyk we ýamanlyk ýagny has takyky EDEN IŞLERI ÖLÇENÝÄNLIGINI okap,bir tarapdan öz eden işlerime ökünip PAÝLAŞAÝDYM!



Ýöne näme üçin temama degişli teswir goýmagyň deregine, sen nirdäki SKOPKALARA YRSARAP dursyň?! dini bilýänleri üçin ýaýyň içinde ALLA RAZY BOLSYN diýen sözleri okap sen janygyp durmydyň? Aslynda-ha meniň durmuşymda biri ýogalandan soň gepiň arasynda şol ÝOGALAN adamyň ady agzalanda ÝATAN ÝERI ÝAGTY BOLSYN,GOWY ADAMDY diýip geçýärler,menem razylaşýan,menem şeýle diýýän...diýjek bolýanym IMENNO MEN prostoý ýagny YMAM ýa MOLLA adam bolman dünýeden öten adam bolsada ÝATAN ÝERI ÝAGTY BOLSYN diýýän, we men bir zada HAÝRAN GALÝAN:
" SEN haýsy kelläň bilen meniň şu mowzygymyň üsdi bilen MENIŇ DÜŞÜNÝÄNMI ÝA DÜŞÜNMEÝÄNIMI aňyp bildiň? näme, eýsem 1 mowzygyň üsdi arkaly ADAMYŇ KIMLIGINI WE NÄMÄ DÜŞINIP we DÜŞÜNIP BILMÄNLIGINI bilip bolýarmy? tobbaaaa, bagyşla welin seniň bärde akyllysyrap duranyň haýry ýokdyr,sen gaty MEN HAKDA temboli werualda açan mowzygym üsdi bn baha berip durýan bolsaň ÝALŇYŞÝAŇ



wiii onsoňom, DURAK sözini agzap geçipsiň welin, DURAK diýlen söziň manysyna nähili düşünýäň sen?
Biohimik
05 май 2022, 17:45
- Dani,
????
+++++++
Ogulgerek
05 май 2022, 18:26
ýetireniňe minnetdar popkorn
Michael
06 май 2022, 02:23
Keaip_begcon,
? ☺️