Çagalygy ýatlalyň :)
AKJA KEPDERI
Baglar gül açdy, bahar -ýaz geldi,
Guşlar saýraşdy, ördek-gaz geldi.
Garaşýan saňa, akja- kepderi,
Gel sen salama, geç-de köp ýeri.
Akja kepderi,
Oýna erkana.
Päk asmanymda
Ýaýna erkana.
Rahatlyk guşy, göwnümiň hoşy,
Sen bezeg dünýä, aýdymlaň başy.
Ýaý-da ganatyň, gel sen ülkäme,
Ülkäm baý meniň, aýdym mukama.
(Hudaýguly Allamyradow)
MEKDEBIM
Eý, mekdebim jana-jan,
Saňa bolan söýgim kän.
Sen misli enem deýin
Bakdyň maňa mähriban.
Şatlykly wagtym-da sen,
Şöhratly bagtymda sen.
Adamzadyň geljegi
Ylym daragtymda sen.
Kitap berdiň goluma,
Aýdym berdiň dilime.
Ýene öňe gitmäne
Ýagty saçdyň ýoluma.
Barýaryn öňe, mekdep,
Ýol açdyň maňa, mekdep.
Bütin geljegim üçin
Minnetdar saňa, mekdep!
(Nury Baýramow)
AK PAGTA
Pagta çigdin ekdik
Mekdep ýanynda.
Güberipjik çykdy
Bahar aýynda.
Ak pagtam,
Gülleriňi aç.
Ak pagtam,
Dünýä nuruň saç.
Gün nurun howa dek
Sorup özüne,
Açylýar pagtalar
Yzly-yzyna.
Ak pagta tabşyryň
Harmanlarymyza.
Täze eşret berýär
Watan ýazyna.
(Kerim Gurbannepesow)
GAR ÝAGÝAR
Gar ýagýar-a
Gar ýagýar,
Daş-töwerek
Agarýar.
Goja boldy
Ýowşan bary.
Sakgal edip
Akja gary.
Gökje borjak
Ak don geýip,
Bu görnüşe
Edýär keýip.
Oý düzlendi,
Ýap gizlendi.
Uzyn jarlar
Tekizlendi.
Aýdyň indi,
Nätmek gerek?
Ynamlyja
Ätmek gerek!
(Giçgeldi Aşyrow.)
MENIŇ GAPJYK TAPYŞYM
Suwa düşeýin diýip,
Barýan wagtym ylgapjyk,
Tapdym ýoluň ugrundan,
Içi doly pul gapjyk.
Futbol oýnarym ýaly,
Pökgi alaýyn diýdim.
Gawun dilerim ýaly,
Çakgy alaýyn diýdim.
Ýazda geýerim ýaly,
Çepek alaýyn diýdim.
Gyşda geýerim ýaly,
Telpek alaýyn diýdim.
Garda gezerim ýaly,
Ädik alaýyn diýdim.
"Ýöne iliň puluna
Nädip alaýyn?" diýdim.
Kim ýitirdi, sesleniň,
Içi doly pul gapjyk?!
Sag bol alsam bes maňa,
Eltip berjek ylgapjyk.
(Hemra Şirow)
Baglar gül açdy, bahar -ýaz geldi,
Guşlar saýraşdy, ördek-gaz geldi.
Garaşýan saňa, akja- kepderi,
Gel sen salama, geç-de köp ýeri.
Akja kepderi,
Oýna erkana.
Päk asmanymda
Ýaýna erkana.
Rahatlyk guşy, göwnümiň hoşy,
Sen bezeg dünýä, aýdymlaň başy.
Ýaý-da ganatyň, gel sen ülkäme,
Ülkäm baý meniň, aýdym mukama.
(Hudaýguly Allamyradow)
MEKDEBIM
Eý, mekdebim jana-jan,
Saňa bolan söýgim kän.
Sen misli enem deýin
Bakdyň maňa mähriban.
Şatlykly wagtym-da sen,
Şöhratly bagtymda sen.
Adamzadyň geljegi
Ylym daragtymda sen.
Kitap berdiň goluma,
Aýdym berdiň dilime.
Ýene öňe gitmäne
Ýagty saçdyň ýoluma.
Barýaryn öňe, mekdep,
Ýol açdyň maňa, mekdep.
Bütin geljegim üçin
Minnetdar saňa, mekdep!
(Nury Baýramow)
AK PAGTA
Pagta çigdin ekdik
Mekdep ýanynda.
Güberipjik çykdy
Bahar aýynda.
Ak pagtam,
Gülleriňi aç.
Ak pagtam,
Dünýä nuruň saç.
Gün nurun howa dek
Sorup özüne,
Açylýar pagtalar
Yzly-yzyna.
Ak pagta tabşyryň
Harmanlarymyza.
Täze eşret berýär
Watan ýazyna.
(Kerim Gurbannepesow)
GAR ÝAGÝAR
Gar ýagýar-a
Gar ýagýar,
Daş-töwerek
Agarýar.
Goja boldy
Ýowşan bary.
Sakgal edip
Akja gary.
Gökje borjak
Ak don geýip,
Bu görnüşe
Edýär keýip.
Oý düzlendi,
Ýap gizlendi.
Uzyn jarlar
Tekizlendi.
Aýdyň indi,
Nätmek gerek?
Ynamlyja
Ätmek gerek!
(Giçgeldi Aşyrow.)
MENIŇ GAPJYK TAPYŞYM
Suwa düşeýin diýip,
Barýan wagtym ylgapjyk,
Tapdym ýoluň ugrundan,
Içi doly pul gapjyk.
Futbol oýnarym ýaly,
Pökgi alaýyn diýdim.
Gawun dilerim ýaly,
Çakgy alaýyn diýdim.
Ýazda geýerim ýaly,
Çepek alaýyn diýdim.
Gyşda geýerim ýaly,
Telpek alaýyn diýdim.
Garda gezerim ýaly,
Ädik alaýyn diýdim.
"Ýöne iliň puluna
Nädip alaýyn?" diýdim.
Kim ýitirdi, sesleniň,
Içi doly pul gapjyk?!
Sag bol alsam bes maňa,
Eltip berjek ylgapjyk.
(Hemra Şirow)
13комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.