Öýlenjek

Otyrdyk üýşüp, doslarmyz bilen,
Şagalaň guruşyp, aýdym-saz bilen,
Birden, böküp turdy Agajan ýegen,
diýdi: rugsat bolsa, menä öýlenjek,

Rugsat Alladandyr, söz berme gury,
diýdikde... gülüşdik dostlaryň bary,
bir görsek gahar edip Atajan Nury,
diýýär: nä gülýäňiz menem öýlenjek,

Dogry aýdýarlar, diýdi, kijijek Bäşim,
Öýlenmäge ýetipdir, meniňem ýaşym
sallah bolup, galyň, siz bäşi:ň
Hak sözümdir dostlar menem öýlenjek,

Sallahlaryň sany bäş bolup galdy,
birdenekä, sanymyz dörde öwrüldi,
Babyş Kadyram gülip, ýerinden turdy
Rugsat bolsa dostlar, menem öýlenjek,

Geň zat, öýlenýärler gezekme-gezek,
pikir etdim, indi men bolsam gerek,
onýança böküp turdy dost, Myrat Pirek,
Ýagşy niýet dostlar menem öýlenjek,

Üç bolduk, dymyşdyk, ses gelýär ýerden,
Çydam edip bilmän, turdyda birden.
iki bolup, galyberiň diýdide Merdan,
Nesip etse, dostlar, menem öýlenjek,

Indi otyrys.... ikimiz gülmän,
oglanlar diýişdi:
Oturma, Görogly Pälwan,
şonsuzama: sen soňuna galýaň,
Olam diýdi: aý, näme, menem öýlenjek,

Ahyry maňada gezek berdiler,
sen öýlenjek dälmi? diýip, sorag berdiler,
Sorag berip meni совсем goýdular,
Hany aýt dostum haçan öýlenjek,

Nämä otyrsyň, tura Remezan,
birzatlar aýdaý diňläli senäm,
ýa-da aýt, sende ýokmydyr sonaň,
hägä...dostlar ýogsam öýlenjek,

Agalar, sallah bolmak örän kyn eken,
ondada, dostlardan galaýsaň ýeke,
weşeň-weşeň puluň, kän bolsa eken,
onda dostlar, bir däl, ikem öýlenjek,
ýene, rugsat bolsa, üçem öýlenjek,
dörde, bäşe, alta, ýedä ýetirdik,
birini başarmak kyn şolam ýeterlik.

R.Mämetgurbanow
imo: 62170536
3 лайков 159 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Biohimik
12 май 2022, 13:39
Menem oylenjek))
ajy
12 май 2022, 13:44
Nämmyşaýytberýä?
Remezan
Автор 16 май 2022, 21:42
biohimik.
Menem oylenjek))

Rugsatdyr öýlen