Dostluk

Öňden aýdylypdyr dostluk hakynda,
menem aýtýan Alla şükür dosdum bar ,
ýöne olaň her häsiýetli akyly bar,
degişgeni, şorta sözli dosdum bar,

Biri aladaly, etýän goşy ýok,
ýene biri, hysyrdyly boşy ýok,
käbirisi, etsem petsem, işi ýok,
işe werziş , hemem ýalta dosdum bar,

uzyny bar, keltesi bar, orta bar,
dymmasy bar, göni sözli morta bar,
käbirisi, söz diňlemän ortalar,
garaz şonuň ýalyrajyk dosdum bar,

käsi pully, käsi pula garypdyr,
biri, medenýetli, biri göripdir,
ýene biri sözi bilen taryplar,
eden işiň, baha berýän dosdum bar,

biri serhoş gezer, biri humarbaz,
humar tapsa, saňa gezegi bermez,
okumyşy bar, biri gurrandaz,
Gurra taşlap, bähbit beren dosdum bar,

biri ýalançydyr, biri akylly,
birisi kel biri bolsa çokully,
ýene biri eden zady jedelli,
jedel tapsa, nan iýmeýän dosdum bar,

wezipeli bolsaň, işiňi söýer,
saçaga hormat goýup aşyňy söýer,
käsi seniň üçin işini goýar,
jan diýeňde janyn berjek dosdum bar,

salyhatly, şükür edip gezýän bar,
nebis diýip, nebisden öň ozýan bar,
kemiň tapsa, saňa şorta düzýän bar,
ýykylaňda, üstüňden gülen dosdum bar,

käbirisi syryň ile paş eder,
käbirisi kemiň gizläp ýaşadar,
ýene biri, göwnüň awlap, hoş eder,
ýalan sözli alçak ýigit dosdum bar,

dosdum diýip kemin aýtma eý ynsan,
tarypyn ýetir, dosta dost bolsaň,
köstsizem bolsun, köstlisem bolsun,
Şükür Alla dostsuz däl men dosdum bar.
R. Mämetgurbanow
1 лайков 77 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.