Ah, ejemjan gark bolar şor damjalaň astynda.

Ýaş ölümiň ünjüsi.

Gabryň içi sowukdyr, kändir onda mör-möjek,
Bu zatlar jansyz tene bildirmez-ä aslynda.
Taňrym göwne düwüpdir, Ezraýylmy gynanjak,
Ýok bolaýmak kyn ýöne, ömrüň bahar paslynda.

Belki, bu-da bähbitdir, gitsem köp dälkä günäm,
Bu gün bolmasa ertir gitmeli-hä aslynda.
Asy bolmak kyn işdir, sorag ederler menem,
Ol ynjar meni görse agyr günäň astynda.

Söýmedim, söýülmedim, söýenim düýulmady,
Ýöne kim bilýär, belki, nämbar gyzlaň aklynda.
Bir gözel söýdüm diýip, ýassyga başyn goýup,
Utanjaň-da gyz halky, aglaýandyr ahmyrda.

Jan süýji, hezil durmuş, gör, arman ýüzi gurmuş,
Demim tutup sanap dur, ajal meniň kastymda.
Men-ä hiç zat duýmaryn, ýigrenmerin, söýmerin,
Ah, ejemjan gark bolar şor damjalaň astynda.


Baýram AKATOW.
2 лайков 98 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress
11 май 2022, 09:54
Bu-la birhili samrama ýaly birzat bolupdyr. :)